Altyngözlüjeler ekinleriň goragynda

    Şu günler Bäherden etrabynyň gowaça meýdanlarynda zyýankeş mör-möjeklere garşy göreş çäreleri örän işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu ugurda biologiki usul örän netijeli ulanylýar.
    Etrabyň hojalyklarynda hereket edýän biokärhanalarynda emeli usulda köpeldilip, ekin meýdanlaryna goýberilýän peýdaly mör-möjekler bolan gabrobrakonlar, altyngözlüjeler, trihogrammalar gowaçanyň zyýankeşlerini ýok etmekde oňat peýda getirýärler. Şoňa görä-de, gowaçalar ekin zyýankeşlerden zyýan çekmezden kadaly ösüşini we hasyl toplamagyny dowam etdirýärler. Bu işde «Şaja Batyrow» adyndaky, «Garry-Nohur», «Zähmet» daýhan birleşikleriniň biokärhanalarynyň hünärmenleri görelde alarlyk işleri alyp barýarlar.