Elektron söwda: tejribeler, zerurlyklar, mümkinçilikler

    Häzirki döwürde gerimi giňeýän innowasion ösüş elektron söwdanyň çäklerine-de aralaşdy. Döwrüň talaplary we meýilleri bilen aýakdaşlykda täze belentliklere tarap barýan Türkmenistanda söwdany elektron görnüşde guramagyň bazary günsaýyn kämilleşýär. Sanly ykdysadyýetiň institutlarynyň netijeli ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu günki günde internet torunda dürli görnüşli harytlar onlaýn görnüşde, eltip bermek hyzmaty bilen birlikde hödürlenilýär.

    SÖWDANYŇ ELEKTRONLAŞMAGY — DÖWRÜŇ ZERURLYGY
    Soňky ýyllarda täze kemala gelen maglumat ykdysadyýeti, esasan, maglumaty işläp taýýarlamaga, gaýtadan işlemäge we ulanmaga daýanýar. Ykdysady işiň esasy görnüşleri ählumumy derejede alnyp barylýar. Dünýä ykdysadyýeti wirtual häsiýete eýe bolýar. Wirtual banklar, dükanlar, kitaphanalar, biržalar... — bularyň ählisi şu günki günüň durmuş hakykaty. Bazarlaryň hakyky wagt tertibinde elýeterli bolmagy düýpli zerurlyga öwrüldi. Bazar ykdysadyýeti has çeýe we şol bir wagtda ählumumy häsiýete eýe boldy. Bütindünýä internet torunyň ýüze çykmagy, ilkinji nobatda, täjirçilik işini guramagyň we alyp barmagyň barşynda düýpli öwrülişigiň amala aşmagyna sebäp boldy. Netijede, söwda ulgamynda kärhanalaryň aglabasy elektron bazara çykýar. Ol barha ýokary ösüş sepgitlerini gazanýar, adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna örän çalt aralaşýar.

    ELEKTRON SÖWDA IŞEWÜRLIGIŇ AÝRATYN GÖRNÜŞI HÖKMÜNDE
    Söwda işi ykdysadyýetiň işjeň, ähmiýetli üýtgeşmeleriň, täzelikleriň yzygiderli ýüze çykýan ulgamyny göz öňünde tutýar. Internet arkaly ýurtda her gün millionlarça söwdalar amala aşyrylýar we islendik uzak aralykdan geçirilýän söwda-satuw işleri kimdir biriniň islegini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Elektron söwda şertlerinde satyjylaryň we alyjylaryň interaktiw özara hereketi ýola goýulýar. Munuň özi dünýäniň islendik nokadyndan bazaryň elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär. Şunlukda, bir tarapdan, sarp edijileriň islegleri hil taýdan düýpgöter täze derejede kanagatlandyrylýar. Beýleki tarapdan, bazar özgertmelerine tizden-tiz seslenilýär. Elektron söwdanyň ýagdaýy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ösüş meýilleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
    Elektron täjirçilik baradaky pikir-garaýyşlar heniz internet oýlanyp tapylmanka ýüze çykyp başlapdyr. Elektron söwdanyň ilkinji mysallary baryp «telegraf geçirimleri» diýip atlandyrylýan bank amallaryndan gözbaş alýar. Bütindünýä internet torunyň oýlanyp tapylmagy bilen, bankdaky hasaby, harydy satyn almak we satmak ýüztutmasyny we başga-da birnäçe amallary dolandyrmaga mümkinçilik açylýar. Soňky ýyllarda elektron söwda Ýer ýüzünde batly depginlerde ösýär. Bu bolsa, ozaly bilen, infrastrukturanyň gowulanmagy we ösmegi hem-de internet toruna elýeterliligiň giňelmegi, maglumat tehnologiýalarynyň kämilleşmegi, ilatyň kompýuter sowatlylygynyň ýokarlanmagy bilen baglydyr.

    INTERNETDE SÖWDA IŞINIŇ ARTYKMAÇLYKLARY
    Şu günki günde internet dükanlaryň işini ýöretmek onlaýn işewürligiň geljegi uly ugurlarynyň hataryna girýär. Tehnologiýalaryň okgunly ösüşi sarp edijileriň bu ugra gyzyklanmasynyň garaşylmadyk derejede ýokarlanmagyny şertlendirdi. Internet söwdanyň islendik ýerde söwda etmek, gysga wagtda harytlaryň giň sanawy bilen tanyşmak, elektron pullar bilen hasaplaşmak ýaly artykmaçlyklary bar. Elektron ulgamyň üsti bilen kärhanalar özüne laýyk üpjün edijileri, müşderileri, işewür hyzmatdaşlary tiz tapyp, gepleşikleri geçirmek, şertnama baglaşmak ýaly işlere artyk wagt we harajatlary sarp etmezden, işewürligi gurap bilýärler.
    Müşderi söwdany dört tapgyrda amala aşyrýar. Sarp ediji satyn almak isleýän harydy hakynda sorag bilen ýüz tutýar. Soraglaryň jogaplary toplanylýar we deňeşdirilýär. Ulanyjy satyn almak hakynda karara gelýär. Ahyrynda töleg tabşyrygy amala aşyrylýar we harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň üpjünçiligi berjaý edilýär. Şoňa görä-de, internet dükanlarda tapgyrlaryň ählisi üçin anyk we ýeterlik maglumatlaryň berilmegi üstünligiň açarydyr. Elektron söwdanyň ösüşi bölek söwdanyň janlanmagynyň, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň we netijede, milli ykdysadyýeti ösdürmegiň hereketlendiriji güýjüdir.

    TÜRKMENISTANDA ELEKTRON SÖWDA — SANLYLAŞDYRMAGYŇ MÖHÜM UGRY
    «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin berjaý edilmegi zerur bolan üç ugruň biri elektron söwdadan, ýagny harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmeginden ybaratdyr. Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşýan şertlerinde Türkmenistan ýüze çykýan özakymlaýyn zerurlyklardan ugur alyp, halkara hereketlere işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda her bir raýata ýaşaýan ýerine garamazdan, ählumumy maglumat jemgyýetine gatnaşmak mümkinçiligini bermek üçin kompýuter sowatlylygyny ýaýbaňlandyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryň ýaýradylmagyna ýardam etmek boýunça strategik çäreler işlenip taýýarlanylýar we tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň şol bir wagtda, elektron söwdany elýeterli etmek arkaly şeýle jemgyýete çekilmegi durmuş we maddy abadançylygyň derejesiniň ýokarlanmagyna itergi berýär.
    Elektron söwda dolanyşygynyň artmagy ulanyjylaryň sanynyň artmagynyň, elektron gurluşlardan we internet söwdadan has batyrgaý peýdalanýan ýaş nesliň wekilleriniň elektron söwda çekilmeginiň, ykjam gurluşlarda söwdany ösdürmegiň hasabyna amala aşyrylýar. Internetde harytlar we hyzmatlar, köplenç, smartfonlarda we planşetlerde sargyt edilýär. Şoňa görä-de, türkmen telekeçileriniň onlaýn tertipde harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýän, ykjam telefonlardan ýa-da kompýuterlerden peýdalanyjylar üçin niýetlenen web-programmalaryna we saýtlaryna ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Bu bolsa müşderilere gözleýän zatlaryny çalt we hysyrdysyz tapmaga ýardam edýär.

    TÜRKMENISTANDA ELEKTRON SÖWDANYŇ GELJEGI
    Diýarymyzda tehnologiýalaryň we internetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly döreýän amatlyklar sarp edijileriň wagtynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, harytlar we hyzmatlar bazarynda dolanyşygyň çaltlanmagyna, milli ykdysadyýetiň özüneçekijiliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Elektron söwdany ösdürmegiň esasy meýilleri möçberi barha artýan internet dükanlarynyň harytdyr hyzmatlaryna hyrydarlygyň ýokarlanmagyny, onlaýn tertipde karzlaşdyrmanyň kämilleşmegini, elektron töleg ulgamlarynyň işjeň ulanylmagyny gurşap alýar. Şu esasdan, täze ulanyjylary çekmekden başga-da, olaryň internetde söwda etmegine barha köp ýykgyn etmegine, töleglere, eltip bermek ulgamlaryna we hyzmatlara ynamynyň ýokarlanmagyna ünsi güýçlendirmek zerurlygy öňe çykýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň çäginde sarp edijiniň harydy uzak aralykdan (distansion) satyn alandaky hukuklaryny kepillendirýän «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär.
    2020-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri tassyklanyldy. Onda internet dükanlaryň görnüşleri, hukuklardyr borçlar, uzaklykdan satylmagyna ýol berilmeýän harytlaryň sanawy, dermanhanalaryň elektron söwdany alyp barmagynyň aýratynlyklary, distansion satylýan harytlaryň mahabatlandyrylyşy, harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmekden ýüz öwürmek ýagdaýlary, eltip bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär. Bu döwrebap resminama sanly ykdysadyýetiň «ynamly ulanyjylaryny» emele getirmek, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmak, internet dükanlarynyň işini ýola goýmagy kadalaşdyrmak ýaly maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.