Ary balynyň bejeriş häsiýetleri

    Ary baly ynsan saglygy üçin ýokumly azyk önümi bolup, ol dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Aýratynam sowuklamada gyzgyn süýde bal garyp içirilse, peýdasy kän.
    Limon suwy bilen goşulan ary balyny içmek saglyga oňaýly täsir edýär. Munuň üçin ýarty limonyň suwuny sykyp, 100 gram bal bilen garmaly. Taýýar bolan melhemi bir nahar çemçesi möçberinde günde 3-4 gezek içmeli.
    Gyzgyn çaý bilen içilen bal adamy gowy derledýär. Üsgülewükde ownuk dogralan ýarym kilogram soganyň üstüne 50 gram bal, 40 gram şeker, bir litr suw guýup, haýal ýanýan otda 3 sagat gaýnatmaly. Soňra ony süzüp, agzy ýapyk gapda saklamaly. Näsaga günde 4-6 nahar çemçeden içirmeli.
    Ýaşy birçene baran adamlar dümewlände üsgülewük uzak wagtlap aýrylmaýar. Şonda bal bilen garylan sogan iň oňat serişde hasaplanýar. Gyrgyçdan geçirilen soganyň üstüne azrak sirke guýup, hasa bilen suwuny sykyp almaly. Edil şol möçberde ary balyny garmaly. Şol garyndydan syrkawa her ýarym sagatdan çaý çemçesini dolduryp bermeli. Özüni bal bilen bejerýän adam 3-4 günlap düşekde ýatsa ýa-da öýden çykmasa has gowy. Sebäbi ary baly adamy derledýär.
    Ary baly ýüregiň işleýşine örän oňaýly täsir edýär. Sebäbi onuň düzüminde ýeňil siňýän glýukoza köp saklanýar. Glýukoza bolsa, damarlary giňeldýär, gan aýlanyşy gowulandyrýar.
    Ary baly her gün orta hasap bilen 70 gram töweregi yzygiderli iýlende (1 – 2 aý), ýüregi agyrýan hassanyň ýüreginiň işi kadalaşýar. Ary baly bilen garylan gök önüm suwlary bolsa, gan basyşy ýokary adamlara peýdaly.
    Gyzyl käşiriň, turpuň, şugundyryň hersiniň bir käse suwuny alyp, ary baly bilen garmaly we agzy ýapyk gapda salkyn ýerde saklamaly. Günde üç wagtyna bir nahar çemçesinden nahardan ýarym sagat öň içmeli. Muny iki aýlap dowam etdirmeli. Aşgazany näsag adamlara bu garyndyny içmek bolmaýar.
    Nerw ulgamy gowşan, gaharjaň adamlara her gün agşam bir käse gaýnan suwa bir çemçe ary baly, limonyň suwy goşulyp taýýarlanan içgini uklamazdan öň içmek maslahat berilýär.