Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň hukuk binýady

    Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan hem-de wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar, çünki ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde olaryň hereketi ýygjamlaşýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilýändigini bellemek bolar. Onuň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Olar ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.
    Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze etraplar, şäherçeler we ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, estakadalar, köprüler yzygiderli gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýol yşyklarynyň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döredýär. Şeýle-de ýurdumyzda gurulýan dürli maksatly häzirki zaman binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, jemgyýetçilik binalarynda hereket etmek mümkinçiligi çäkli adamlar üçin zerur bolan şertler hem göz öňünde tutulýar. Gurlup ulanylmaga berilýän pyýada geçelgelerde, köprülerde hereket etmek, ýollardan howpsuz geçmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy adamlaryň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
    Dünýä ülňülerine laýyk getirilip gurulýan ýollarda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Şeýle-de Kanuna laýyklykda ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär we ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek ýoly bilen üpjün edilýär.
    Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini talabalaýyk taýýarlamak boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw merkezleri döredildi. Olar ýeňil awtoulag okuw-türgenleşik serişdeleri, kompýuterleşdirilen okuw otaglary bilen üpjün edilip, sapaklary interaktiw usulda alyp barmaga niýetlenendir. Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtoşäherjikleriň gurlup ulanylmaga berilmegi, nazaryýet taýdan sürüjileriň ýol hereketine gatnaşanlarynda olardan hökmany peýdalanmagy ýollarda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegine berilýän ünsüň netijesidir.
    Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri, mekdep mugallymlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak babatynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda ýaşlara ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny öwretmek babatynda Çagalar awtomobil şäherjigi hereket edýär. Bu awtomobil şäherjiginiň binasynda ýerleşdirilen ýol hereketiniň muzeýi hereket edýär. Muzeýiň köp dürli bölümleri Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy we ilkinji awtoulaglaryň ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň köçelerinden gatnap başlan wagtyndan bäri geçen döwür hakynda gürrüň berýär. Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy baradaky bölümde aragatnaşyk serişdeleri we enjamlary, dürli ýyllaryň ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň hem-de gözegçileriň lybaslarynyň görnüşleri, gullugyň döreýşi we işi, şol sanda ösüp gelýän nesle köp gatnawly köçelerde howpsuz hereket etmegi öwredýän asylly iş hakynda gürrüň berýän suratlar we wideofilmler saklanýar. Awtoulaglaryň nusgalary boýunça dürli ýyllaryň ýol gözegçileriniň ulanan awtomobilleri hakynda düşünje almak bolýar. Şeýle hem Ýol gözegçilik gullugynyň häzirki gününe bagyşlanan bölüminde döwrebap esbaplar, radarlar, ýörite tehnikalaryň nusgalary, ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň ýokary tehnologiýaly taýaklary, ulag gatnawynyň ýygylygyny we tizligini kesgitleýän we hasaba alýan ýol hereketini dolandyryjy ulgamlar görkezilýär. Ýollarda düzgün-tertibe gözegçilik edýän köpsanly awtomatiki radarlar we wideokameralar bu ulgama ornaşdyrylýar.
    Umuman, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, şeýle hem, adamlary hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.