Pisse ösdürip ýetişdirmegiň esasy ugurlary

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär.
    «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky Karary bilen tassyklanyp, 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda rejelenen görnüşinde täzeden kabul edildi. Strategiýa laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, howanyň duýulýan we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak babatynda çäreler durmuşa geçirilip başlandy. Şol çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasydyr. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda tassyklanan bu maksatnamanyň esasy wezipesi Türkmenistanda tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmagy ýola goýmak üçin tokaýlaryň goralyp saklanylyşyny, peýdalanylyşyny, köpeldilişini kämilleşdirmekdir. Bu maksatnamadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ençeme işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda miweli baglary, şol sanda pisse nahallaryny ekmäge ýer bölekleri bölünip berilýär. Soňky ýyllarda degişli ministrlikler we pudaklar tarapyndan telekeçilere bölünip berlen ýer böleklerinde dürli baglary ekmek, esasan hem pisse agajyny ekmek işleri dowam edýär. Şeýle işler Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden, Kaka, Tagtabazar, Serhetabat we Serdar etraplarynyň çäklerinde güýçli depginlerde amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şeýle hem Köpetdagyň dagetek düzlüginde pisse agaçlarynyň meýdanynyň artýandygy guwandyryjydyr. Bu çäklerde pisse agaçlarynyň meýdanyny köpeltmäge amatly ýerleriň köpdügi hem-de tebigy şertleriniň ýaramlydygyny bellemek gerek.
    Soňky ýyllarda köpugurly tokaýlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi, oba hojalyk ekin meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamynyň döredilmegi suwarymly ýerleriň, öri meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, topragyň gurplanmagyna, ekinleriň hasyllylygynyň we ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlanmagyna hem-de toprak bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tokaýlaryň meýdanynyň artmagy agaç, miwe, ir-iýmiş, bal, dermanlyk ösümlikleriň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu işleri amal etmekde telekeçiler tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
    Pisse (Pistacia vera) — pisseler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5 — 7 (10) metre ýetýän, sütüni güýçli ösen agaçdyr. Agajyň şahalary güýçli ýaýrap, telpek şekillidir. Şol şahalaryň eglip, ýere ýetip duranlary hem bar. Ýapragy ýaşyl ýylmanak, galyň bolup, çylşyrymly görnüşdedir. Gülleri örän uşajyk (ini 3 mm) bolup, sübseli goltuk gültoplumyna ýygnandyr. Pisse agajy ülkämizde deňiz derejesinden 600 — 1000 metr, kähalatlarda bolsa 1500 metr belentlikde ösýär. Ol gurakçylyga çydamly, toprak dannaman ösýän agaçdyr. Onuň ýogyn we ýaýraň kökleri topraga örän çuň aralaşýar.
    Ösümlik yzygiderli güllemeýär. Ol 2 — 4 ýyldan bir gezek gülleýär. Pissäniň miweleriniň reňki birmeňzeş bolman, ol reňkini bişişine görä üýtgedýär. Başda mämişi-gyzylymtyl reňkde, bişende bolsa agymtyl reňkde bolýar. Miwesiniň reňkinden onuň doly ýetişenligini bilip bolýar.
    Güýzüne ýetişen pissäniň miwesi üzümiň salkym-salkym miwelerini ýadyňa salýar. Pissede tohum az-owlak emele gelýär. Şonuň üçin hem pisse gowy köpelmeýär. Agajyň kökleri birnäçe gatlaklar boýunça 30 — 40 metre çenli dürli taraplara ýaýraýar. Şol kökler arkaly pisse tomsuna ýeriň aşagyndan 15 — 20 tonna suwy özüne siňdirip bilýär.
    Pisse gurakçylyga hem yssa, şonuň ýaly-da sowuklyga çydamlylygy boýunça beýleki agaçlardan tapawutlanýar. Onuň ösýän ýerinde tomsuna gyzgynlyk 40 derejä çenli ýetýär. Gyşyna hem sowuk bolanda aýaz 15 — 20 derejä ýetýär. Şol wagtlar ýylylygy söýýän agaçlary sowuk urýar, pissä bolsa hiç zat bolmaýar. Pisse ýagtylygy örän halaýan ösümlikdir. Şonuň üçin bu ösümlik köplenç günortada, gowy ýagtylyk düşýän açyk eňňitlerde ösýär. Bu bolsa onuň şahalarynyň ýaýrap ösmegine oňat ýagdaý döredýär. Pisse seýrek ösümlikleriň hataryna goşulmaýar. Tebigy ýagdaýda Bathyzda 76 müň, Serhetabatda 50 müň, Merkezi we Gündogar Köpetdagda 2,5 müň gektara barabar meýdanda pisse tokaýlyklary ösýär.
    Pisse agaçlarynyň 80 — 120 ýyla çenli ýaşlysy ýaş, 120 — 250 ýyla çenlisi orta ýaşly, 250 — 400 ýyla çenlisi garry, 500 we ondan ýokary ýaşlysy bolsa has garry pisse hasaplanylýar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň Kepele diýen ýerindäki tebigatyň ýadygärligi hasap edilýän äpet pisse agajynyň takmynan 900 ýyl töweregi ýaşandygy çaklanylýar. Pisse agajy dykyz, agyr hem berkdir. Şu häsiýetleri boýunça ol iň oňat agaç hasap edilýän şemşat bilen bir hatarda durýar.
    Ýabany pisse agajy 25 ýyldan soň ilkinji gezek gülläp başlaýar. 50 — 75 ýyldan soň gowy hasyla durýar. Ýaşy 600 ýyl bolan pisse agajynyň kem-kemden hasyllylygy peselip başlaýar we agaç garradygyça hasyl bermek ukybyny ýitirýär.
    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň güýçli depginde ýaýbaňlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tokaýlary goramak we köpeltmek boýunça Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň geriminiň giňdigini görkezýär.