Milli immunizasiýa maksatnamasy: keselleriň öňüni almagyň möhüm çäresi

    Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän saglyk sy-ýasaty ilatyň saglygyny gowulandyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, şeýle hem adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça düýpli çäreleriň toplumyny öz içine al-ýar. Şunda dürli keselleriň öňüni almakda möhüm çäre hökmünde döwlet immunizasiýa maksatnamasy aýratyn orny eýeleýär.
    Milli saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň ýaýramagy we ýok edilmegi babatda gazanylan neti-jelerde öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmeginiň orny ýokarydyr. Hormatly Prezidentimiziň bel-leýşi ýaly, sanjymlaryň geçirilmegi ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almakda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň esasynda Türkmenistanda keselleriň öňüni alyş Milli sanjym tertibi täze waksinalaryň girizilmegi bilen üýtgäp durýar. Ilaty immunizasiýalaşdyrmak işleri Bütindünýä sag-lygy goraýyş guramasy tarapyndan makullanan ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýär. Şeýle waksinalary we immunizasiýa serişdelerini satyn almak döwletimiziň hasabyna amala aşyrylýar.
    2019-njy ýyldan öňüni alyş sanjymlaryň Milli tertibiniň düzümine jemi 14 sany ýokanç kesellere garşy, şol sanda difteriýa, gökbogma, bürmä, poliomielite, gyzamyga, gyzylja, epidemiki parotite (hapgyrtma), wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusy-na we ýene-de üç sany ýokanja — pnewmokokk ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine we ro-tawirus ýokanjyna garşy täze sanjymlary goşuldy. Şeýle hem ähli saglyk öýlerinde we Jemgyýet-çilik saglygy we iýmit merkezinde isleg bildirýänlere dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda kombinirlenen, düzüminde birnäçe ýokanç kesellere garşy immunitetiň döremegini üpjün edýän waksinalary satyn almaga uly üns berilýär. Munuň özi döw-let Baştutanymyzyň ilatyň saglygy hakynda edýän aladasynyň aýdyň nyşanydyr.
    Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde immunizasiýa işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilat arasynda keselçilik görkezijisi peseldi. Saglygy goraýyş ulga-mynda keselleriň köp görnüşi dolulygyna ýa-da bölekleýin aradan aýryldy. Munuň özi Türkme-nistanda ilatyň saglygyny goramaga, ýokanç kesellere garşy göreşmek babatda abadançylygy üp-jün etmäge gönükdirilen işleriň oňyn netijesidir. Şunlukda, ýurdumyzda drakunkulýoz parazit ke-seliniň, gyzamygyň we gyzylja ýokanç keseliniň ýok edilendigi Bütindünýä saglygy goraýyş gu-ramasynyň halkara güwänamasy bilen tassyklanyldy. Ýurdumyz başga-da birnäçe howply kesel-leriň ýaýramadyk az sanly döwletleriniň sanawyna girýär. Şunda ýurdumyzda ilatyň difteriýa, bürme keseli, gökbogma, epidemiologiýa paratiti ýaly keseller bilen kesellemeginiň görkezijileri-niň peselendigi aýratyn bellärliklidir.
    Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünliklerine ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha berildi. 2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda saglygy goraýyş boýunça geçirilen halkara maslaha-tyň dowamynda bu abraýly guramanyň Türkmenistandaky wekili ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän immunizasiýa boýunça milli maksatnamanyň ýokary görkezijilere eýe bolandygy üçin ýörite Şahadatnamany gowşurdy.
    2019-njy ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy-nyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dü-mew boýunça milli merkez diýen dereje berildi. Munuň özi dümewe garşy barlaghana gözegçiligi-ne we ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşilýändigini gör-kezdi.
    Hormatly Prezidentimiz ilatyň azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna döwlet tarapyndan gö-zegçilik etmegi bu gullugyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminiň düzüminde waksinalar we immunobiologiýa serişdeleri saklamak üçin niýetlenilen ammar bar. Ol Bütindünýä saglygy gora-ýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän, sowadyjy we doňduryjy otaglar bilen üpjün edilendir. Döredilen döwrebap mümkinçilikler ýurdumyza getirilen waksinalary «sowuklyk zynjyrynyň» ta-laplaryna laýyk kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga şert döredýär. Şeýle hem bu bölümde paýtagtymyzyň we welaýatlaryň arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gul-luklaryndan ýerlerde keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişi hakynda maglumatlardyr hasa-batlar elektron usulynda kabul edilip, seljerilýär.
    Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, dürli keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolan immunizasiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we hyzmatdaşlaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň aprel aýynda Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyň geçiril-megini muňa mysal getirmek bolar. Şeýle hem ýurdumyzdan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärle-rine yzygiderli okuw-seminar sapaklary guralýar. Her ýylda dünýäde täze maglumatlaryň ýüze çykmagy bilen baglylykda, olaryň mazmuny baýlaşdyrylýar.
    Dürli keselleriň öňüni almakda sanjymlar we waksinalar bilen birlikde bedeniň ýokary derejeli ke-sellere garşy göreşijilik ukybyny — immunitetini gazanmak ýokary netijeleri berýär. Şunda biler-menler bedeniň kesellere garşy tebigy göreşijiligini ösdürmek hem-de berkitmek üçin kadaly uky-nyň, sagdyn iýmitlenmek düzgünleriniň, sport we bedenterbiýe maşklarynyň berjaý edilmeginiň — sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň esasy görkezijileriň biridigini belleýärler. Hormatly Pre-zidentimiziň başda durmagynda, ilatymyzyň oňyn ýaşaýyş-durmuş, zähmet hem-de işjeň dynç alyş şertleri, azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi sagdyn-durmuş ýörelgesiniň berjaý edilmegine we pugtalanmagyna şert döredýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bagtyýarlyk saglykdan başlanýandyr.