Iňlis dilinde söz baýlygymyzy artdyrmagyň 3 aňsat ýoly

    Iňlis dilinde sözlemleriň gurluşyny öwrenenimizden soňra dürli sözlemleri düzüp bilmek üçin söz baýlygy gerek. Söz baýlygyny ösdürmek üçin bu günki öwretjek 3 usulymyz hem gyzykly, hemem täsirli. Bu usullaryň atlaryny men özümçe atlandyrdym. Geliň, onda başlalyň!
    1. Gün şöhlesi usuly
    Çaga wagtymyz surat derslerinde tebigatyň suratyny çekmeli bolanda hökman asmanda Güneşi çekerdik. Bir sany uly tegelek we daş-töweregine hem şöhlelerini ýaýradardyk. Boş wagtyňyz ýanyňyzda kagyz-galamyňyz bar bolsa, derrew bir sany şöhleli Güni çekiň we tegelegiň ortasyna daş-töweregiňizde görýän zatlaryňyzyň biriniň adyny ýazyň! Mysal üçin — köýnek. Indi şöhleleriniň ujuna bolsa «köýnek» sözi bilen baglanyşykly işlikleri ýazmaga çalşyň! Köýnegi näme edip bolýar? Geýip, çykaryp, tikip, ýuwup, ütükläp, satyn alyp, satyp, epläp, asyp... Garaz, şöhleleriň sanyny näçe köpeltseňiz köpeldiberiň. Indi bolsa sözlügiň kömegi bilen şol sözleriň iňlisçesini öwreniň! Wagtyňyz bar bolsa, dürli sözlemleri düzüň. Mysal üçin, «I wear a shirt every day».

    2. Zynjyr usuly
    Hem söz baýlygymyzy artdyryp biljek, hemem iňlis diliniň grammatikasyny dogry öwrenmegiňize ýardam etjek bu usuly «zynjyr» diýip atlandyrdyk. Eýsem, bu usulda näme etmeli?! Isle kompýuteriňize ýa telefonyňyza, ýa bolmasa kagyza bir ýönekeýje sözlem ýazyň. Indi bolsa şol sözlemiň yzyna mümkin boldugyndan köp söz goşmaga çalşyň! Emma goşýan sözleriňiz sözlemiň manysyny bozmasyn. Muny ýekelikde ýa-da dostlaryňyz bilen hem gezekli-gezegine söz goşmak arkaly hem oýnap bilersiňiz.
    Mysal üçin, siz kagyza «I learn English» diýip ýazyň we pikirlenip yzyny dowam etdirmäge synanyşyň. Aýdaly, «I learn English at school every day with my friends» diýen ýaly sözleri goşduňyz. Düzen sözlemleriňiziň dogrulygyny internetde www.gingersoftware.com sahypasynda ýazyp barlaýmaly.
    
    3. Diňle, öwren!
    Islendik dili öwrenmegiň iň täsirli usuly ol hem şol dilde diňlemekdir. Öz halaýan filmleriňizi ýa-da multfilmleriňizi iňlis dilindäki sözleri bilen tomaşa etmek hem-ä söz baýlygyňyzy artdyrar, hemem dili erkin ulanyp bilmek başarnygyny gazandyrar. Eger-de kompýuteriňizde ýa-da telefonyňyzda iňlis dilinde kinolar bar bolsa, onda olaryň sözleriniň ýazgysyny «Google»-dan kinoňyzyň adyny we yzyndan «subtitle» sözüni ýazyp ýükläp bilersiňiz. Göwrümi juda az bolan bu faýllar tiz ýüklenilýär. Soňra bolsa kompýuteriňizdäki ýa-da telefonyňyzdaky pleýerde şol faýly kino bilen bilelikde açaýmaly.
                                        Taýýarlan Şageldi ÝABANOW,
                                        «Nesil».