Zähmetde taplanylýan günler

    Çaga terbiýe bermegiň dürli tärleri bar. Şunda zähmet terbiýesine aýratyn orun degişlidir, çünki zähmete bolan söýgi çagada belli bir hünäre bolan höwesi, onuň üsti bilen hem Watana bolan söýgini terbiýeleýär we berkidýär, çaga bedeniniň, akyl-paýhasynyň kadaly ösüşini üpjün edýär.
    Zähmet terbiýesi baradaky bu pikirler bizde tötänleýin döremedi. Oňa hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda kabul eden ýerleri 99 ýyllyk peýdalanmaga bermek hakyndaky Karary esasynda mülk eýesi bolan Gökdepe etrabynyň «Akgoňur» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Goçguly aganyň zähmet çekip ýören üzümçilik meýdanyna barmagymyz we bu ýerde joşýan zähmetiň şaýady bolmagymyz sebäp boldy. Saglyk-amanlyk soraşmak adatyndan soňra Goçguly aga: “Ine, bular meniň ýakyn kömekçi agtyklarym Zybagözel we Göwher. Olar her ýyl gelip hasyly ýygnamaga kömekleşýärler” diýip, ilki bilen bizi agtyklary bilen tanyşdyrdy. Ýaşajyk daýhan gyzlaryň armasyny ýetirip, okuwçy gyzlaryň ýüzlerinde ýadawlygyň birjik-de alamatynyň ýokdugyny, tersine zähmete höwesini, ýetişdirilen bol hasyla bolan buýsanjyny hem-de muňa özleriniň hem goşantlarynyň bardygyna bolan begenjini olaryň ene süýdi deý päk garaýyşlaryndan okamak bolýardy. Bu çaga höwesi, buýsanjy hem-de begenji olaryň terbiýesine oňaýly täsir edýän esasy durmuş şertleridir. Ol şertler bolsa çagalaryň kalbyna ynam, söýgi, mylaýymlyk çaýyp, olaryň ilhalar, hoşgylaw, belent adamkärçilikli we hakyky watansöýüji bolup ýetişmeklerine itergi berýär. Babalary Goçguly aganyň abraýy, zähmet tejribesi bolsa olar üçin özboluşly terbiýe mekdebi bolup durýar. Şu pursatlarda ünsümiz seretseň gözleriňi dokundyrýan üzüm hoşalarynda eglendi. Azyk garaşsyzlygynyň buşlukçysy deý hasylyň bu bolçulygynda bolsa Goçguly aganyň baý zähmet ýörelgesi bilen bir hatarda ýaş okuwçy gyzlar Zybagözeldir Göwheriň hem mynasyp goşantlary bar. Elbetde, şeýle tejribeli kärendeçileriň zähmet çekýän ýerlerinde bolmak we olaryň işi bilen tanyşmak oba hojalyk ugrundan bilim alýan talyplar üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi amaly we nazary bilimlerimizi ösdürmekde mynasyp ýörelgedir.