Başymyň täji tahýa

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli lybaslarymyzyň gadymy nusgalary halkymyzyň geýinmek medeniýetiniň ýokary bolandygyny görkezýär. Muňa milli egin-eşiklerimiz bolan başatgyç, kürtedir çyrpy, ýelek, don, çabyt, erkek adamlaryň ezýaka, çäkýaka köýnekleri, çäkmendir possunlary, tahýadyr börükler, çagalaryň sümmen tahýalary, gyzlaryň gültahýalary mysal bolup biler. 
    Türkmenler başyň açyk gezmegi aýyp hasaplapdyrlar. Şonuň üçin hem öz başgaplaryny ýaş aýratynlyklaryna görä tikipdirler. Gyzjagazlara, durmuşa çykmadyk gyzlara gültahýa, durmuş toýunda geýmek üçin çykyş tahýa ýa-da dürli ýaşly zenanlar üçin dürli görnüşli başgaplary taýýarlapdyrlar. Erkek kişileriň başlary elmydama ak gaýma tahýaly bolupdyr. Ak gaýma tahýa ak ýoly, agzybirligi aňladypdyr. Depesine salynýan gülýaýdy nagşy bolsa nesilleriň dowamat dowam bolmagyny aňladypdyr. Ak gaýma tahýanyň ak nagşy «süňşük» diýlip atlandyrylypdyr.
    Türkmenlerde başgaplaryň her bölegi aýlanyp biçilýär we tikilýär. Tahýalar, esasan, keteni, setin, gyraw ýaly berk matalardan tikilýär. Ulurak ölçegli gültahýanyň depesini biçmek üçin bir sere inedördül keteni böleginden 15 sm bolan tegelegi gyrkyp almaly. Onsoň tegelegiň diametrini 14 sm edip, gyrasyny epläp, ýygyja sanjym bilen depjemeli. Soňra ketenini inedördül 3 gat çit matanyň üstünde goýup, ortasyndan başlap, atanaklaýyn kök atmaly we gyrasyny içlige depjemeli. Depäniň gyrasynda pugtama üçin 4 mm ýer goýmaly-da, depäni «çopantelpek güli» görnüşinde 8 bölege bölüp, garalamaly, gyýak ýerini, keşde ýerini bölmeli. Ony elde garalasaňam, maşynda gaýasaňam bolýar. Tahýanyň depesi ilki goňur gyýaklar bilen garalanýar. Soň sarylanyp, aklanýar. Keşdeler çekilende, ilki garalanyp, soň sarylanyp, iň soňunda hem aklanýar. Tahýa etekden we depeden durýar.
    Tahýanyň etegini biçmek üçin keteniden boýy 29 sm, ini 8 sm ölçegde iki gat edip gyrkyp almaly. Soň iki gat keteniniň uzynlygyny 27 sm edip, ýygyja depjäp, 8 ýerinden dan almaly. Dan ketenini her gezek iki eplemek bilen depjemeli. Danyň başlanýan ýerini 2 epläniňde 5 mm bolmaly. Soňra keteniniň ini 6,5 sm bolar ýaly edip, iki gyrasyny epläp, ýygyja depjemeli we içligiň hem 8 ýerinden dan alyp, ikisini bile tutup, kök atmaly. Soňra «tegbent», «jähek» ýerini goýmaly. Onsoň etegi 12 hana bölüp, garalap gyýaklaryny, ýaprajyklaryny, güljagazlaryny keşdelemeli. Gültahýanyň depesine «gülýaýdy» nagşy hem salynýar.
    Keşdelenen depe bilen etegi bir-birine birikdirmek üçin depäniň töweregindäki işligi gyrkyp aýyrmaly. Soň depäniň we etegiň keşdeli ýüzüni içine epläp, epiniň uçlaryny çatmaly. Şeýdip, sekiz ýerinden çatmaly-da, depäni etege endigan tikmeli. Soň etegiň gyrasyndaky içligi depä tarap ýykyp ýabşyrmaly. Etegine ýaşyl jähek, jähege «aldymgaç» ýüpi tutulsa, gültahýa owadan bolýar.
    Gültahýanyň depesiniň etegine birikdirilýän ýerine «ýylanagzy» nagşy salynýar. «Ýylanagzy» nagşy ýaman niýetlerden, daşky howp-hatarlardan goraýar diýlip ynanylypdyr. Tahýanyň gyrasyna salynýan «tegbent» nagşy özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanyp, ol tahýany geýen gyzy göz-dilden gorasyn diýen niýet bilen salynýar. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýaşaýan gelin-gyzlarymyz hem öz tahýalaryna dürli-dürli nagyşlary keşdeläpdirler. Tahýanyň «labyr» diýen nagşy deňiz bilen baglanyşykly bolupdyr. Zenanlar labyry gorag hökmünde kabul edip, bu nagşy döredipdirler we ony öz keşdeleýän tahýalaryna salypdyrlar. Olaryň tahýa salýan başga bir nagşyna «agzybirlik» diýlip at berilýär.
    Gadymy zamanlarda türkmenleriň bir bölegi çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Olar mallaryny otuň has köp ýerlerine sürüp, şol ýerde wagtlaýyn mesgen tutupdyrlar. Olar baran ýerlerinde ak öý dikipdirler. Ene-mamalarymyz tahýadaky nagyşlary ak öýüň işigine, tärimine we tüýnügüne meňzedip: «Biziň ählimiz agzybir, jebis, bir döwlete gulluk etsek» diýen umyt bilen ýaşapdyrlar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp nagşy ak öýe meňzedip, ak öýi bolsa agzybirlige, bitewi döwletlilige deňäpdirler. Milli buýsanjymyz bolan tahýalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimize has-da ýaraşyk berýär. Başy ak gaýma tahýaly oglanlary, başy gültahýaly gyzlary göreniňde, kalbyňy buýsanç duýgusy gaplaýar.
    Şeýle ajaýyp egin-eşikleriň, lybaslaryň gaýtalanmajak nusgalaryny döreden ene-mamalarymyzyň el işleriniň üstünden näçe asyr geçse-de, asyl nusgasyny, gözelligini ýitirmän, şu günlerimize gelip ýetipdir. Bu bolsa türkmen halkynyň öz milliligine goýýan sarpasynyň näderejede beýikligini görkezýär.