Milli ýygyndymyzyň oýunçylarynyň çykyş edýän toparynyň Malaýziýanyň çempionatyndaky duşuşyklary ýaýbaňlandyryldy

     Arakesmeden soňra Malaýziýanyň futbol çempionaty dowam edýär. Bu barada ýurduň futbol ligasynyň resmi saýty habar berdi (Çeşme: turkmenportal.com).
    Malaýziýada möwsüm 16-njy martda saklanypdy. Superliganyň wekili PDRM-iň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Şöhrat Söýünow bilen ýarym goragçysy Serdar Geldiýewiň çykyş edýändiklerini ýatladýarys.
    Türkmen futbolçylarynyň wekilçilik edýän topary arakesmeden soňky ilkinji duşuşygyny «Kedah» bilen geçirdi. 5-nji tapgyryň çäginde Kuala-Lumpu şäherinde — PDRM-iň meýdanynda bolan duşuşyk garşydaş toparyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. 5 duşuşykda 1 utuk gazanan PDRM ýaryşyň 12-nji basgançagynda barýar.
    Bu ýyl Malaýziýanyň Superligasynda we Premýer ligasynda käbir üýtgeşmeler bolar. Möwsüm bary-ýogy bir aýlawdan ybarat bolar we 10-njy oktýabrda 11-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar. Ýurduň kubogy ugrundaky ýaryş hem toparçalaýyn görnüşde geçiriler. Oňa Superliganyň 11, Premýer liganyň bäş wekili gatnaşar.
    Çeşme: http://tff.com.tm