Ömrümiň çakmak daşy

    Žurnalistiň iň ýakyn, ýürekdeş dosty ýandepderçesi bolmaly. Ýyllar, ýazlar, ýollar, güýzler...
    Olar seni gije ýatyranok, gündiz oturdanok. Özüňe dözmäge, ukudan galmaga, uzak-uzak ýollary sökmäge — ýok, kaýyl däl, hut höwesli edýär. Täsin iş saparlarynyň barşynda ýygnalan ýatlamalar, inçe bellikler, gülküli ýomaklar, ganatly pikirler, nepis deňeşdirmeler uzagyndan gymmatly hazyna öwrülýär. Olary ýandepderçäňe örklän syýa, wagtyň geçmegi bilen solýar, hatlaryň sudury ýiteňkirleýär. Ýatlamalaryň güýji welin ýyl geçdigiçe diňe ýitelýär. Olaryň gadyr-gymmaty hijem solanok. Güýzüň köňül bosagasynda ätlesem-ätlesem diýip ýaýdanjyrap duran häzirki günlerinde şeýle ýatlamalaryň biri hakydamda öz-özünden janlanýar...
                                        * * *
    ...1991-nji ýylyň güýz aýlarydy. Günleriň birinde meni işdeş ýoldaşlarym bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna iş saparyna ýolladylar. Ugramazymyzyň öň ýanynda baş redaktor gara, çarçuwaly ullakan äýneginiň astyndan redaksiýanyň tabşyrygyny mälim etdi:
    — Kaka etrabynyň Gozgan obasyna gidersiňiz. Ol oba ömrüni çopançylykda geçiren, zähmet gahrymany Öwelek Ataýewiň dogduk obasy. Baryň, maşgalasy bilen tanşyň, obadaşlary bilen gürrüňdeş boluň. Ýöne çenim çen bolsa, ýazylmaly oçerkiň baş gahrymanyny aňsat-aňsat öýünde tapmarsyňyz. Işjanly çopan setanda-seýranda öýüne aýlanaýmasa, ömrüni çölde geçiren. Esasy işiňiz şo ýerde biter. Gürrüňdeş boluň, diňläň. Gözlüje boluň. Ýoluňyz ak bolsun!
    Başlykdan ak pata alyp, ýola düşdük. Dag eteginde ýerleşen obanyň sadadan göwnaçyk adamlary biziň baranymyza diýseň hoşal boldular. Aýdylyşy ýaly, Öwelek aga çölde, süriniň başynda ekeni. Kän eglenmän, salgy alyp, göni çopan goşuna ugradyk. Ynha-da, gözüňe söweýin Gyzylkak oýunyň ak sährasy eliň aýasyndaky ýaly ýazylyp ýatyr. Heniz gyýagy ajap ýetişmedik güýzüň sypaýyja şemalyna ygşyldaşyp oturan garagandyr ýylgynyň, gyzyl reňke boýalyp oturan şora ýaly beýleki çöl otlarynyň ysy seriňi sermest eýleýär.
    Gözýetimde çopan goşy göründi. Ulagymyz çopan öýüniň beýleräginde säginen badyna, daýanykly alabaý itleriniň ikisi uly goh bilen «garşy aldy». Geň ýeri, hol beýle ýanda elini eliniň üstünde goýup ýatan bir it başyny ýerden galdyraýynam diýmedi. Daş sypatyndan gaty arkaýyn göründi. Itleriň sesine egnine ýeňiljek donuny atynyp Öwelek aganyň özi çykdy. Itleriň sesine «suw sepilen ýaly» boldy. Eýesini gören badyna, olar ýitirim boldular.
    Çopan aga bizi güler ýüz bilen garşylady. Saglyk-amanlyk soraşylyp çopan goşa girip barýarkak, sessiz-üýnsüz ýatan it barada gürrüň çykdy:
    — Öwelek aga, tüweleme, itleriňiz-ä gaty haýbatly ekeni. Şeýle goragyň barka, süriňden arkaýyn bolubermeli. Ýöne bir itiňiz ýaltarak öýdýän, gelenimizde başynam galdyrmady — diýdim.
    Çopan aga birhili ýazykly gürledi:
    — Adam pahyr çig süýt emen-dä, ýalňyşaýýan ýerimizem bolýar-da. Düýn ýarygije sürä möjek aralaşypdyr. Çolugym bilen öýden çykýançak, itleriň sesi ummadan aşdy, «çal kezzap bolsa eýýäm «ýazzyny ýasapdyr». Janyny gutarsa, kaýyl bolan bolmaly. Garaňkyň içinde daş-töwerege seretdim welin, çopan itlerimiň ikisi haýbat bilen üýrüşip, wagty bilen köşeşenok, üçünjisi welin bir ýanda bagryny ýerden galdyrman ýatyr. Bä-ä, janlarym, mundan öň onuň beýle edýän ýeri ýok-la, bu näme boluş-ka?! Halys ýaltalyk edäýýärmikä?! Bolýan zatlara girre gaharym geldi. Gazabyma bäs gelmän hyrçymy dişledim-de, «Haýt, ýal ýagysy diýsäni» diýip käýindim, çopan taýagymy aýlap goýberdim. Taýak bijaý degen bolmaly. Gözedürtme tümlükde it bir jowrandy, soň sesi çykmady.
    Irden oýanan badyma, gijeki wakalarda rejäniň geň däldigini duýdum. Näçe garansamam, Aždara gözüm düşmedi. Ahyry ony ho-ol beýledäki ýylgynlygyň içinden tapdylar. Janawaryň endam-jany pers-ala edilipdir. Gijeki çal galtamanyň garşysyna ilki bolup şol çykan bolsa nätjek?!
    Oglanlar ýaradar wepalyny goşa göterip getirdiler. Kellegyzgynlykdan eden hataly işime ökünmek-ökündim. Ýylmanak ardylan çopan syrygy öz ýagyrnymy «gyzdyran» bolsa, ýeg boljak ekeni. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýleni çyn. Çopan iti ýaly düşbi haýwan barmykan?! Meniň ýagdaýymy it sözsüz duýdy, muny bilýän. Ýöne namysjaň janawaryňam haly harap. Gapdalyndan geçenimde gözüni galdyrmady, tabagyna guýlan ýalyna golaýlamadam. Zyýany ýok, açylyşar. Del adam gelende başyny galdyrmanam şondan. Ýöne daşyndan seredip, arkaýyn bolmaň. Gerşiniň tüýüniň syh-syh bolşuny görýäňizmi? Sähel ters hereket eden bolsaňyz, göni topular. Şo pursat ähli kine ýatdan çykýar, sebäbi ol öz öýüni goraýar ahyry...
    Çopan aga bize mürähet etdi. Öwelek aganyň öňem myhmany bar ekeni. Şol gün çopan goşuna tanalýan atly bagşy Öwezgeldi Tekäýew gelipdir. Saz-söhbediň gapdaly bilen edilen gürrüň diýseň siňňitli boldy.
    Çoluk ýigit derrew sazagy otlap, goşda tüňçe çaýyny gaýnatdy. Sähel salymdan gyzgyn çägä gömülen etli işlekli hem ýetişdi. Gazanda bygyrdap duran öweç etiniň ýakymly ysy arassa howada burnuňa şeýle hoş ýakaýşyny diýsene! Dürli otlar atylyp demlenen çaýyň başynda bagşynyň aýdan aýdymlary arzuwçyl köňlüňi älem seýline çagyrýan ýaly-la: «Ol barýan ýara meňzär, meňzär...».
    Gün guşluk boluberende, saçaga yzly-yzyna nahar çekildi. Duz-emek edilenden soň, Öwelek aga bagşa ýüzlenip:
    — Öwezgeldi halypa, gapböwürde goýan gyjagyňy ele alaýsaň nähili bolarka? «Özüňe goýan» sazlaryňdan birki sanysyny gaçyraýsaň, gulagymyzyň «posuny» açardyň. Şeýdäýseň-ä, armanym galmazdy. Şu wagt diýeniňi berjek-dä, sora ... — diýdi.
    Bu ganatly sözlere Öwezgeldi bagşy loh-loh edip güldi:
    — Geregiň saz bolsun, Öwelek aga — diýdi-de, eline gyjagyny aldy.
    Ussadyň elinde gyjak jan aldy, oňa dil bitene döndi. Şadyýan saýrady, zaryn aglady. Begendi, gam çekdi, oýa batdy, bizem çuň oýlanmalara batyrdy. Diňe bir žurnalist depderçämde däl, hut ýatlamalar düwünçegimde baky terligine galan şol ýatlamam ömrüme gyjagyň mukamy bolup siňipdir.
    ...Durmuş diýeniň hemişe ýylmanak bolanok. Synly, synagly günlerem bolýar, şonuň üçinem oňa durmuş diýilýär. Magtymguly atamyz: «Başyň ýassyga ýetende, sabyr-takat galmaz sende...» diýipdir-ä. Nämälimlik uzagyndan basyrgandyrýar, wagtal-wagtal köňül kejebäňi daraldýar. Şeýle pursatlarda seni çyn dostlaryň gam oýundan sogrup alýar, ýüregiňi özüniň mähir ýylysy bilen ýagtyldýar. Şeýle günleriň birinde hassahananyň otagyna aýdymçy Göwher Ilmedowa jigisi Kerim bilen girdiler. Birsalym oturdyk, geçen günleri ýatladyk. Birdenem Kerim maňa bakdy-da:
    — Aýtsana, göwnüň näme küýseýär. Diliň sözlese bolýar, aýt... — diýdi.
    Aýdymçy ýigidiň bu sözlerine bokurdagym doldy. Bogazyma tegek bolan gyzgyn düwüni zor bilen ýuwdup, bu zatlary aýdanymy özümem duýmadym:
    — Gyjagyň sazyny küýseýän, Kerim jan. Onuň zaryn sesinden gulagym ýene bir gezek gansady — diýdim.
    Sypaýy ýigit derrew ugruny tapdy:
    — Geregiň saz bolsun, Aknur gelneje! Ýöne edil häzir bu ýerde saz çalsam, ýatan beýleki adamlaryň bimaza bolmagy mümkin. Men size gyjak sazynyň ýazgylaryny getirip bereýin, gulaga dakylýan ýörite enjamyň kömegi bilen gije-gündiz diňläbermeli, noş janyňa.
    Kerim beren sözünde tapyldy. Onuň getiren ýazgylaryny gulagymdan aýyrman diýen ýaly diňledim. Gyjagyň sazy bilen ukladym, şoň bilenem oýandym. Günler, tükenmez uzak gijeler, däri-dermanlar, halyňy soramaga gelýän adamlar, umytly hem umytsyz ýüzler... Olaryň ählisi gyjagyň mukamyna çümüp gitdi. Lukmanlaryň şeýle garaşdyran, ýakyn-ýadymyň ýüzüni ýagtyldan:
    — Siz gutuldyňyz. Siz ýowuz keseli ýeňdiňiz. Ýaşaň! — diýen sözlerem, göz okaralarymy gyzgyn ýaşa dolduran şol arzyly pursatlaram hakydamda «Nasrowjanyň» owazy bilen örklendi. Bu çyn gudrat dälmi, eýsem?!
                                        * * *
    Iş otagymda penjiräniň öňünde durup, güýz sarylygyna pynhanlyk bilen diňşirgenip duran dünýäni synlaýaryn. Dünýäler barlyk, dünýäler gözellik! Başbermez hakydam bolsa ýatlama ýumagymyň ujuny ýene-de ýaşlygymyň şo-ol güýz gününe dartýar.
    ...Saz-söhbet mazaly gyzyşypdy. Öwelek aga bagşa gök çaý guýmakçy bolup elini çäýnege uzatsa, çäýnek boşan ekeni. Çopan aga maňa ümledi:
    — Aknur, gyzym, zähmet görme-de, kak suwundan tüňçeleri dolduryp, köze söýäý-dä. Kakyň suwy bulançagrakdyr, oňa çakmak daşyny atsaň, derrew durlanar...
    Durmuşyň bulançagrak günlerem şeýle bolmaly diýen täsin pikir serimde aýlanýar.
    Durmuş dowam edýär. Ýaşaýşyň ümzügi öňe!
    Ylaýym, size uzak ýaş bersin, ýowuz günümde ömür bulagyny çakmak daş ýaly durlan mähribanlarym!
                                        Aknur ATAÝEWA.