«Nebitçi» topary oýunçylaryň dördüsi bilen düzümini güýçlendirdi

    Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary täze oýunçylaryň dördüsi bilen şertnama baglaşdy. Toparyň düzümine «Energetigiň» öňki oýunçylary 30 ýaşly Umytjan Astanow bilen 36 ýaşly Serdaraly Ataýew, «Merwiň» 29 ýaşly oýunçysy Alibek Abdurahmanow hem-de ýerli oýunçy Ýakup Saparow geçdiler.
    Mundan öň Balkanabadyň toparyna baş tälimçi wezipesine Amanmyrat Koçumowyň bellenendigini habar beripdik. A.Koçumow bu wezipede ýerli hünärmen Amanmyrat Meredowyň ornuna geldi.
    Ýeri gelende bellesek, «Nebitçi» topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyndan soň toplan 13 utugy bilen ýaryş tertibinde ýedinji orny eýeleýär.
    Balkanabadyň topary futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawyndaky ilkinji duşuşygyny myhmançylykda «Ahal» bilen geçirer.
    Çeşme: http://tff.com.tm/