“Datmeni” datly önümleri bilen adygýar

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde iş gadamlaryny barha batlandyrýan kärhanalaryň biri-de «Datmeni» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy önümçilik kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowa degişli bolan bu kärhana özüniň öndürýän datly tagamlary bilen türkmen bazarynda eýeleýän ornuny günsaýyn giňeldýär. Bu gün ol ýerde öndürilýän dürli görnüşli önümler ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir.
    Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda telekeçä bölünip berlen iki gektar meýdanda gurlup, 2017-nji ýylda işe girizilen önümçilik kärhanasynda ilkibaşda nahar duzunyň önümçiligi ýola goýulýar. Balkan welaýatyndaky «Guwlyduz» kärhanasyndan getirilen duz kärhanada ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilip başlanýar: kämil tehnologiýalar arkaly ýuwulýar, arassalanylýar we guradylýar. Owadan gaplara gaplanan ýodlaşdyrylan iýmit duzy, şeýle-de ýodlaşdyrylmadyk senagat duzy gysga wagtda islegli önüme öwrülýär. Soňra önümçilik kärhanasynyň ýöriteleşdirilen sehinde konditer önümleriniň önümçiligine giň gerim berilýär. Kokosly we künjüli owranýan kökeler, owranýan köke, marmelad, krem «Şanti», şeker tozy, kakao ýaly datly önümleriň “Datmeni” haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna çykarylmagy kärhananyň meşhurlygyny artdyrýar. Şeýle bolansoň, bu gün diňe bir Ahal welaýatynyň we paýtagtymyzyň däl, ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň söwda nokatlaryna hem bu haryt nyşanly önümler bezeg goşýar.
    Ýokary hilli we köp görnüşli önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolan gürrüňi edilýän kärhanada bolup, önümçilik işiniň ýola goýluşy bilen tanyşmagy makul bildik. Kärhananyň iş dolandyryjysy Mämmetnazar Allanazarow bizi önümçilik bölümleri we olarda öndürilýän önümleriň aýratynlygy bilen tanyşdyrdy. Biziň ilki baran bölümimiz duz sehi boldy. Ýewropanyň kämil tehnologiýalaryny, kämil enjamlary öz içine alýan bu önümçilik sehinde duzuň gaýtadan işlenilýän we taýýar önümiň ýörite gaplara gaplanýan pursatlaryna şaýat bolduk. Ýeri gelende, gürrüňi edilýän bölümde duzuň birnäçe görnüşiniň öndürilýändigini bellemegimiz gerek. Iýmit üçin niýetlenen ýodlaşdyrylan ýokary hilli duzlar iri, ownuk hem-de has ownuk görnüşinde taýýarlanylyp, awtomatiki usulda 0,5; 1; 5 kilogramlyk ýörite polietilen gaplaryna, şeýle-de 1 kilogram 200 gramlyk plastik bedrejiklere gaplanylýar. Bu önümçilik sehinde öndürilýän natriý-hlorly senagat duzy bolsa, iri göwrümli haltalarda sarp edijilere ugradylýar. Duz önümçiligi boýunça sehdäki kämil enjamlar günde ortaça 20 tonna duzy gaýtadan işlemäge we gaplamaga mümkinçilik berýär.
    Konditer önümleri sehinde hem işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Ondaky ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda konditer önümçiligi boýunça peçler köptaraply mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ol ýerde işleriň aglabasy kämil enjamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Taýýar önümi degişli göwrümlerdäki gaplara gaplamakda ýaş gelin-gyzlaryň uly topary yhlasly zähmet çekýär.
    Önümçilik sehinde bolanymyzda, ol ýerde miweli ala kökäniň taýýarlanylýan wagtyna gabat geldik. Kärhananyň hünärmeni Maral Kakajanowanyň aýtmagyna görä, kökäniň bu görnüşi ýokary hilli bugdaý ununy, palma ýagyny, gerek mukdardaky şekeri, gaýmagy alynmadyk sygyr süýdüni, towuk ýumurtgasyny, mekgejöwen petini, glýukozany, kakaony, dürli miweleriň şiresini, nahar duzuny we beýleki degişli önümleri düzümine alýar. Taýýar önüm 700 gramlyk ýörite gutularda söwda nokatlaryna ugradylýar.
    Kärhananyň önümçilik bölümleriniň biri-de däneli önümleri gaplaýan sehdir. Ol ýerde däneli önümler, şol sanda mäş, noýba, günebakar çigidi, mekgejöwen däneleri, tüwi, mele tüwi, merjimek ýaly önümler ýokary talaplara laýyklykda arassalanylýar hem-de gaplara gaplanylýar.
    Naýbaşy toýumyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde kärhanada miwe şerbetleriniň we mürepbesiniň önümçiligi ýola goýuldy hem-de bu datly önümler söwda nokatlarynyň üsti bilen ildeşlerimize ýetirilip başlandy. Kärhananyň degişli önümçilik bölüminde erik, böwürslen, garaly, injir, gawun, ülje, ýertudana mürepbeleriniň önümçiligi giň gerime eýe bolýar. Bu önümler 0,5 litrlik çüýşe gaplaryna gaplanýar. Ol ýerde miwe şerbetleriniň 15 görnüşi öndürilýär. Daşary bazarda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan datly tagamlar kärhananyň ýanaşyk ýerinde hereket edýän ýöriteleşdirilen dükanyň üsti bilen ilata ýetirilýär.
    “Datmeni” haryt nyşanly datly tagamlary bilen ildeşlerimiziň saçagynyň berekedine bereket goşýan hususy önümçilik kärhanasynyň agzybir işçi hünärmenleri geljekde önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagyň aladasy bilen has gujurly zähmet çekýärler.