Gorag örtükleri goraýjydyr

    * Örtükler asgyrmak, üsgürmek we howa-damja arkaly geçip bilýän ýokançlaryň öňüni almak üçin niýetlenendir.
    * Gaýtadan ulanylýan örtügi diňe täzeden işlenilenden soňra ýene-de ulanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ol öý şertlerinde sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen ýuwulmalydyr, bug pürküji ütük bilen ütüklenilmelidir. Gaýtadan işlenenden soňra, örtük çyg bolmaly däldir, şonuň üçin ahyrynda bug pürkmezden gyzgyn ütük bilen ütüklemelidir.
    * Örtükleriň ulanyş we öňüni alyş usullary, ýagny galtaşmazlyk, ýygy-ýygydan el ýuwmak bilen utgaşykly alnyp barylsa peýdalydyr we olary ulanmagyň zerurlygy dürli toparlarda we ýagdaýlarda tapawutlanýar.
    * Adamlar köpçülik ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda örtügi hökman ulanmalydyr. Şeýle hem örtügi lukmançylyk kömegini berýän we näsaglara seredýän adamlar geýmelidirler.
    * Iki-üç sagat ulanylandan soň, örtügi çalşyp durmaly. Dokalan däl serişdeden bir gezek ulanmak üçin niýetlenen lukmançylyk örtükleri gaýtadan ulanylmaly ýa-da gaýtadan işlenilmeli däldir. Öý şertlerinde bir gezek ulanylýan lukmançylyk örtügini aýratyn ýerde, agzy berk ýapylýan gapda goýmaly we diňe zir-zibil gutusyna taşlamaly.