Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy “Şahtýoryň” düzümindäki ilkinji duşuşygyny geçirdi

    Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gazagystanyň çempionatynda çykyş edýän Karaganda şäheriniň “Şahtýorynyň” düzüminde ilkinji duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanly futbolçy esasy düzümde oýna girdi diýlip, turkmenportal.com saýtynda habar berilýär.
    Gazagystanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäginde “Şahtýor” Gyzylorda şäheriniň “Kaýsaryndan” myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.
    “Şahtýor” topary özüniň indiki duşuşygyny 22-nji awgustda myhmançylykda Petropawlowsk şäheriniň “Kyzyl-Žara” toparynyň garşysyna geçirer.
                                            Çeşme: http://tff.com.tm