Bu kimiň howa şary? (Pikir ýöretme)

    Meşhur suhangöý elli adamdan ybarat toparyň öňünde çykyş edipdir. Birden ol sözüne dyngy beripdir-de, duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini geçirjek tejribesine goşulmaga çagyrypdyr. Suhangöý adamlaryň hersine bir howa şaryny berip, oňa özleriniň adyny ýazmaklaryny haýyş edipdir. Soňra ol şarlar öňem şol birmeňzeş reňkdäki şarlardan doly bolan bir otaga oklanypdyr-da, synag tejribesine gatnaşyjylardan bäş minutyň içinde her kimiň öz şaryna eýe çykmagyny haýyş edipdirler. Adamlar başagaý halda öz ady ýazylan şary gözläp, biri-birini itenek-çokanak edişip ugrapdyrlar. Hiç zat seljerer ýaly bolmandyr.

    Netijede, bäş minut wagt geçse-de, öz şaryny tapan kişi bolmandyr. Şonuň üçinem olaryň her haýsynyň at ýazylan islendik bir şary tapyp, hak eýesine gowşurmagy teklip edilipdir. Sähelçe minutdan soň her kimiň öz şary elinde eken. Şonda suhangöý şeýle diýipdir: «Biziň durmuşymyzda-da hut şeýle ýagdaý bolup geçýär. Hemmeler başagaý halda, nirededigini bilmeýän bagtyny agtarýarlar. Biziň bagtymyz özge adamlaryň bagtlylygyndan ybaratdyr. Olara bagt eçiliň, şonda siz öz bagtyňyza eýe bolarsyňyz».
    ...Başga-da bir edere işim bolmansoň, şu ýokarky ýazgyny terjime etdim. «Hem taýyma baş öwredýän, hem daýymlara gidip gelýän» diýleni ýaly boldy. Bu ýazgy bir ýola okap ýa terjime edip, bir gyra süýşürip goýardan has täsirlidi. Ol barada oýlanmazlyk mümkin däldi (hiç bolmanda, meniň üçin-ä şeýle). Durmuşda kimdir biriniň ady ýazylgy şarlar, gör, näçe sapar öňümizden çykandyr. «Aý, meňki däl-le» diýip, ötüp-geçen gezeklerimiz hem, meger, şonçadyr. Hol al-asmandan uçup barýan şar barada aýtmanyňda-da, bu şeýledir...
    Oýlanyp oturyşyma, «belki, şu terjime eden ýazgym kimdir birine niýetlenen şardyr» diýen pikir kelläme geldi. Mümkin, munda bir adama däl-de, köpe niýetlenen, hemmä ýetjek şarlar bardyr. Muny hak eýesine — eýelerine gowşurmak kararyna geldim. Şonuň üçinem, ilki ýöne keýpine terjime eden hem bolsam, indi muňa çapa hödürlemeli diýen nukdaýnazardan garap başladym. Göz öňümde öz şaryny agtaryp ýören adamlar janlandy.
    Birinjisi, gazetiň her sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýdyp jaň eden daýza. Ol gazet makalalarynyň birinden ady agzalan kitaby höwes bilen okasynyň gelýändigini, şony türkmençä terjime edilse, ilkinji okyjylarynyň biri boljakdygyny aýdypdy. Şu ýazgy hem şol diýilýän kitabyň mazmunyna bap gelýär. Eýýäm meniň göz öňümde bu ýazgyny dodagyny çalaja müňküldedip okap, myssa ýylgyryp oturan okyjy — öz şaryny tapan şol daýza ör-boýuna galdy.
    Ikinjisi, ýurduň çetki etraplarynyň birinden til kakan ýaşuly. Ol gözi kütelişenligi sebäpli, gazeti ogluna okadýandygyny aýdypdy. Häzir ol bu sözleri eşidip, gulak asyp oturyşyna, çala baş atýan bolsa gerek...
    Beý, walla, ýogsa-da, muny meniň okamagyma sebäp bolan adam hem şeýle oýlara gümra boldumyka? Ýa-da men muny aşa mahabatlandyraýýarmykam?! Beýle däldir, sebäbi bu ýazgynyň maňa ýetmegi gönüden-göni adym ýazylan howa şaryny elime gowşurylan ýaly duýgyny döretdi. Şeýle-de durmuşymda elime gowşurylan beýleki howa şarlary barada oýlandyrdy...
    Çagakak oýnap ýören futbol pökgimiz gyladiş batyp, ýarylanda, ony ýamap, öňki katdyna getirip beren ýaşuly howa şaryny gowşuran eken...
    Möwçli akýan suwdan geçmegiň tärini tapman, aljyrap durkam, ýalpak ýeri görkezen goja — Hemdem baba hem şeýle eden eken...
    Suwsuzlykdan ýaňa agzym kepäp, dodaklarym biri-birine ýelmeşip ugranda, daşyna keçe tutulyp, öllenen mytarasyndan Aby-Zemzem çeşmesinden alnan dirilik suwy ýaly sowuk suwdan gandyran ýaşuly hem şeýle eden eken...
    Mekdebe barýarkam tamdyrdan mele-myssyk çörekleri çykaryp durka bir kesemen gyzgyn nany suwa basyp beren Ogulbaýram eje-de bu sanawa goşulyp biler...
    Bularyň öwezine men näme berdimkäm?! Häzir-ä elimden gelýän zat ýok. Hä, ýadyma düşdi. Esli ýyl ozal howa şary bilen bagly başga bir tymsaly hem terjime edipdim. Ony hem şonda ýöne keýpine terjime eden-de bolsam, häzir ýeri gelen ýaly. Onda-da dürli reňkdäki howa şarlary bar, her kim özüne geregini — öz şaryny alar-da...
    Kiçijek garaýagyz oglanjyk bazarda şar satýan adama syn edip duran eken. Ol çagalaryň — bolup biläýjek kiçijek alyjylaryň ünsüni çekmek üçin, gyzyl reňkli şary göge uçuryp goýberipdir.
    Soňra ol gök şary hem şeýdip uçurypdyr. Olar ýokary galyp baryşlaryna ahyry gözden ýitip gidipdirler. Garaýagyz çagajyk uzak wagtlap gara reňkli şara seredip duransoň, ahyry dillenipdir:
    — Daýy, şol gara şary hem goýberseň, şeýdip ýokaryk uçup bilermi?
    Satyjy ýylgyrypdyr-da, gara şaryň sapagyny kesipdir. Ol asmana göterilip gidipdir.
    — Esasy zat reňkde däl, oglum. Şary ýokary göterýän onuň içindäki zatdyr.

             Orazmyrat Myradow. "Nesil"