«Maksatly türkmeniň» ümzügi öňe

    Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagy barada gazet sahypasynda öň gürrüň beripdik. Indem ol ýerde hereket edýän 70-e golaý hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň her biriniň işi barada aýratynlykda söhbet etmek maksady bilen, ilki açan gapymyz Zergär köçesiniň ugrundaky 20-nji jaýda ýerleşýän «Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýeti boldy.
    Adam haýsydyr bir maksat bilen iş tutanda, ol işiň netijesi-de başgaça bolýar. Telekeçiler öňde goýan maksadyny hojalyk jemgyýetiniň ady bilen utgaşdyryp, ony «Maksatly türkmen» diýip atlandyrdylar. 2011-nji ýylda döredilen hojalyk jemgyýetinde, turuwbaşdan, bir maksat göz öňünde tutuldy. Ol hem halkymyzyň iň häzirki zaman, owadan we döwrebap durmuşda ýaşamagyna, işlemegine goşant goşmak. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, medeni-durmuş maksatly binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, şahsy hojalyklaryň öz hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy üçin giň mümkinçilikleriň, ýeňillikli şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň gün-günden pajarlap ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyna getirdi. Döwrebap binagärligiň milli öwüşginler bilen utgaşmagy gurulýan desgalary biri-birinden üýtgeşik, has-da göze gelüwli görkezdi. Ynha, şu ýerde-de «Maksatly türkmeniň» öňde goýan maksady aýan boldy duruberdi: täze binalaryň daşky bezegi bilen içki bezeginiň sazlaşygyny gazanmaly.
    Jaýyň plitasyny goýanyň ýa-da kerpijini örüp çykanyň bilen iş bitäýenok. Esasy bezegi onuň aýna-gapysydyr üçeginde, bassyrmalardyr merduwanlarda... Paýtagtymyz barada gürrüňem edip oturmalyň, indi welaýatlardyr etraplara barsaňam, owadan binagärlik gurluşygyndaky ýaşaýyş jaýlaryna, dürli maksatly önümçilik kärhanalaryna, ofislere gözüň düşýär. Nazaryň, ilki bilen, olaryň haşamlanan gapylarynda, penjirelerinde, panžurlarynda, bassyrmalarynda eglenýär. Olaryň aglabasynyň «Maksatly türkmeniň» önümleridigi bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň öňde goýan maksatlaryna ýetmek ugrunda yhlasly işleýändiklerini subut edýär.
    Eýsem, on ýyla golaý iş tejribesiniň dowamynda telekeçiler ýaşaýyş jaýlarynyň, edara ediş we önümçilik binalarynyň, gör, näçesini öz önümleri bilen bezändirler?! Olar ummasyzdyr, özem, biri-birinden üýtgeşikdir. Çünki döwür gowulyga tarap ösýär, özgerýär. Halkymyz tarapyndan bu ýyl geçen ýyldakydan, geljek ýyl bu ýyldakydan talap güýçlenýär. Onsoň, döwre görä, islege, talaba görä iş alyp barmagy endik edinen «Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri-de täzeçe pikirlenip, täzeçe işläp başlaýarlar. Onuň üçin dünýä tejribesine daýanylýar, meşhur ussalaryň, dizaýnerleriň häzirki zaman işleri öwrenilýär. Netijede, önümhana ornaşdyrylan Ýewropanyň iň kämil enjamlary halkyň ösen isleginiň amal edilmegine şert döredýär.
    — Önümi taýýar etmek bilen, biz işimizi tamamladyk diýip bilmeýäris. Hojalyk jemgyýetimiz ýörite buýurmalar esasynda hem işläp, önümi ýerine eltip bermek hem-de ony gurnamak işlerini-de alyp barýar. Onuň üçin ýörite awtoulaglarymyz we ölçeg serişde enjamlarymyz bar. Onsoňam, ussa öz ýasan penjiredir gapysyny öz eli bilen gurnanda, ol başgaça görünýändir. Galyberse-de, yhlasyň ýerine düşendigini gözüň bilen görmek, bu pursat müşderiniň şatlygyna şaýat bolmak seni geljekde öňküden-de owadan görnüşleri döretmäge ruhlandyrýar. Önümhanada zähmet çekýän 90-dan gowrak hünärmeniň her biri müşderiniň aýry-aýrylykda islegini kanagatlandyryp, olara ýaşamak, işlemek üçin rahatlyk hem owadanlyk döretmäge çalyşýar. Döredilýän amatly iş şertleri olaryň öndürijilikli zähmet çekmegine, ýokary hilli önümleri öndürmegine getirýär. Hil babatda hojalyk jemgyýetimiziň ýurdumyzyň çäginde öz öndürýän önümlerine kepil geçýän ýeke-täk jemgyýetdigini aýtmak ýakymly. Bu guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiziň bize öndürmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri bilen gazanylýar. Onuň üçin milli Liderimize alkyşlarymyz bimöçberdir — diýip, hojalyk jemgyýetiniň direktory Döwletgeldi Çaryýew gürrüňdeşlikde aýtdy.
    Alýuminden penjire-gapylar, witražlar, aýnadan dürli ölçegdäki witražlar, duş kabinalary, panžurlar, ýygnalýan saýawanlar, merduwanlar... Önümhanada bu önümleriň taýýar görnüşleriniň birnäçesine gözüň düşýär. Ýöne olar kän däl. Diýmek, önümler ammarda kän saklanman, müşderilerine dessin gowuşýan bolmaly. Şunuň özi-de «Maksatly türkmeniň» önümleriniň ýokary hil derejesini hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär. Hünärmenleriň hersi öz iş enjamynyň başynda durup işleýär. Olaryň öndürýän önümleri halkymyzyň arzuw-höwes, ýagşy niýetdir belent maksatlar bilen gurýan ýaşaýyş jaýlaryna, edara ediş we önümçilik binalaryna bezeg berer. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň uly dabara bilen bellenilýän ýylyny täze binalarda garşy alýan ildeşlerimiziň şatlygyna goşulyp, telekeçileriň maksatlary myradyna gowşar.