Saglyk bilen sportuň sazlaşygy

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglyk hakynda: «Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr» diýip belleýär. Bu günki gün ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň şeýle dürdäne sözlerini baýdak edinip, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş kadasyna öwürdiler.
    Sport — gözellik hem sagdynlyk. Sport — sazlaşyk hem ruhubelentlik, sagdyn bolmaga kuwwatly itergi berýän güýç, saglygyň gözbaşy. Ýurt Baştutanymyz ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin örän uly aladalar edýär. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen sport desgalarynyň onlarçasy indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň hyzmatynda.
    Halkymyzda “Baş saglygym — dünýe baýlygym” diýilýär. Muňa dogry düşünýän raýatlarymyz dürli maşklary ýerine ýetirip, sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ylaýta-da, ruhy zähmet bilen meşgullanýan adamlara maşklaryň görnüşlerini ýerine ýetirmek diýseň zerur. Bu bolsa uzak günki çekjek zähmetiňe hyjuwly ýapyşmaga ýardam berýär.
    Ýurdumyzyň ähli künjeginde täze sport toplumlary, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleri, ýörite sport mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn bolmagy, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli bolmalydygyny yzygiderli nygtaýar, çünki sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi döwrümiziň möhüm wezipesine öwrüldi. Bu bolsa berkarar ýurdumyzda saglyk bilen sportuň sazlaşykly bitewiligini üpjün edýär.
    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak boýunça Diýarymyzda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ynsan üçin iň gymmatly zat onuň saglygydyr. Ynsan saglygyny goramak we onuň ömrüni uzaltmak ynsanyýetiň arzuwlap gelen esasy islegidir. Häzirki wagtda bu arzuw-islegler biziň ata Watanymyzda üstünlikli hakykata öwrülýär. Şu günki günde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilen döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, saglyk öýleridir şypahanalar halkymyzyň hyzmatynda. Munuň özi eziz Diýarymyzda ähli tagallalaryň sagdyn jemgyýeti gurmaga, halkymyzyň bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändiginiň, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    Halk pähiminde bellenilişi ýaly, durmuşda hemme gowy zatlaryň sakasy saglykda. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň şu ýörelgesinden ugur alyp, dünýä nusgalyk işleri amal edýär. Paýhasly pederlerimizden gelýän ýol-ýörelgeleri dowam etdirmek bilen, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklary şu günki hem ertirki nesilleriň hyzmatynda goýýar. Ata-babalarymyz dermanlyk ösümlikleri saglygy bejermekde, adamlaryň bedenini berkitmekde, ruhuny belende götermekde giňden peýdalanyp gelipdirler. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik işinde hem halk lukmançylygynyň usullary yzarlanylyp, olar ylmy esasda derňelýär.
    Sagdyn durmuş ýörelgesi bagtyýar zamanamyzyň dünýä ýaýan gymmatlyklarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sagdyn durmuş keşbini alyp barmakda nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.