«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň täze sany

    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 14-nji sanynda hem sportuň dürli görnüşlerinden söhbet açýan gyzykly makalalardyr habarlar ýerleşdirildi.  
    Elektron goşundynyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş saparyndan söhbet açýan makala bilen açylýar. 
    «Türkmenistanyň futbol federasiýasy transferler bilen tanyşdyrýar» atly habarda täze topara geçen futbolçylar barada gürrüň berilýär. 
    Halypa žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedowyň «Ýyllaryň ýakymly ýatlamasy» atly makalasynda halypa sport teswirçisi Amanmuhammet Çaryýew bilen bagly waka ýatlanylýar.  
    Žurnalist Aşyrberdi Gurbanowyň türkmen futbolyň taryhynda ençeme görkezijileri bilen giren goragçy Jumadurdy Meredow bilen taýýarlan söhbetdeşliginde milli ýygyndynyň taryhyndaky ençeme täsirli wakalary hakynda gürrüň edilýär.  
    Messiniň «Barselonany» terk edýändigi hakyndaky gürrüňler bütin dünýäde janköýerleriň diliniň senasyna öwrüldi. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sport synçysy Şöhrat Ýomudow hem bu waka seslenipdir. Hepdelik elektron neşirde, şeýle-de, dünýä sportundan söhbet açýan gyzykly habarlara orun berlipdir.