Suwda ýüzmegiň peýdalary

    Gadyrly çagalar! Sportuň iň gadymy görnüşleriniň biri hem suwda ýüzmekdir. Taryhyň syrly sahypalaryndan mälim bolşy ýaly, ilki gadymy Müsürde ýaş çagalara suwda ýüzmeklik öwredilip başlanypdyr. Çünki ýüzüp bilmeýän, ylym alyp bilmez, ukypsyz bolup ýetişer diýen düşünje bolupdyr. Şonuň üçin çaga terbiýesinde ýüzmeklige aýratyn ähmiýet berlipdir.
    Ençeme ýyllaryň dowamynda kämilleşip, häzirki günlerimize gelip ýeten sportuň bu görnüşi saglygy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda suwda ýüzmegiň brass, krol, batterflýaý we arkanlygyna ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär. Şu ýerde suwda ýüzmekligiň saglygy berkitmekde berýän peýdalary barada ýatlap geçeliň.
    Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, suwda ýüzmegiň uly peýdasy bolup, onuň dem alyş ýollaryna, ähli myşsalaryň berkemegine we bedeniň oňat keşbiniň kemala gelmegine örän oňaýly peýdasy bar. Adam suwda ýüzüşi amala aşyran mahaly onuň ähli myşsalary herekete gelýär. Suwda ýüzmeklik ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, el-aýaklary güýçlendirmekde, sagdyn myşsalary kemala getirmekde ähmiýetlidir. Bu bolsa bedeniň sagdynlygy üçin iň gowy türgenleşikdir.
    Suwda ýüzmek dem alyş ýollaryny açyp, ony kadalaşdyrýar. Şonuň üçin ýüzüjilerde dem alyş agzalarynda ýetmezçilik ýüze çykmaýar. Dem almak meselesi şeýle bir ýönekeý bolansoň, oňa diňe käbir adamlar üns berýärler. Ýöne welin, bu usul sagdyn bolmakda we kesellerden saplanmakda möhümdir. Siz dem alanyňyzda öz bedeniňize gurplanmaga şert döredýärsiňiz, sebäbi, kislorod bedeniňiz boýunça ýokumly maddalary zerur ýerlerine eltmäge ýardam edýär. Çuňňur dem almak biziň saglygymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, eger biz sagdyn bolmagy isleýän bolsak, kadaly dem almagy öwrenmelidiris. Munuň üçin sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmaklyk ýeterlikdir.
    Suwda ýüzmek arkaly bogunlaryň hereketiniň ýeňilleşmegini, gowulaşmagyny gazanyp bilersiňiz. Lukmanlar oňurga bilen baglanyşykly näsazlyklaryň öňüni almak üçin suwda ýüzmekligi maslahat berýärler. Mälim bolşy ýaly, adamyň bedeniniň kadaly temperaturasy 36 — 37 gradus töweregidir. Suwa düşülýän howuzlar bolsa 23 gradusda saklanylýar. Şeýle ýagdaýda suwa düşülende gan aýlanyşygy kadalaşýar hem-de bedeniň immuniteti beýgelýär.
    Hünärmenleriň bellemeklerine görä, suw türgenleşikleri geçirilende bellenilen kadalar ýerine ýetirilmeli. Ilkibaşda 15 minut suwda ýüzmeklik talabalaýyk bolup, şonuň 30 sekundy bolsa iň çalt tizlikde ýüzülmelidir. Ondan soň, 30 sekunt dynç alyş ýüzüşi amala aşyrylmalydyr. Şeýle hereketleri her gün 10 gezek gaýtalamaklyk size bedeniňizi berkidip, gaýtalanmajak ruhy lezzet berer. Türgenleşik tamamlanandan soň bolsa 5 minut erkin ýüzmeklik maslahat berilýär. Bu siziň bedeniňiziň dynç almagy, owadanlygy üçin peýdalydyr.
    Adam entek hassa bolmazdan öň öz saglygynyň aladasyny etse, saglyk oňa baky ýar bolar. Ajaýyp durmuşda, sagdyn bedenli we ruhubelent ýaşamak bagtynyň her biriňize nesip etmegini arzuw edýäris.