Obada Ýaldyrak dogdy

    Bu jümläni okap, müňlerçe ýerden millionlarça sowallar seslendi: «Diňe obadamy?!», «O nähili obada doganmyş, düýn şäherde ýaşaýan goňşymyz hem iň ýagty ýyldyzyň dogandygyny aýtdy ahbetin». Radio, teleýaýlym, internet ulgamy arkaly awgustyň 11-inden 12-sine geçilýän gijede Zöhreden (Weneradan) soň, iň nurly ýyldyzyň dogandygy barada gaýtalap-gaýtalap köpçülige ýetirdiler. Asman jisimleri, kosmografiýa bilen meşgullanýan alymlardyr astrologlar äpet enjamlaryny arşa gönükdirip, Ýaldyragyň dogşuna yzygiderli gözegçilik hem etdiler. Şeýle-de bolsa bu sowallaryň sadaja jogabyny men enem pahyryň elmydama zol gaýtalan ýönekeýje dilegleri bilen beresim geldi.
    Ol döwürlerde ogullarynyň hersi bir döwletde gulluk edip ýören garryja enem dünýäniň o ýüzünde «Güýçli ýel turupdyr» ýa-da «Çabga gelipdir» diýip eşidäýse, derrew doga-dilege başlardy. Wakanyň özünden gaty uzakdygyna garamazdan, ýeliň piri Haýdar babanyň, ýagşyň piri Burkut babanyň ýoluna çörek aýdardy. Ýanyndaky çagalarynyň biri degşip: «Ah, ene jan, ol ýurtlaryň Zews diýdi, Prometeý diýdi öz pirleri, keramatlary bar» diýäýse dagy, çyny bilen ynjardy. «Hemmämiziň ýaranymyz Alladyr. Hudaýa şükür, Aýymyzam, Günümizem, ýyldyzlarymyzam birdir» diýerdi. Bu sözleri degşirip görüp, halkymyzyň uzak asyrlaryň tejribesine daýanyp gelen ýyldyz senenamasynyň müň keren mamladygyna göz ýetirýärsiň. Elbetde, işdir durmuş aladalary bilen her gün çogly Günüň, aýda nurly Aýyň, pasyllara görä bolsa ýyldyzlaryň dogup-ýaşyşyna üns berip ýörmeseňem, gije bile gündiziň ýaz, tomus, güýz, gyş deňleşýän günlerinde, Üçýyldyz galyp, tomsuň epgegini sowranda, Ýaldyrak dogup, howa salkynlap ugranda özüniň bardygyny bildiräýýär. Ony, aýratyn-da, oba adamlary, günuzyn ala meýdanlaryň jepasyny çekýän daýhanlar has aýdyň duýýarlar. Sebäbi bir-ä, Ýaldyrak dogup, tä pagta açylýança, birem, hasyl ýygnalandan soň, olara hojalyk işlerini etmäge maý döreýär. Şu oňaýly pursatda hasyldan boşan mellek ýerlerini depip, ikinji hasyl almak üçin — güýzlük käşir, ýeralma, sogan, ysmanakdyr gökje ot-çöp ekmegiň özboluşly gyzygy bolýar. Bu döwürde kärendeçiler hem bugdaýdan we ýazlyk ekinlerden boşan kärende ýerlerine köpçülikleýin güýzlük ekinleriň tohumyny sepýärler.
    Oba maldarlary jinjeklije ýandagyň, başlary dänelän suwotynyň, güle duran süýji buýanyň mal-gara üçin ýokumynyň örän ýokarydygyny aýdýarlar. Ine, Ýaldyrak dogup, gündizlerine howa birneme salkynlaşansoň obada ot ýatyrmagyň, ýandak çapmagyň, buýan ormagyň ugruna çykylýar. Derýadyr akabalaryň birwagt joş alyp, soňra yza çekilen hanalarynda süýji buýanyň edil tohumy sepilen ýaly buljum ýerleriniň kändigi baradaky gürrüňler häli-şindi eşidilýär. Ynsan saglygyna-da juda haýyrly bolan buýan kökleriniň şiresi onuň baldaklaryna, hatda güllerine çenli ornaýar. Buýan çalgydyr aňňal orak bilen ýatyrylýar. Edil ýorunja orlan ýaly hatarlap, ýere ýazyp gitseň, ol çalt guraýar. Ýöne ýapraklary düşmez ýaly, daýhanlar buýany gaty guratman ýygnaýarlar we desseläp bogýarlar. Sowuklamanyň, bokurdak agyrynyň, dümewiň, öýken keselleriniň bire-bir emi bolan türkmen buýanynyň dermanlyk häsiýeti dünýä ýüzünde bellidir. Şol sebäpli-de buýan ösümliginiň kökünden alynýan dürli dermanlar ynsanlar üçin tapylgysyz melhem bolsa, onuň baldaklarydyr gülleri mal-gara üçin ýokumly hörekdir. Çopan-çoluklaryň gürrüň bermegine görä, gyşda gury buýan iýýän dowar mallary örän sagat bolýar. Olaryň eti ýokumly we dermandyr.
    Lebap boýlarynda gyşda dowarlara ýandak berilýär. Ullakan agylyň ortarasyna ýandak basylýar. Küdäniň töweregi açyk bolansoň gyşda goýun-geçiler ajygan wagty kitirdedip, ýandakdan hezil edinýärler. Ýandak bilen iýmitlenýän «sähra gämileri» bolan düýe süýdüniň orny başgadyr. Aşgazan ulgamynda näsazlyk tapynan adamlaryň ajöze ýaňy saglan, ýyljajyk düýe süýdünden içip, aýňalanlary örän köp. Edil şonuň ýaly, goýun-geçiniň süýdi hem ilimizde derman saýylýar. Dowar süýdünden tutulan peýniriň ýokumlylygy ýokarydyr. Ýaşulular ýandagy gülläp, jinjeklänsoň çapmagy maslahat berýärler. Olar: «Gyşda mallara jinjeklije ýandak berseň, edil «palaw iýen ýaly» bolaýarlar» diýip gürrüň edýärler. Ýandak çapmak işine obada howa biraz salkynlansoň başlaýarlar. Sebäbi tomsuň epgeginde Gün uraýmak ähtimallygynyň ýokarydygyny aýdýarlar. Aladaçyl oba zenanlary perzentlerine: «Gatykdyr süzmäni naharyňyzyň ýanyndan goýmaň. Ak zatlar Gün urmagyndan goraýandyr» diýip, häli-şindi sargap oturýarlar. Ýandak kätmen bilen çapylýar, ýabak bilen desselenýär. Ony çapylan ugruna desselemeseň, guransoň örän kyn bolýar. Ýandak desseleri iki-üç günden guraýar. Jigirdegi dökülmez ýaly, adamlar ony dessine maşyna ýükläp, öýlerine getirip, mal ýataklarynyň töweregine basýarlar. Ýandak çapylanda we getirilende erkek kişileriň aýagyna gonjy uzyn iş ädiklerini, ellerine ellik geýmekleri sagdyn bolmagyna getirýär.
    Bu döwürde zenan maşgalalar üçinem iş ýeterlik bolýar. Tamdyr-ojak salmak we suwamak, towukdyr jüýjeler üçin tut çybygyndan dürli ketekleri örmek, keçe gamyş çykmak, keçe taýýarlamak, ýorgan-ýassyklary birlaý gözden geçirmek işleri örän şüwlümli gidýär. Howa salkynlansoň hyýaryň, pomidoryň, gawun-garpyzyň, ir-iýmişleriň bol hasylyndan gyş üçin dürli önümleri taýýarlamak işleri gyzyşýar. «Ýazyň ýuwundysy gyşa gatyk» diýýän ilimizde miwelerden we ir-iýmişlerden dürli mürepbeler, şerbetler, jemler, ballar... gaýnadylýar. Pomidordyr hyýardan, badamjandyr bolgar burçundan dürli önümler, goýultmaklar, üwmeçler taýýarlanýar. Oba zenanlarynyň aýtmagyna görä, iň bir gowy zady — Ýaldyrak dogandan soň, gyşa niýetlenen önümleriň hiç biri zaýalanmaýar. Sebäbi salkynlaşan howanyň täsiri olaryň durumyny berýär. Hawa, obada Ýaldyrak dogdy. Ol zähmetsöýer, işjanly, galdaw, ene toprak bilen bagry badaşan oba adamlarynyň her biriniň agzybir ojaklaryna zähmetden nur paýlap ýör.