Bagtly geljege gönükdirilen tagallalar

    Düýn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaňlanan mekdep jaňlary täze okuw ýylynyň başlanandygyny buşlady. Açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap bilim ojaklary, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň gazananlaryna bagyşlanyp ähli okuw jaýlarynda geçirilen ilkinji sapaklar ýaşlaryň kalplaryny ata Watanymyza bolan söýgüden doldurdy we eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi urunda päk zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
    Bagtyýar zamanamyzda ajaýyp däbe öwrülişi ýaly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda-da bilim ulgamynyň uly baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde dürli derejedäki bilim ojaklary — döwrebap mekdeplerdir çagalar baglary açylyp, ulanylmaga berildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ähli meýilleşdirilen çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, uly ruhubelentlige beslendi.
    Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň hem-de binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän ajaýyp baýrama mynasyp Şa serpaýy boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde sporta aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ähli ýaşdaky adamlaryň, aýratyn-da ýaş nesliň sporta bolan gyzyklanmasy görnetin artyp, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Ata Watanymyzyň sebit we dünýä derejesindäki abraýly halkara ýaryşlaryň geçirilýän möhüm merkeze öwrülmegi, türkmenistanly türgenleriň şeýle ýaryşlarda gazanýan guwandyryjy netijeleri munuň aýdyň subutnamalarydyr.
    Milli Liderimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky taýsyz tagallalary, dünýäde parahatçylygy berkitmekde sport diplomatiýasynyň ornuny pugtalandyrmak babatyndaky belent başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde hem gyzgyn goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň sport diplomatiýasynyň nobatdaky halkara ykrarnamasyna öwrüldi.
    Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň hem-de binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ösüşiň belent menzillerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda sport ulgamynyň binýadynyň berkden tutulýandygynyň tassyknamasyna öwrüldi. Bu binalar toplumy döwrüň iň kämil tehnikalary bilen üpjün edilip, geljekde iri halkara ýaryşlaryndaky ýeňişleri bilen ýurdumyzyň Baýdagyny belentde parladyp, Watanymyzyň abraý-mertbesini has-da ýokary göterjek türgenleriň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ýaşlaryň sanynyň barha artmagyna ýardam eder.
    Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlagynda: «Biz Bitarap Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça kabul eden uzak möhletleýin maksatnamalarymyzyň hem-de beýik geljegimiziň berk binýady hökmünde bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap ylym we bilim almagyna, sagdyn ösmegine, watançylygyň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berýäris» diýip nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň şu günki bagtly durmuşyny we röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.
    Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, täze bilim edaralarynyň gurluşygyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişeninden soň, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap bilim ojaklarynyň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi bina edilip, olarda bilimlerini artdyrýan ýaşlaryň sany hem-de öwredilýän hünärleriň görnüşleri ýylsaýyn artýar.
    Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary bilen ösüşiň täze basgançaklaryna göterilýän Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň geljekki ösüşleriniň berk binýadyny döretmegiň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny milli ýörelgelere hem-de oňyn halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça oňyn özgertmeler dowam etdirilýär. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, Innowasiýa maglumat merkezi döredildi hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy. 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim we terbiýeçilik işlerinde okatmagyň döwrebap usullary, innowasion tehnologiýalar giňden peýdalanylyp, bilim edaralarynyň internet web-saýtlaryny, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Okuwçylaryň, talyplaryň we mugallymlaryň arasynda dürli görnüşli ders we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar.
    Bu günki gün türkmenistanly okuwçylar we talyplar halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerine-de işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelýärler. Şeýle sepgitler «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys» diýip nygtaýan milli Liderimiziň ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy üçin edýän bimöçber tagallalarynyň saýasynda amala aşyrylýan beýik işlerdir.
    Mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem Bilimler we talyp ýaşlar gününiň göwün galkyndyryjy wakasyna öwrüldi we ýaş nesliň hem-de bilim işgärleriniň buýsanjyny artdyrdy. Bu mekdepde ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny irki ýaşdan başlap ösdürmek üçin şertleri döretmek esasy maksat hökmünde kesgitlenildi. Mekdebe çenli taýýarlyk toparlarynda berilýän bilimiň we terbiýäniň mekdep bilimi bilen arabaglanyşygyny berkitmäge uly ähmiýet berildi. Täze ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň gurluşygynda dünýä tejribesiniň iň öňdebaryjy gazananlary göz öňünde tutuldy. Bu ýerde çuňlaşdyrylan umumybilim maksatnamasy boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň esasynda mekdebe taýýarlaýyş toparyndan başlap, ähli dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler. Sazçylyk, çeperçilik, sport, tehniki konstruktorçylyk we beýleki dürli görnüşli döredijilik işleri ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has-da çuňňur öwrenmeklerini gazanmak üçin, okuw meýilnamasynyň esasynda käbir dersler iňlis dilinde okadylar.
    Täze bilim ojagy iň täze okuw-tehniki serişdeler, şol sanda kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde dersler boýunça synp otaglary, laboratoriýalar, sport zaly, kitaphana, mejlisler otagy, dürli gurnaklary we döredijilik işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar ýerleşýär. Bulardan başga-da, mugallymlaryň okuw işiniň usulyýet binýadyny has-da kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
    Bu gün türkmen ýaşlary dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerde, ýokary derejede bilim almaga, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalardan we ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak babatynda uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Bilim arkaly röwşen gelejegi nazarlaýan ýaş nesil özleri üçin döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş