Şanly geçmişiň ykrarnamasy

    Adamzat taryhyň çuňlugyna hernäçe ýetendirin öýtse-de, entek-entek onuň açylmadyk syrlary juda kän. Gadymyýetden galan ýadygärlikler — galalar, köşkler, beýleki ymaratlar bolsa şol syrlara sary barýan iň ýakyn ýol. Ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýadygärliklerde geçirilen işler türkmen topragynyň dünýäniň iň gadymy medeniýetleriniň arasynda mynasyp orun alýandygyny telim ýola tassyklady.
    Ýaňy-ýakynda geçirilen işler bolsa, heniz-henizler hem köp syrlaryň üstüniň açylmandygyny nobatdaky gezek görkezdi.
    Milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» sözüň doly manysynda, taryhymyzy has çuň öwrenmekde aýgytly ädim boldy. Bu maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň çägindäki arheologiýa, taryhy-medeni ýadygärlikleriň birbada 12-sinde gazuw-agtaryş, dikeldiş we rejeleýiş işleri alnyp barylýar. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkezinden 20 kilometr demirgazykda, çölüň aňňat gerişleriniň arasynda seleňläp görünýän Şähryslam galasydyr.
    Bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde taryhçy alymlar bişen kerpiçden örülen suw geçirijileriniň, dürli ölçegdäki guýularyň, ýerasty sardobalaryň we ägirt howzuň galyndylarynyň üstüni açdylar. Bu ýerdäki geçirijiniň bolsa milli binagärlik medeniýetiniň başga ýerde duş gelmeýän özboluşly desgalarynyň biridigi subut edildi.
    Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde-de tarypy ýetirilýän Şähryslam galasyndaky kämil suw ulgamy boýunça tapyndylar ýakynda halkara ykrarnamasyna hem eýe boldy. Has takygy, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň halkara maksatnamasy bolan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerindäki 2020-nji ýyl üçin bäsleşigiň netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bilelikde hödürlän «Şähryslamyň suw desgalary toplumynyň binalarynda 2021-nji ýylda dikeldiş hem rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça taslamasy» ýeňiji hökmünde saýlanyp alyndy.
    2017-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini üstünlikli geçirmekde TSTB-niň wekilleriniň hem tagallasy uly boldy. ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda 20 ýyla golaý dowam edip gelýän medeni mirasy gorap saklamakda netijeli hyzmatdaşlygyň nobatdaky tapgyrynda ýeňiji bolan bu taslamanyň maksady Şähryslamyň XI–XII asyrlara degişli suw desgalarynyň ýumrulan böleklerinde we ýykylmak howpy abanan ýerlerinde dikeldiş we rejeleýiş işlerini geçirmekden ybarat bolup durýar.
    Şeýlelikde, Şähryslam ýadygärligi ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda ýeňiji hökmünde yglan edilen 27-nji taslama boldy. Şol sanawyň içinden 4 taslama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna degişli bolup durýar. Bu bolsa berkarar Diýarymyzda halkymyzyň geçmiş mirasyny, taryhy ýadygärlikleri çynlakaý öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň halkara derejesinde hem ykrar edilýändigini tassyklaýar.