Gözellik. Ykjamlyk. Tämizlik

    Ýurdumyzyň dünýä ülňülerinde gurlan ak mekdepleri ýene-de sanlyja günden öz gapylaryny giňden açar. Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýagty otaglara şatlyk, şowhun bilen dolarlar. Şatlykly güne höwesli garaşan çagalar we olaryň ene-atalary bu pursat täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen baglanyşykly toý hysyrdylary bilen meşgul. Şeýle pursatlary synlamagyň özboluşly hezili bar.
    ...Ýaňyja bazardan enesi bilen alyp gelen ak köýnejigidir gara balagynyň epininiň bozulmazlygy üçin olary emaý bilen ýantorbadan çykaran Myrat eljagazyny sabynlap ýuwmak üçin hammama howlukdy. Özi üçin niýetlenen egin-eşiklerden daşlaşyp bilmedik Myratjyk hammamdan gelşine, ýene-de olary birlaý gözden geçirip başlady.
    — Ene, aý, ene! Tahýam, köýnegim, jalbarym, penjegim, galstugym, köwşüm — hemme zadym bar. Ýene näme alyp berjek maňa okuwa geýmek üçin?
    — Balam! Bedenterbiýe we zähmet sapaklarynda geýmek üçin hem ýörite size niýetlenip tikilýän geýimler toplumy bar. Nesip bolsa, ertir olary-da alyp bererin.
    — Ene, ertire çenli olary alyp gutarmazlarmy?
    — Ýok, balam, gutarmazlar. Egin-eşikleriň hemme görnüşi, Hudaýa şükür, indi biziň öz ýurdumyzda öndürilýär. Türkmen daýhanynyň bol-bereket öndürýän ellerine güller bitsin!
    — Bu geýimleriň hemmesini bize daýhanlar iberýärmi?
    — Daýhanlar diýsegem ýalňyşmarys, balam. Zähmetsöýer daýhanlarymyz ýere tohum atýarlar. Ol tohumdan türkmeniň gymmatly baýlygy bolan pagtany kemala getirmek üçin gije-gündiz zähmet çekýärler. Yhlas, alyn der dökülip ýetişdirilen pagta hasylynyň önümleridir bular. Siziň owadan, gelşikli, jana ýakymly geýimleri geýmegiňiz üçin daýhan azaby bilen ýetişdirilen ak pagta döwletimiziň dürli ýerlerindäki dokma toplumlaryna gelip gowuşýar. Ana, şol ýerlerde-de bu ajaýyp lybaslar tikilip, taýýar görnüşe getirilýär. Mähriban Arkadagymyz siz — ýurdumyzyň körpeje nesilleri barada hemişe alada edýär. Siziň owadan, ýokary hilli geýimleri geýmegiňiz bilen birlikde, gowy okamagyňyz, bilim almagyňyz üçin-de, gör, nähili mekdepler gurdurýar. Şonuň üçin siz Watana wepaly nesiller bolup ýetişmelisiňiz...
    Eneli-ogluň ýakymly söhbedi bu günki ösüş-özgerişli Diýarymyzda höküm sürýän bagtyýar ýaşaýşymyzyň bagt senasy bolup kalplara dolýar.
    Hawa, täze, 2020 — 2021-nji okuw ýylyna taýýarlygyň ýokary derejede guralandygyna ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna baranyňda, anyk göz ýetirmek bolýar. Mekdep ýaşlaryny gerekli esbaplar bilen birlikde, okuw lybaslarynyň ähli görnüşleri bilen elýeterli bahadan üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berlen, ýörite guralan bazarlarda alyjylara hödürlenýän çaga lybaslary özüne çekijiligi bilen göwnüňi göterýär. Bu egin-eşikleriň ýokary hili, göze gelüwliligi, bedene ýakymlylygy, her bir lybasyň tikilişiniň ykjamlygy ýurdumyzda hereket edýän dokma toplumlaryň kämil tehnologiýasyndan, onda işleýän dokmaçy hünärmenleriň ezberliginden habar berýär. Mekdep ýaşly çagalaryň lybaslaryny öndürýän ýurdumyzyň öňdebaryjy dokma toplumlarydyr tikin fabrikleriniň işleri dogrusynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik bölüminiň başlygy Ogulmaral Orazgeldiýewa şeýle gürrüň berýär:
    — Önümleriniň görnüşlerini gün-günden giňeldýän ýurdumyzyň dokma pudagy içerki bazarlarymyz bilen birlikde, dünýä bazarlarynda hem harytlarynyň geçginliligi, ýokary hili we ösen islegi gazanyp bilýänligi bilen tapawutlanýar. Bu gün döwletimiziň dokma kärhanalarynda öndürilýän «Gala», «ADT», «Bedew», «Goza» ýaly, ýene-de ençeme haryt nyşanly önümlere dünýäniň çar künjeklerinden-de sargytlar gelýär. Ýokary hilli önümleri bilen adygýan öňdebaryjy dokma kärhanalarymyzyň hünärmenleri, elbetde, gözlerimiziň guwanjy bolan körpe nesilleriň hem göwnünden turýan önümleri öndürmegi işleriniň esasy bölegi hasap edýärler.
    Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşiginde 4 — 11-nji synp okuwçy gyzlar üçin ýaşyl reňkli okuw penjegi, 1 — 11-nji synp okuwçy oglanlar üçin gara reňkli penjek we jalbar, şeýle hem galstuk, paýtagtymyzyň «Bahar» tikin önümçilik birleşiginde 1 — 3-nji synp okuwçy gyzlar üçin ýaşyl reňkli okuw penjegi, 1 — 11-nji synp okuwçy gyzlar üçin ýakasy milli nagyşly okuw köýnegi, 1 — 7-nji synpda okaýan gyzlar üçin okuw öňlügi we 8 — 11-nji synp okuwçy gyzlar hem oglanlar üçin ak reňkli nah matadan laboratoriýa dony tikilip, ýurdumyzyň bazarlaryna çykaryldy. Mekdep bazarlarynyň tekjelerine yzygiderli gelip gowuşýan dürli görnüşli dokma harytlarynyň arasynda öz mynasyp ornuny tapýan Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň 1 — 7-nji synp okuwçy gyzlar üçin açyk gyzyl reňkli nah matadan zähmet sapagynda geýmäge niýetläp taýýarlan geýimler toplumy (don, ýaglyk, öňlük), 1 — 11-nji synp okuwçy oglanlar üçin tikilen ak reňkli mekdep köýnekleri hem çagalaryň göwnünden turýar.
    Türkmenabadyň tikin fabriginiň dokmaçy hünärmenleriniň mekdep ýaşlary üçin taýýarlaýan okuw lybaslarynyň hatarynda 1 — 11-nji synp okuwçy gyzlar üçin ýaşyl reňkli, ýakasy milli nagyşly okuw köýnegini, okuw penjegini, 1 — 7-nji synp üçin öňlük, şeýle hem açyk gyzyl reňkli nah matadan zähmet sapagy üçin toplumy, 1 — 3-nji synp okuwçy oglanlar üçin açyk gök reňkli nah matadan zähmet sapagy üçin penjek, 4 — 7-nji synp okuwçylar üçin açyk gök reňkli nah matadan zähmet sapagy üçin öňlük we ýeňlik, galstuk we ýantorba ýaly önümleri görkezmek bolar. Daşoguzyň «Çeper» tikin fabriginiň hünärmenleri-de mekdep ýaşly okuwçy gyzlardyr oglanlaryň lybaslaryny tikmek bilen, olaryň söýgüsini gazandylar. Mekdep lybaslarynyň arasynda aýratyn orny bolan sport eşikleriniň toplumlaryna ünsli çemeleşen kärhanalarymyzyň bitiren işleri-de öwgä mynasyp. Kurtkadyr balakdan ybarat bedene ýakymly, ykjam tikilen bu toplumlar Gökdepäniň A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynda we Gypjakdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynda öndürilen ýokary hilli önümlerdir. Taýýarlanan her bir önümiň, lybasyň islegli haryda öwrülip, öz eýeleriniň göwnünden turmagy dokmaçy hünärmenlerimiziň ilkinji wezipesi hem borjudyr.
    Hawa, ak mekdebe taýýarlanýan bagtyýar çagalar öz okuw esbaplarynydyr lybaslaryny ýene bir gezek gözden geçirýärler. Gözellik, ykjamlyk we tämizlik bu pursatlary has-da bezeýär.