Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynynyň oýunlaryny ýaýbaňlandyrmak barada ýygnak geçirildi

     Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlaryny ýaýbaňlandyrmak barada ýörite ýygnak geçirildi. Onuň dowamynda TFF-niň Futzal bölüminiň hem-de futzal toparlarynyň wekilleri ýörite maslahat geçirdiler.
    Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň futzal ligasynda häzirki wagta çenli geçirilen 12 tapgyrdan soň 31 utuk toplan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” birinji orny eýelemegini dowam edýär. 23 utuk toplan “Migrasiýa” ikinji, 22 utukdan toplan “Gümrükçi” üçünji orny eýeleýärler.
    Futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň galan tapgyrlarynyň duşuşyklaryny sentýabr hem-de oktýabr aýlarynda Aşgabatda geçirmeklik göz öňünde tutulýar. 
                                        Çeşme: http://tff.com.tm