Mähriban ildeşler!

    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň ugrunda awtoulaglaryň tizligine gözegçilik sanly ulgam arkaly awtomatik usulda alnyp barylýar.
    Muňa garamazdan, käbir sürüjiler paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň ugrunda awtomatik usulda awtoulaglaryň tizligini ölçeýän wideogözegçilik nokatlaryna golaýlanlarynda, ulagyň tizligini peseldýärler we olardan geçenlerinden soňra, indiki ornaşdyrylan wideogözegçilik nokadyna çenli ýene-de tizliklerini artdyrýarlar.
                                        Hormatly sürüjiler!
    Paýtagtymyzyň köçeleriniň, şaýollarynyň ugrunda ýerleşdirilen ulaglaryň tizligini ölçeýji enjamlar arkaly, iki nokadyň arasynda geçilen ýoluň hasaba alynmagy bilen, matematiki hasaplamada awtoulagyň tizliginiň ortaça jemi çykarylyp, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulanlygy üçin bellenilen tertipde administratiw jerime salynýandygyny size ýatladýarys!
    Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý ediň! Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin zerurdyr, çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy!».
    Ýoluňyz ak bolsun, eziz ildeşler!
                                        Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy.