«Akar» jorap önümçiligini giňeldýär

    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagyny ösdürmek, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly harytlaryň möçberini artdyrmak ugrunda edýän tagallalaryna Ak bugdaý etrabynda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine «Akar» haryt nyşanly joraplary öndürýän kärhananyň alyp barýan guwandyryjy işleri aýdyň şaýatlyk edýär.
    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Serdar Annakowa degişli bolan bu kärhana etrabymyzyň senagat zolagynda ýerleşýär. 2018-nji ýylda gurlup, işe girizilen önümçilik kärhanasy dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli joraplary öndürmäge niýetlenendir.
    Kärhananyň önümçilik bölüminde Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu bolsa, kärhanada ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassaçylyk ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurtlardan getirilýän joraplardan pes bolmadyk joraplaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ol ýerde öndürilýän önümleriň gysga wagtyň içinde içerki we daşarky bazarda uly meşhurlyga eýe bolmagy önümiň hili bilen baglanyşyklydyr.
    Kärhanada çig mal hajatlary üçin gerek bolan ýüplükler Kaka etrabyndaky «Serdar» pagta egriji fabriginden şertnama esasynda satyn alynýar hem-de boýalandan soňra, önümçilik işinde ulanylýar. Önümçilikde boýalan ýüplükleriň ulanylmagy önümiň hiline oňaýly täsirini ýetirýär.
    Önümçilik bölümlerinde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Örme bölümi esasy bölüm bolmak bilen, ol ýerde işler üç çalşykda alnyp barylýar. Onda Italiýanyň meşhur önüm öndürijileriniň «Matec silver», «Lonati» ýaly kämil enjamlarynyň 150-si oturdylandyr. Olar arkaly erkekler, aýallar we çagalar üçin joraplar öndürilýär. Önümçilik bölümindäki «Conti complett» enjamlary önümiň burun tikiş işi üçin niýetlenendir. Ol ýerde zähmet çekýän gelin-gyzlar bu enjamlary netijeli peýdalanýarlar. Taýýar önümleri ütüklemek işinde «Technopea» enjamlary ulanylýar. Taýýar önümleriň hili gözden geçirilenden soňra, gaplama bölüminde gaplanylýar.
    Kärhanada ýaşlaryň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde ol ýerde her aýda dürli görnüşli joraplaryň jemi 500 müň jübüti öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ugradylýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, «Akar» haryt nyşanly joraplara, aýratyn-da, Russiýa, Gazagystan, Angliýa ýaly döwletlerde isleg has ýokarydyr.
    Önümçilik işinde sarp edijileriň isleginiň nazara alynmagy önüme bolan islegiň ýokarlanmagyna şert döredýär. Şeýle bolansoň, kärhanada buýurmalar esasynda öndürilýän dürli reňkdäki, dürli görnüşdäki jogaplaryň önümçiligini geljekde has-da giňeltmek maksat edinilýär.