Siz täze okuw ýylyna taýýarmy?!

    Sapaly tomus paslynyň ähli günlerem gowudyr welin, mekdep okuwçylarydyr talyplar üçin tomsuň soňky aýy has üýtgeşik hem lezzetli. Awgust aýy — täze okuw ýylyna taýýarlyk möwsümi. Her kim «okuw şaýyny» tutmak bilen başagaý. 1-nji sentýabrda täze güýç, täze hyjuw bilen bilim ojagynyň gapysyndan ätlemek ýakymlydyr welin, uly toýuň öňüsyrasyndaky ownuk-uşak aladalaryň has gyzykly bolşy kimin, okuw esbaplarynydyr mekdep lybaslaryny satyn alyp, täze okuw ýylyna taýýarlanmagyň-da özüne ýetik hezilligi bar. Mekdepde okaýan döwürlerim awgust aýy başlanandan, bar aladam, pikir-hyýalym okuw esbaplaryny satyn almak bilendi. Mekdep lybaslarynyňdyr okuw esbaplarynyň iň naýbaşylaryny, üýtgeşikden-üýtgeşigini edinmek isläp, bütin tomus ejemdir kakamyň hyzmatynda gaýym bolup, daşynda pyr-pyr aýlanardym.
    Bu ýylyň awgusty meniň üçin başgaça. Indi ýokary bilimli, uly adam hökmünde täze durmuşa başlamaly — mekdebe däl-de, durmuş mekdebine... Ýöne endik-dä, ýolda-yzda ýöräp barşyma mekdep harytlary satylýan söwda nokatlarynda ýa-da mekdep bazarynyň deňinde säginenimi duýman galýan. Birki günlükde «Gülüstan» söwda merkezine ýolum düşende mekdep bazarlarynyň işe başlandygyny gördüm. Birtüýsli çagalygymy küýsedim dogrusy. Ber-başagaý bolup okuw esbaplaryny saýlaýan mekdep okuwçylary diýjekmiň, gyzjagazynyň başyna gül tahýany deňäp duran enäniň buýsanç-şatlygy diýjekmiň, bar küýi-köçesi müşderileriň talapkär islegini kanagatlandyrmak bolan sypaýydan alçak satyjylarmy — tüýs mekdep bazaryna kybap görnüşler...
    Ýogsa-da, siz täze okuw ýylyna taýýarlanýarsyňyzmy?! 10-njy awgustdan paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary hereket edip başlady. Özi-de 410 sanysy birbada! Ýylyň ýyldan parhy bar diýlişi ýaly, mekdep bazarlary-da özüniň dürli-dürli harytlary bilen her ýylkydan tapawutlanýar. Tapawut diýýänimizi öz hasabymyza, has anygy, türkmen önümleriniň hasabyna ýazyp bileris. Bu ýylky mekdep bazarlary «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly önümleriň hasabyna has giň gerimli hemem köpgörnüşli. Gözüňi dokundyrýan harytlaryň arasynda döwlete dahylly edara-kärhanalaryňam, hususyýetçileriňem önümleri bar. Hemme zat islegiňe we serişde mümkinçiligiňe bagly. Ýeri gelende, mekdep bazarlarynda halka hödürlenilýän harytlaryň görnüşleriniň has kändigini, hiliniň ýokarydygyny, iň esasysy bolsa, bahasynyň elýeterlidigini aýratyn ähmiýet berip aýtmak gerek. Mekdep okuwçylarydyr talyplar, ata-eneler üçin okuw esbaplaryna ýöriteleşdirilen söwda nokatlaryndan ýa-da mekdep bazarlaryndan söwda etmek köp derejede bähbitli. Bir ýerden, ýagny bir söwda nokadyndan mekdebe degişli harytlaryň tas ähli görnüşini almak bolýar. Bu hem wagty tygşytlaýar, hem serişdäni. Haýsy esbaby ýa-da lybasy haýsy söwda nokadyndan tapyp alarkam diýip, ýol söküp, uzak menzil aşyp ýörmegiň zerurlygy ýok. Hemmesi bir ýerde — mekdep bazarlarynda!