Arkadagdan arkaly bedew

    Berkarar döwletimizde halkymyzyň buýsanjy bolan milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa hormatly Prezidentimiziň tagallasydyr göreldesi bilen has-da belende galdyrylýar. Muňa ähli döwürlerde türkmen durmuşynda söwer dostuň, mert ýoldaşyň we wepaly syrdaşyň ornunda bolan ahalteke bedewleri hakynda hormatly Prezidentimiziň döreden dürdäne eserlerini okanyňda, bedewe atlanyp gezim etmesini we çapuw ýodasynda pellehanadan ilkinji bolup geçmesini synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp ahalteke bedewini çapyp barýan pursatlarynda häzirki döwürde täze belentliklere gadam urýan ýurdumyzyň beýik ýeňişlere bolan hyjuwynyň alamaty duýulýar.
    Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýup, olara çäksiz söýgi bilen garaýan döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmaga, atly gezelenç etmek bilen meşgullanmaga wagt tapyp, müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýä halklaryna wagyz etmek ýörelgelerini yzygiderli dowam edýär.
    Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşmak, olaryň ýagdaýy we ideg edilişi bilen gyzyklanmak hormatly Prezidentimiziň asylly endigine öwrüldi. Şol asylly endigine eýerip, döwlet Baştutanymyz geçen aýda dynç alyşda bolýan günlerinde-de agtyklary bilen ýylyň ähli paslynda amatly howa we ekologiýa gurşawy saklanýan bu topluma gelip gördi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine berýän aýratyn üns-aladasynyň, bildirýän çäksiz söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň nobatdaky ýüze çykmasydyr.
    Ajaýyp künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, bedewlere döwrüň ösen talaplaryna laýyk idegi üpjün etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, bu ýerde döwrebap manež gurlup ulanylmaga berildi.
    Döwlet Baştutanymyz özüniň ahalteke bedewlerine bagyşlan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserlerinde milli atşynaslyk ýörelgesiniň rowaçlanýandygyny, ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny belleýär. Halkymyzyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasynda ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlerine goşulyp, milli atçylyk sporty ösdürilýär.
    Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, gysga döwrüň dowamynda ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy, ykbalyny şu ugra bagyşlan hünärmenleriň iş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ägirt uly işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy we yzygiderli üns-aladasy netijesinde, Halkara atçylyk sport toplumynyň golaýynda — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Kärizek» geňeşliginde atşynaslar, seýisler we degişli hünärmenler üçin döwrebap Aba Annaýew obasy guruldy. Bu oba döwrebap durmuş maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda bu atçylyk sport toplumynyň hünärmenleri we olaryň maşgalalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar. Ol ýurdumyzda atşynaslar, çapyksuwarlar we seýisler hakynda edilýän aladanyň iş ýüzündäki beýany boldy.
    Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň ahalteke bedewlerine gadyr goýmak ýaly asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň dikeldilmegine, ahalteke bedewleriniň we türkmen atşynaslarynyň, çapyksuwarlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende göterilmegine gönükdirilen syýasaty oňyn netije berýär. Ýurdumyzyň atçylyk sporty boýunça çykyş edýän çapyksuwarlary, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary halkara bäsleşiklerinde we ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýärler. Topar daşary döwletleriň ençemesinde çykyş etmäge çagyrylýar. Munuň özi bütin dünýäde ahalteke bedewlerimize hem-de at çapmagyň milli mekdebine bildirilýän ägirt uly gyzyklanmadyr. Şeýle üstünlikli çykyşlary üçin bu topar hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite pul baýraklary we beýleki sowgatlar bilen sylaglanýar.
    Ýurdumyza şeýle uly üstünlikleri getiren bu toparyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda döredilendigini ýatlamak juda ýakymlydyr. Döredilen gününden bäri geçen döwürde topar has-da kämilleşdi, onuň maddy-üpjünçilik binýady berkidildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan her bir işiň we başlangyjyň ugur alyp, ýokary netijelere beslenip, gyzgyn goldawa mynasyp bolýandygyny nobatdaky gezek görkezýär.
    Hormatly Prezidentimiz türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, bedewler, seýisler, çapyksuwarlar we atşynaslar üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, milli atçylyk sportunyň halkara derejesinde abraýynyň ýokary göterilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda atçylyk sportuny höweslendirmek we wagyz etmek, ahalteke atçylygynyň şöhratly däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek ugrunda işler ýokary derejede alnyp barylýar we özüniň oňyn netijesini görkezýär.
    Arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça giň möçberli we toplumlaýyn işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň halkara ulgama goşulyşmagyna, dünýä atçylyk sportunda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, atly sportuň päsgelçiliklerden böküp geçmek görnüşiniň goşulandygyny ýatlamak bolar. Şol ýaryşlarda Toýçy atly ahalteke bedewinde çykyş eden ýerli türgeniň ýurdumyzyň sport üstünliklerine ýene bir altyn medaly goşmagy guwandyryjy ýagdaý boldy.
    Şeýle hem «Aşgabat 2017» Oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli, ýurdumyzyň ähli künjeklerine 17 sany atly ýigitden ybarat bolan taryhy atly ýöriş guraldy. Bu atly ýigitleriň topary obama-oba, şäherme-şäher aýlanyp, iri sport wakasynyň şatlygyny ýetirmek bilen, halkymyz üçin «Aşgabat 2017-niň» ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi.
    2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçip, dünýäde iň ýokary netije görkezmek bilen, Türkmenistanyň adyny nobatdaky gezek Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna ýazdy. Bu rekord görkezijisi türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň döreden ahalteke bedewleriniň aýratynlygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň milli atçylygyň, seýisçilik sungatynyň däplerini ösdürmekde döredýän mümkinçilikleriniň beýany boldy.
    Döwlet Baştutanymyz 2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň başynda doglan taýçanagy «Rowaç» diýip atlandyryp, oňa «Rowaç» atly şygryny bagyşlapdy. Bu şygryň her bir setirinde ahalteke bedewine bolan mähirlilik, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kämilleşdiren seýisçilik hem atşynaslyk mekdebinden dörän bu milli gymmatlyga buýsanç duýulýar.
    Rowaçlygy buşlap gelen,
    Ýyllaryň salamy, Rowaç!
    Göwünleri hoşlap gelen,
    Ýollaryň kemaly, Rowaç!

    Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp ahalteke bedewlerine goýýan sarpasy we olar hakynda edýän yzygiderli aladasy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli ýörelgeleriň we nurana arzuwlaryň dabaralanmasyna öwrülýär. Munuň şeýledigine ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň döredilmegi aýdyň mysaldyr. Bu hormatly at dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamak, mundan beýläk-de ösdürmek, geljek nesillere ýetirmek, ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak, türkmen bedewleriniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, milli seýisçilik sungatyny ösdürmek, bedewleriň syna gözelligini kämilleşdirmek, halypaçylyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryna, hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda dakylýar. Täze döredilen bu hormatly at degişli ugruň hünärmenlerine, atşynaslara, çapyksuwarlaradyr seýislere hormatly Prezidentimiz tarapyndan dakylýan hormatly atlaryň hataryna nobatdaky sylag derejesi bolup goşuldy.
    Hormatly Prezidentimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim» diýip, belläp geçýär. Bu ajaýyp jümleler hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň belleniljek üstümizdäki ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň döredijilikli ruhy göterilişiniň, halkymyzyň parahatçylyksöýüjiliginiň hem-de abadançylygynyň beýanyny özünde jemläp, ýelden ýüwrük bady bilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş depginini we hyjuwyny alamatlandyrýar.