Tanyş boluň: innowasion institutyň nou-haulary!

    2020 — 2021-nji täze okuw ýylyna taýýarlygyň meselelerine bagyşlanyp geçirilen bilim işgärleriniň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan sergi hem guraldy. Innowasion bilim ojagyň gazanan üstünliklerini hem-de institutyň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylmy taslamalaryny şöhlelendirýän sergidäki eksponatlar dogrusynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Ýegennazar Jumanazarow gürrüň berdi. Geliň, ýurdumyzyň öňdebaryjy innowasion bilim ojagynyň ylmy mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyş bolalyň!
    Awtomatlaşdyrylan el arassalaýjy ulgam — Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Innowasiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän epidemiologik ýagdaýlar bilen baglylykda, hemmeleriň şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi möhümdir. Şunda, ilki bilen, elleri wagtly-wagtynda ýuwmak we antiseptiki serişdeler bilen zyýansyzlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Awtomatlaşdyrylan el arassalaýjy ulgam hem hut şu möhüm işe goşant goşmak maksady bilen döredildi. Bu täze taslamanyň ulanylyşy örän ýönekeý: ýörite ýerleşdirilen halkaly ulgamdaky aralyk ölçeýji enjam degişli ýere elleriň ýakynlaşandygyny duýýar we zyýansyzlandyryjy serişdäni sepýär, netijede ellerimiz kesel dörediji mikroblardyr wiruslardan goralýar.
    Elektron kitaphana — okyjylaryň wagtyny tygşytlamak maksady bilen döredildi. Ulanyjy öz şahsy kartyny ýörite ulgama galtaşdyran ýagdaýynda okyjynyň san belgileri awtomatik ýagdaýda anyklanylýar we ulanyja elektron kitaphana girmäge mümkinçilik döreýär. Bu kitaphanada hormatly Prezidentimiziň kitaplary, golýazmalardyr ylmy gollanmalar, institutyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan kitaplar hem-de okuw sapaklarynyň ýazgylary ýerleşdirilen. Bu kitaplary ýokary okuw mekdebiň bilim portalyndan almak mümkinçiligi hem bar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň giň gerimde sanlylaşdyrylýan häzirki şertlerinde elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagy bilen birlikde, elektron kitaphanalaryň bolmagy-da ilkinji zerurlyklaryň biridir.
    «VR» (hyýaly hakykat) ulgamy — ony «elektron tejribehana» diýip hem atlandyrmak bolýar. Bu ulgam arkaly hakyky dünýäde edip bilmejek işlerimizi etmäge ýa-da göterip bilmejek agyr ýüklerimizi götermäge, birikdirip bilmeýän serişdelerimizi ýeňillik bilen birikdirip görmäge mümkinçilik berýär.
    Elektron boý ölçeýji enjam — ýörite oturdylan enjam terezä çykan adamyň boýunyň ölçegini awtomatiki usulda ölçeýär. Sanly ulgamlaryň durmuşymyza giňden ornaşmagy adamyň eli bilen edilýän işleriň ählisini kem-kemden elektronlaşdyrar, wagtyň geçmegi bilen boý ölçeýji santimetriň işi hem «könelişip», ol öz gezegini elektron boý ölçeýjilere bermeli bolar.
                                        Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA,
                                        «Nesil».