SANLY ULGAMYŇ TÄZE HYZMATLARY

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň  biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdyr. Sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, onda wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmaga amatly şertler döredilýär.
    Berkarar döwletimizde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy»  esasynda halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak göz öňünde tutulandyr. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir.
    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň  27-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, her bir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalaryna, sebit we şäher häkimliklerine elektron resminama dolandyryş ulgamlarynyň gurnalmagyny üpjün etmegi we internetde öz web sahypalaryny döretmek tabşyryldy. Bu Kararyň netijesinde durmuşa geçirilmeli işleriň guramaçylyk görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalara degişli bolmagy, 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynyň sanly görnüşe geçmegine we onlaýn hyzmatlaryny hödürlemeklerine amatly şertleri döredýär. 
    Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň köp sanlysynyň öz internet saýtlary hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda we hususy birliklerde elektron resminamalary dolandyryş ulgamynyň girizilmegi bilen üstünlikli dolandyrylýan milli web-sahypalarymyz has-da işjeň, döwrebap ýagdaýa gelýärler we täze elektron hyzmatlaryny halkymyza hödürleýärler. Ähli edara-kärhanalaryň internet ulgamyna geçmegi olar bilen ýurdumyzyň ilatynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ykjam aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer we Türkmenistanyň täze sanly keşbini emele getirer. Ýurdumyzda hereket edýän ähli internet sahypalarynyň amatly we bir umumy ulgamda elýeterli bolmagy üçin «bir penjireli» www.e.gov.tm. internet portaly döredildi.
    Milli Liderimiziň Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet (www.migration.gov.tm) sahypasynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler we täzelikler bilen okyjylaryň wagtynda tanyşmagy üpjün edilýär. Onda ata Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän wideo ýazgylar we migrasiýa işi bilen baglanyşykly habarlar türkmen, rus we iňlis dillerinde yzygiderli çap edilip, olar bilen baglanyşykly suratlar ýerleşdirilýär. 
    Bulardan başga-da, raýatlarymyza berilýän migrasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatynyň biometrik maglumatly pasportyny almak üçin «Onlaýn hyzmatlary» bölüminde «Onlaýn elektron nobata ýazylyş ulgamy» işe girizildi. Bu täze döredilen döwrebap hyzmatlaryň üsti bilen, raýatlara biometrik maglumatly pasport almak üçin elektron nobata ýazylmaga hem-de migrasiýa gullugynyň ygtyýarlygyna girýän meseleler boýunça ýolbaşçylaryň kabul edişligine ýazylmaga mümkinçilik döredildi. Döredilen hyzmatlar raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga hem-de özlerine amatly wagtda resminama tabşyrmak üçin nobata durmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 
    Biz — harby gullukçylara döwrebap şertlerde işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun.