Ölçenýändir ynsan edebi bilen, has bagtly bolar ederin bilen...

    Dünýäniň meňzine ýaşaýşyň bakylyk nuruny çaýyp ýaşan, Zemini keramaty bilen dolandyryp duran päklik bar. Bu päklik alyslardan mizemän gelýän agraslyk, asyllylyk, mukaddeslik, edeplilik ýaly düşünjeleri öz boýnuna ýükläp, maşgala namysyny gorap bilýär. Elbetde, şeýle bagt guşy her bir maşgalanyň törüni bezäp bilýän bolsa, bir köňle söýgi paýlap bilýän bolsa, bir şinäni kemally edip bilýän bolsa, dünýäni hem mähri bilen ýyladýandygy hak. Ine, şeýle gözelligiň tarypyny etmek bolsa, diýseň täsirli.
    Aslynda gözellik ynsanyň kalbyndan önýän miwe hasaplanýar. Ol tebigydyr. Bu miwäni iýmitlendirýän zat bolsa zenanyň özüni alyp barşy, asyllylygy, päkligi hasaplanýar. Magtymguly atamyzyň:
    Gözel bardyr gözellerden zyýada,
    Anyň hyzmatynda durasyň geler.
    Edepli-ekramly, mylaýymzada,
    Tä ölinçäň bile ýöresiň geler... —

    diýip taryplaýşy ýaly, gözeli ähli gözellerden zyýada, ýagny artykmaç, belent edip görkezýän zat — onuň gylyk-häsiýeti. Ol gözel edepli-ekramly, mylaýym bolandygy üçin «gözellerden zyýada». «Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy — Garaňky gijede düşer ýalkymy» diýlen tarypa mynasyp bolmagyň aňyrsynda «sözlegen sözleri misli bal kimin» diýen şirin dillilik saklanýar. Gelin-gyzlaryň syraty bilen gylyk-häsiýeti utgaşykly bolanda bolsa şahyr aýtmyşlaýyn, «Döküp hazynanyň baryn bermeli» bolýar.
    Edeplilik, haýalylyk ýaly düşünjeler adamzat döräli bäri jemgyýetiň esasy sütünleri hasaplanyp, biziň milli terbiýe ulgamymyzda hem giň orun alýar. Zenanlarymyz terbiýäniň ilkinji başlangyjy hökmünde sylag-hormat we utanç-haýa duýgusyny goýýarlar. Bu alamatlary bolsa uzyn ýeňli, uzyn köýnekleri geýmek, ýaşmak ýaşynmak, seýkin ýöremek, ejaplylyk arkaly mälim edýärler. Ýene-de bir mysal, gelin gelen öýünde ilki ýüzüni görkezende salam arkaly özüni tanadýar, ýaşmak arkaly özüni syladýar. Bu hem türkmen zenanynyň zandyna ornan milliliginiň bir parçasy hasaplanýar.
    Dünýäde her kimiň öz gylygy bar,
    Oňatlary saýlap-seçgin diýdiler.
    Edep-sypaýyçylyk adamy bezär,
    Mydam gödeklerden gaçgyn diýdiler —

    diýip, zenan gözelliginiň edep-sypaýyçylyk bilen bezelýändigine ünsi çeken şahyr Gurbannazar Ezizow hem terbiýäniň asylly sypatlar bilen bina edilýändigini belleýär.