Bagtyýar çagalaryň okuw esbaplary türkmen işewürleri tarapyndan öndürilýär

    Haýsydyr bir işe baş goşmakçy bolup, ýaýdanyp duran halatyňda, garrylarymyz: «Adam edenini adam eder» diýerdiler. Bu söz öz-özüňe ynamyňy artdyrardy. «Dogrudan-da, synanyşyp göräýmeli» diýip, öňde goýan maksadymyza ýetmäge howlugardyk. Şu günlerde mähellesi has artan paýtagtymyzyň mekdep bazarlaryndaky türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen okuw esbaplaryny synlap, hemme zadyň özüňe baglydygyna, yhlas bilen ýapyşsaň, adam edenini edip boljakdygyna has-da göz ýetirýärsiň.
    «Teke bazaryndaky» giň meýdanyň iki ýüzüni dolduryp duran göçme dükanlarda söwda gyzyşypdy. Harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýardy. Ejesiniň gapdalyndan göwnühoş ýöräp barýan on — onki ýaşly gyzjagazda nazarym eglendi. Gerekli zatlarynyň ählisini alyp, «dokuzyny» düzüwlän bolmaly. Ol ýöräp barşyna, elindäki ýantorbasyna öwran-öwran syn edýärdi. Saklanyp bilmedim. Körpejäniň şatlygyna goşulasym geldi. «Okuwa täzeje ýantorbaly gitjek-dä, onda! Owadan eken. Ýöne bu owadan ýantorbaň diňe bäşlik bahalary göterýändir» diýip, oňa söz gatdym. Gyzjagaz myssa ýylgyryp: «Men diňe bäşlik alýan-da» diýdi.
    Şadyýanja gyzjagaz çagalyk ýyllaryma dolanmagyma sebäp boldy. Göz öňümde mekdep ýyllarym janlandy. Elbetde, mundan ýarym asyr öň häzirki ýaly bolelin durmuş barmydy. Bir ýantorbany bäş ýyllap götererdik. Iki bolup birini göterýän hojalyklar-da ýok däldi. Ruçka deregine syýaçüýşe bilen pero ulanardyk. Peronyň ujuny syýa batyryp hat ýazmak görgüdi. Syýaçüýşänem ýörite tikilen haltajyga salyp, köplenç ýanymyzda götererdik. Ykjamja goýmasaň, onuň döküläýmesem bardy. Döküläýse welin...
    Meniň bu gürrüňlerim häzirki okuwçylar üçin erteki otaran ýalydyr. Ýöne bu hakykat. Häzir ýaşaýyş-durmuşymyz başgaça, has gözel, has ajaýyp. Ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler bar. Buýsandyrýan ýeri, gerek bolan okuw esbaplarynyň, egin-eşikleriň aglabasynyň özümizde, ýerli önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýänligi. Mary welaýatyndan telekeçi Ýazmyrat Ataýew hem ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup okuw esbaplaryny öndürmek bilen, bu asylly işde köplere görelde bolýar. Onuň Mary şäheriniň Gökje ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän önümhanasynda çaphana ugrundan tejribeli hünärmenleriň 10-a golaýy zähmet çekýär.
    — Biz öz işimizi ýurdumyzyň çar künjegine aýlanyp, ulanyşdan galan kagyz önümlerini ýygnamakdan başladyk. Olary gaýtadan işlemek bilen, hususy eýeçilikde okuw esbaplarynyň önümçiligini ýola goýduk. Häzirki wagtda 12 sahypalyk okuwçy depderleriniň üç görnüşini, 24, 36, 48, 96 sahypalyk umumy depderleriň dört görnüşini, şeýle-de dürli dersler boýunça depderleriň aýry-aýry görnüşlerini öndürýäris. Okuwçy gündelikleriniňdir A4 görnüşli standart ak kagyzlaryň önümçiligini hem alyp barýarys. Önümlerimiz diňe bir ýokary hilliligi bilen däl, daşky bezeginiň owadanlygy bilen hem müşderiniň ünsüni özüne çekýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenýän okuw esbaplarymyzyň daşky bezeginde taryhymyza buýsanjyňy artdyrýan gadymy ýadygärlikleriň, şeýle-de döwrümiziň ösüş-özgerişleriniň beýany bolan döwrebap binalaryň suratlary bar. Halkymyzy öz önümlerimiz bilen üpjün etmäge döredilen amatly şertler, giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir — diýip, telekeçi Ýazmyrat Ataýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.
    Ýurdumyzda ilkinji ruçka önümçiliginiň hem hususy pudakda ýola goýlandygy buýsandyrýar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kiçi gala» hojalyk jemgyýeti bu ugurdan iş alyp barmak bilen, «Rowaç» hem-de «Diýar» haryt nyşanly ruçkalary öndürip, halkymyza hödürleýär. Önümleriň hil derejesiniň ýokary bolmagy olaryň daşary ýurtlardan getirilýän ugurdaş harytlardan birjik-de pes däldigini aňladýar. Şeýle-de bahalarynyň elýeterliligi müşderilerde ýerli ruçkalara ýokary islegi döredýär.
    Elbetde, bu önümler bilen birlikde, hususy pudakda alyp barýan asylly işleri bilen ýurdumyzda adygan «Aýbölek» mebel fabriginiň öndürýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap mekdep partalarynyň bilim ojaklaryny bezemegi, mekdep bazarlaryndaky okuw eşikleriniň, aýakgaplaryň, okuwçy ýantorbalarynyň ýerli hünärmenler tarapyndan öndürilmegi milli Liderimiziň halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyrygynyň hakykat ýüzünde amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.