Täze okuw ýylyna batly gadamlar bilen

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gülleýän, gül açýan ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze, 2020-2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly girişmek babatda hem giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda bolup geçen ägirt uly özgertmeler, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilen şertler has guwandyryjydyr.
    Altyn güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji güni bolan 1-nji sentýabr türkmen Diýaryny toý-baýramlara besläp geldi. Ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan körpeleri-de, okuwçylary-da, bilim işgärlerini-de tolgundyrýan, hemmämiziň höwes bilen garaşan täze okuw ýylymyz ýetip geldi. Mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde başy başlanan guwandyryjy özgertmeler täze okuw ýylyna taýýarlygyň hem ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etdi. Kabul edilen resminamalara laýyklykda, orta mekdeplerde okuw möhleti on iki ýyla ýetirildi. Daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine hem uly üns berilýär. Rus, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý we beýleki daşary ýurt dillerini okatmak üçin sagat sanynyň artdyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň gurluşyny we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, döwrebap okuw mekdepleriniň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Düýn, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde okuwçylaryň müňlerçesi döwrebap mekdeplerde bilim alyp başladylar.
    Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Aşgabat şäherinde we paýtagtymyzyň etraplarynda-da häzirki zaman multimediýa enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdeplerde uly ruhubelentlik bilen ilkinji sapaklar başlandy. Düýn paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda gurlan 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyşyna bagyşlanan dabaralar okuwçylara egsilmez şatlyk paýlady. Biz täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk. Şonda, ilki bilen, mekdebiň müdiri Gurbangül Halmyradowa ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy:
    — Ösüşlerdir özgertmelere beslenýän owadan ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanýan ilkinji gününde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn hem, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giň gerim bilen gurmagymyzy hem dowam edýäris.
    Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň, okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, täze bilim toplumlarynyň döredilmegi ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyna, tebigy zehinlerini açmaga, ösdürmäge hem-de olary hemmetaraplaýyn goldamaga giň mümkinçilikleri döredýär» diýip belleýär. Ynha hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen, paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde bagtdan paýly çagalar okap, bilim alyp, ukyp-başarnyklaryny artdyryp, geljekde eziz Watanymyza wepaly, kämil adamlar bolup ýetişerler. Elbetde, dünýäniň oňyn tejribelerini öwrenip, ýurdumyzda ilkinji gezek döredilýän bilim bermegiň täze milli görnüşinde çuňlaşdyrylan umumybilim maksatnamasy boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň esasynda mekdebe taýýarlaýyş toparyndan başlap, ähli dersler bilen bir hatarda, türkmen, rus we iňlis dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler. Şonuň ýaly-da, sazçylyk, çeperçilik, sport, konstruktorçylyk we beýleki görnüşli döredijilik işleri bilen okuwçylaryň bilimleri artdyrylar. Olarda zähmet endikleri kemala getiriler. Okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryna görä bilim berler.
    Nesip bolsa, ýene-de sanlyja ýyldan okuwçylarymyz zehinli, giň dünýägaraýyşly kämil adamlar bolup ýetişerler. Munuň üçin mekdebimiziň ussat mugallymlary işjeňligini görkezerler. Bilim işgärleriniň döredijilikli işlemegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza ähli bilim işgärleriniň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
    — Ata Watanymyzda ylym-bilimiň ösüşleriniň uly sepgitlere ýetmeginde Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan işleri bimöçberdir. Mähriban Arkadagymyz her täze okuw ýylynyň öň ýanynda çagalar baglarydyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalaryny açyp berip, ulus-ilimizi begendirýär. Ynha, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan döwrebap, owadan bezegler bilen bezelen, ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze terbiýeçilik-okuw mekdebini gurduryp berdi. Bu mekdepde okap, bilim aljak ýaşlara okuwlarynda bäşlik, döwrebap bilim berýän kärdeşlerime bolsa milli däp-dessurlarymyzyň edep-kadalarynyň ýol-ýörelgeleri bilen ýöreýän, ak ýürekli, belent adamkärçilikli, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri rowaç bolsun! — diýip, Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Ogultäç Babaýewa söhbetdeşlige goşulanda aýtdy. Bu gürrüňe täze mekdebiň iňlis dili mugallymy Tawus Tekemyradowa hem goşulyp, şeýle diýdi:
    — Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan orta mekdepleriň sany barha artýar. Mekdeplerdäki häzirki zaman kompýuterler, multimediýa-interaktiw enjamlary ýaşlaryň bilim esaslaryny çuňňur ele almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşlarynda täze ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuw maksatnamasyna rus, iňlis dillerinden başga-da, BMG-niň resmi iş dilleri bolan fransuz, ispan, arap, hytaý ýaly dünýä dillerini girizmegiň möhümdigi barada aýratyn nygtamagy bizi diýseň begendirýär. Dogrusy, «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýlişi ýaly, daşary ýurt dillerini bilmegiň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýeti-de örän uludyr. Men hem ýaşlara iňlis dilini öwretmekde öz zähmetimi gaýgyrman işlärin. Mähriban Arkadagymyzyň şunuň ýaly döwrebap mekdepleri gurduryp bermegi diňe bir bilim işgärlerini, okuwçylary däl, eýsem bu ýerde bilim aljak okuwçylaryň ene-atalaryny, ähli halkymyzy begendirýär. Hormatly Arkadagymyza döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.
    Aýdym-saza beslenen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda döwrebap mekdebiň gujagyna dolan okuwçylar täze güýç, uly ruhubelentlik bilen okuwa başladylar. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni, ähli ýerde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň ak mekdeplerine gadam basan alty ýaşly körpeleriň hem kalbyny şatlykly duýgulara besledi.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine göterilýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, bu ulgamda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär, okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen ýaş nesliň bilimler dünýäsindäki joşgunly gadamlary aýdyň geljegi, nurly ertirlerimizi, beýik ösüşleri nazarlaýar.
    Täze okuw ýylynyň öň ýanynda ýaşlaryň müňlerçesi göwün söýen hünärini almak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, giriş synaglaryndan üstünlikli geçenleri «talyp» diýen buýsançly ada mynasyp boldular. Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talybyň kabul edilmegi bu sanyň geçen ýyldakydan 2 müň 95 adama çenli artandygyny görkezýär. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň 9 müň 490-synyň kabul edilendigi il-ulsumyzy juda begendirdi. Täze okuw ýylynyň başynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze döwrebap binasynyň açylmagy bu ugurda okajak hem tälim aljak türgen talyplarymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.
    Güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda bilim ojaklarynda täze okuw ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan okuw sapagy bilen başlandy.
    Biz hem ýurdumyzyň bilim işgärlerini, mähriban mugallymlary, talyp ýaşlary we mekdep okuwçylaryny täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de olara alyp barýan işlerinde, okuwlarynda rowaçlygyň, durmuşda bagtyýarlygyň hemişe hemra bolmagyny arzuw edýäris.