Bitaraplyk – dünýäniň ýürek aýdymy. Ol aýdym bagtyýar halkymyzy yhlasly zähmete ruhlandyrýar

    Dagyň iň belent gerşine çykmak üçin ynam gerek, gaýrat-gujur, sabyr gerek, iň esasy-da, örän oýlanyşykly kesgitlenen maksat gerek. Biziň dünýädäki gazanan abraýymyzyň, üstünliklerimiziň, ýeten sepgitlerimiziň gözbaşynda hem Bitaraplyk syýasatymyzy dünýä möçberinde durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamzat parahatçylygyna bolan erki, öňdengörüjilikli maksady hem-de belent ynamy bar. Akyldar Magtymgulynyň: «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň halkara jemgyýetçiliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň ählisi oňlanylýar we uly seslenme tapýar. Muňa BMG-niň degişli Kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň iki gezek biragyzdan tassyklanmagy-da anyk we aýdyň mysal bolup bilýär.
    Beýik maksatlar döwletli işlere ruhlandyrýar. Döwrüňden, ýaşaýyş-durmuşyňdan hoşallyk watançylyk söýgiňi artdyrýar, Watana hyzmat etmäge, onuň bir ülşi hökmünde ösüş-özgerişlerine goşant goşmaga itergi berýär. Şeýle oý-pikirler, anyk maksatlar bu gün bagtyýar raýatlarymyzyň ählisiniň durmuş şygaryna, üstünlikleriniň çelgisine öwrülýär. Elbetde, nahallykdan saýlanan bagyň pür-pudak ýaýradyp, saýasynyň ötegçilere düşelge, miwesiniň il-güne nygmat bolmagy üçin arassa howanyň, çogly Günüň, tenekar suwuň bolmagy ilkinji zerurlyklardyr. Adam durmuşynyň rahatlygy, bagtyýarlygy, maksatlarynyň myrat tapmagy üçin hem şol zerurlyklar gerek bolýar. Bu — şu günüň açyşy däl. Eýýamlaryň, asyrlaryň aňyrsynda galan wakalara dykgat bereniňde-de, ynsan bagtyýarlygynyň gözbaşynda parahatlygyň, asudalygyň bolandygyna aň ýetirmek bolýar. Biziň XXI asyrymyzda — adamzadyň parahatçylyga, özara hoşniýetli gatnaşyklara, dostlukly hyzmatdaşlyga barha ähmiýet berýän asyrynda bu hakykat mesaňa mälim duýulýar. Şunda döwrüň we bütin dünýäniň syýasy arenasynda öz ornuny barha berkidýän, parahatçylygy söýýän we ony dörediji döwlet hökmünde adamzadyň abadan durmuşy ugrunda möhüm başlangyçlary öňe sürýän Garaşsyz ýurdumyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty nusga alarlyk derejededir.
    Bitaraplyk — biziň parahatçylyga bolan söýgimiz. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyza 25 ýyl dolýar. Bu möhlet, aýdylyşy ýaly, taryh üçin örän gysga möhlet. Emma ömrüň bahasynyň ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen ölçelişi ýaly, biziň ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämize eýe bolanymyzdan bäri sany we ähmiýeti taýdan iňňän möhüm işler durmuşa geçirildi.
    Hemişelik Bitaraplygymyzyň eşret-höziri ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň ýüze çykdy. Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk toplumy-da düýpli öwrülişigi başdan geçirdi. Bu babatda köp sanly sanlardyr maglumatlara ýüzlenmek mümkin. Emma diňe soňky ýyllarda ýetilen sepgitleriň mysalynda-da bu ugurdaky işleriň ösüş depginine göz ýetirse bolýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky gün tertibinde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri doly goldap maksatnamalaýyn çykyş etdi. Şol mejlisde gün tertibiniň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş babatdaky 17 global maksady we 169 wezipäni özünde jemleýän strategiýasy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Ýurtlaryň we halklaryň ykdysadyýet, durmuş we ekologiýa babatda durnukly ösüşi gazanmaga bolan aýgytly gadamlary bu strategiýanyň esasy häsiýetlerine öwrüldi. Kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek bilen baglanyşyklysy-da bar.
    Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde üstünlikli işler durmuşa geçirilýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen obasenagat toplumynda üstünlikli ädimler ädilýär. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamalaýyn ulgamy işlenilip taýýarlanyldy we ol üstünlikli hereket edýär. Obasenagat toplumynyň we hyzmat ediş pudaklarynyň gurluşlaryny kämilleşdirmek, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmak, ýerleriň suwaryş we meliorasiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, tohumçylygy we seçgiçiligi ylmy taýdan ösdürmek, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan iri maýa goýumlary gönükdirilýär.
    Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berildi. Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak ýaly ençeme beýleki möhüm ugurlar döwletimiziň agrar syýasatynda anyk beýanyny tapdy.
    2018-nji ýylda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynyň işini gowulandyrmak boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, kanunçylyga laýyklykda, ýörite ýer gaznasy döredilip, ýerler 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýänlere paýlanyp berildi. Bu ugurdaky ädilen ädimler öz miwesini hem berip başlady. Umuman, oba hojalyk toplumynyň ähli düzüm birliklerinde alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmak, olaryň iş netijeliligini artdyrmak bilen birlikde, ilata edilýän hyzmatlaryň hem hili ýokarlandyrylýar.
    Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli Liderimiziň oýlanyşykly başlangyçlary netijesinde içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanylýar. Bitaraplyk syýasatymyz bu gün halkymyzy bagtyýarlyga besleýär, ähli halklary dost-doganlyga çagyrýar. Çünki türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylygyň ýoludyr, Ýer togalagynyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr. Goý, bu sözler dabaraly, şol bir wagtda-da buýsançly ýaňlansyn!
                                        Muhammet BEKGIÝEW.