Sürüm, tekizleme işleri talabalaýyk geçirilýär

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda uly zähmet ýeňşini gazanan Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni şu günlerden berk tutýarlar. Olar hasyldan boşan meýdanlary bada-bat bugdaý samanlaryndan arassalap sürüm, tekizleme, çil çekmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Bu derwaýys işleri ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp beren kuwwatly traktorlary, olaryň tirkeg gurallary daýhanlaryň iň ýakyn daýanjy bolup durýar. Häzirki wagtda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýokary iş öndürijilikli traktorlarynyň 25-si sürüm işlerini doly tamamlap, tekizleme işlerini amala aşyrýar. Şonuň netijesinde her günde 250—300 gektar ýerde tekizleme işleri geçirilýär. Tehnikalaryň 5-si arkaly bolsa her günde 200 gektar ýerde çil çekilýär.
    Şeýle hem çuň sürüm geçirilen, endigan tekizlenen ýerler çiller arkaly kölçelere bölünip, suw tutmak işlerine taýýarlanylýar. Atyzlaryň çiller bilen bölünmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çilleriň çekilmegi atyzlara suwuň gyradeň-tekiz düşmegine, suwdan mazaly ganmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu işi daýhan birleşiklere degişli traktorlar ýerine ýetirýärler.
    Her bir işiň talabalaýyk geçirilmegine degişli hünärmenler berk gözegçilik edýärler. Etrabymyzyň zähmetsöýer oba hojalyk işçi-hünärmenleri şu ýyl gazanan zähmet üstünligini geljek ýylda has-da berkitmegi maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler.