Dürli melhemler öndürilýär

    Türkmen topragy özüniň egsilmez baý hazynasy bilen aýratyn tapawutlanyp, milli baýlyklarymyzy kemala getirmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda özboluşly häsiýete eýedir.
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmensenagat» birleşiginiň bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki kärhanasynda ynsan saglygy üçin ýaramly melhemleriň we kosmetiki önümleriň dürli görnüşleri öndürilip, elýeter bahadan halka ýetirilýär. Has takygy, dünýäniň ösen döwletleriniň kämil enjamlary oturdylan kärhananyň her ýylda terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny öndürmäge mümkinçiligi bar. Öndürilýän önümler bejeriş palçyklaryny, deňiz duzuny gaplaýan we hil-barlag bölümleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde öndürilýän önümler ynsan saglygyny goramakda, sowuklama keselleriniň öňüni almakda we bejermekde uly ähmiýete eýe bolup, deride öýjük täzeleýji, gurplandyryjy, ýüze näziklik beriji, derasty gan aýlanyşygyny kadalaşdyryjy, derini täzeleýji häsiýetleri hem özünde jemleýär.
    «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen aýlarynda (ýedi aýyň jemleri boýunça) bu kärhanada 264 müň 506 gap dürli melhemler taýýarlanyp, bellenilen meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şu günler kärhananyň işgärleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak üçin has-da yhlasly zähmet çekýärler.