Pisse tokaýlygynda (Bathyz gündeliginden)

    Men ýene-de Bathyzda. Geçen gezekki syýahatymdan bäri kän bir üýtgän zat ýok. Şol gadymy dünýe diýleni. Janyna jaý tapmadyga ogşaýan ala-gök bulutlaryň nirädir bir ýerlere kerwen tartyp, henizem şol «göçhä-göçlügi». Güne gyzan gumaşak ýola bagryny owkalap ýatan zemzen ümsümligi bozanymy halamadyk kysmy, çişip, haýbat atýar. Ýoldan çykyp, bir sagat bäri çelgi alyp gelýän beýik baýryma dyrmaşýan. Baýryň gapbiline ýetiberenimde, birnäçe keýigokara gabat geldim. Gyzyklanma bilen olary birlaý barlap çykýan. Keýikler içen bolsa gerek, hiç bir okarada suw ýok. Belki, keýik görerin niýet bilen daş-töweregime seredýän. Saralan otlaryň altyn öwüsýän ummanynda gytyk tüýli tilki öz ýoly bilen selkildäp barýar. Haýt, şol mekirje bolsa gerek, keýikleri ürküzen.
    Häzir dik ýokary galan Gün kölegeleri agaçlaryň goýnunda gizläpdi. Äpet gabarasy bilen «Şul-a, hatda goja dünýäň ýasalyşyna-da şaýat bolsa gerek» diýdirýän pisse agajyny saýalaýan. Ho-ol aşakda Bathyz şemaly henizem peşmek kowalap ýör. Gözýetimiňe sygýan giňişlikde ýaýylyp ýatan pisse tokaýlygynda hereket ýetik. Pisse hozunyň ýygnalýan möwsümi. Dynjymy alýançam gurasa gerek diýen niýet bilen bir hoşa pissäni arassalap, takyrjak ýere serip goýýan. Elime ýokuşan pisse şepbigini arassalap durşuma, onuň şepbigi — terraktiniň iň gymmatly zat hasaplanýandygyny, ony ýokary hilli çeperçilik reňklerini öndürmekde ulanylýandygy barada internetde okan maglumatlarymy ýatlaýan...
                                            * * *
    Pisse diňe bir adam üçin däl, haýwan üçin hem iýmit bolup hyzmat edýär. Mundan birnäçe ýyl ozal Kepele pisse tokaýlygynda bolan wagtym keýikleriň pisse hozuny iýýändigini görüpdim. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň hünärmeni, bu ýerleriň aýratynlygy boýunça ylmy iş alyp barýan Maýa Sapargylyjowanyň beren maglumatlaryna görä, dag goçlary, oklukirpiler, guşlaryň birnäçe görnüşi, hatda syrtlanlar hem pissäni höwes bilen iýýän ekenler. Bathyzyň gözel keşbi şahyr Italmaz Akmyradowyň eserlerinde hem beýan edilýär:
    Alysdaky akja tozan jerendir,
    Laçyn özün al-asmanda gerendir,
    Oklukirpi pisse çöpläp ýörendir,
    Ajyny-süýjüni bilen bar munda.
    Biz golaýda Maýa Sapargylyjowa bilen ýene-de söhbetdeş bolup, Bathyzdyr pisse tokaýlygy barada bilýän maglumatlarymyzyň üstüni ýetirdik. Hünärmeniň gürrüň bermegine görä, Bathyzda pisse 14230 gektar meýdany tutýar. Onuň 3597 gektary inžener-tehniki desganyň gaýrasynda ýerleşýär. Emeli usulda ekilen pisse tokaýlygy 5489,4 gektar, tebigy pisse tokaýlygy bolsa 8741,5 gektar meýdany tutýar. Ýygym döwri haýwanlar pisse tokaýlygyndan çekilýär. Ýygymyň öňüsyrasynda ýygnalmaly hasylyň möçberi kesgitlenýär. Munuň üçin belli bir meýdançany alyp, pisse hoşalary sanalýar. Soňra olar ýörite formula boýunça hasaplanyp, şol ýylky tabşyrylmaly hasylyň möçberi çykarylýar. Bathyzda 1978-nji ýyldan başlap, 30 ýyllap synag işleri geçirilýär. Synaglaryň netijelerine görä, pissäniň 16 ýyl hasyl berendigine göz ýetirilýär. Onuň 5 ýyly gowy, 5 ýyly pesräk, 6 ýyly has pes hasylly bolupdyr.
    Pisse agajy tebigy şertde 25 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. 75 ýyldan soňra kadaly hasyla durýar. Öý şertlerinde ekilende, 7-8 ýyldan hasyl berip ugraýar. Pisse agajy 600 ýyla çenli hasyl bermäge ukyplydyr. Soňra onuň kem-kemden hasyllylygy azalýar.
    1991-nji ýylda Kepeledäki garry pisseleriň ýaşy kesgitlenip, alymlar olaryň ýaşynyň 840 ýyldan hem geçýändigi baradaky netijä gelýärler. Pisse agajynyň ýaşy olaryň şahasynyň ýaýbaňlygyndan ugur alnyp hasaplanýar. 75 ýaşdan 250 ýaş aralygyndaky pisselere ýaş pisse, 250 ýaşdan 500 ýaş aralygyndakylara orta ýaşan, 500 ýaşdan ýokardakylara garry pisse diýilýär.
                                            * * *
    ...Seresaplyk bilen kiçiräk pisse hoşasyny ýoldum. Hoşanyň üzülen ýerinden şepbik akyp ugrady: bu agajyň özüni zyýanly mikroblardan goradygy, bejerdigi diýip düşündim. Aslynda, tebigata duýgurlyk mahsus. Ol özüne seresap çemeleşilmegini isleýär. Bu pisse barada aýdylanynda hem şeýledir. Bathyzda alymlar şeýle synag geçirip görýär: belli bir meýdançadaky pisse agaçlarynyň hasylyny gödeklik bilen ýygyp, hoşalaryny bişip-bişmänkä goparyşdyrýarlar, şahalaryny dözümsizlik bilen döwýärler. Şundan soň näme bolandyr öýdýäňiz? Meýdançadaky pisseler 15 ýyllap hasyl bermändir. Baglar özüne beýle daraşylmagyndan «gaty görüp, öýkelän» bolara çemeli. Tebigatyň duýgurlygyna mundan başga nähili subutnama gerek?! Pisse agaçlarynyň bu häsiýetini göz öňünde tutup, ýygymçylar bilen pisse ýygymynyň öňýanynda olara seresaply çemeleşmek barada ýörite gürrüňdeşlik geçirilýän ekeni.
                                            * * *
    Tas dokuz asyry arka atan pissäniň saýasynda oturşyma, her ýerräkde ýatan guran pisse şahalarynda gözüm eglendi. Gadym zamanlarda pissäniň guran şahalary magdan eretmekde ulanylypdyr. Bu agaç baradaky ýatlamalar baryp, biziň eýýamymyzdan öňki V asyr çeşmelerinde hem duş gelýär. Rimliler özüniň Aziýa eden ýörişinde pissäni Italiýa getirýär, ol ýerden bolsa Ispaniýa äkidilýär. X asyrda pisse bagy Merkezi we Demirgazyk Amerika düşüpdir diýen maglumatlar bar. Onuň ýapraklaryndaky düwürli ösüntgilerden (buzgunç) eýleýji maddalar alynýar, ýelim edilýär. Ýerli ilat haly dokanda, ony ýüňi we ýüpegi gyrmyzy hem-de goýy gyzyl reňklere boýamak üçin ulanypdyr.
                                            * * *
    Şu ýyl pisse ýygymy 14-nji awgustda başlandy. Ol mydama bolşy ýaly, 10 gün dowam edýär.
    Men baýyrdan aşak düşüp ugradym. Aşak düşdügimçe, Bathyz şemalynyň täsiri has güýçli duýlup başlandy. Aýdyşlaryna görä, aralygy 10 metrden hem uzak bolan pisse baglarynyň kökleri biri-biri bilen berk baglanyşykly bolýar. Şonuň üçin olar islendik ýele döz gelip bilýär. Edil «Söýenişen ýykylmaz» diýleni-dä!
    Ýaş pisseleriň deňinden geçip barşyma, asyrlarboýy durjak bu baglara bakylygyň nyşany hökmünde seredýän. Goşawujymaky pissä nazar aýlap, ýakyn günlerde ildeşlerimiziň hem täze hasyldan datjakdygyny ýatlaýan.
    Pisse tokaýyna golaýlaşdygymça, ýygymçylaryň sesleri eşidilip ugraýar. Niýetim — olaryň armasyny ýetirmek. Häzir günortanlyk edinmek üçin bir ýere ýygnanyşsalar gerek. Hödür etseler, çaý içerin. Taňry ýalkan bu keremli ýerlerde taňkada gaýnan çaýa taý geljek zat ýokdur. Ýygymçylaryň gyzykly wakalary gürrüň berjekdigine-de ynanýan. Men ol gürrüňleri indiki gezek hökman size-de ýetirerin...
                                            Allanur ÇARYÝEW,
                                            «Türkmenistan».