Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

    14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol 2020-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi, olar ähli pudaklaryň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär.
    Hasabat döwründe ýetilen oňyn sepgitler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy. Şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim ýokarlandy.
    Ýanwar — iýul aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,3 göterim artdy. Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,6 göterim, çykdajy bölegi 94,2 göterim ýerine ýetirildi.
    Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu pudaklar boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň talabalaýyk durmuşa geçirilişine gözegçilik işleri güýçlendirilmelidir.
    Döwlet Baştutanymyz pudaklary ösdürmek meýilnamalary boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýedi aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, gözegçilik edýän ulgamlarynda 2030-njy ýyla çenli döwürde nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
    Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasynyň 102,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 101,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasynyň 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 103,7 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasynyň 102,3 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasynyň 106,9 göterim berjaý edilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ösüşi 118,4 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüşi 106,7 göterime deň boldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleri görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz ägirt uly çig mal serişdelerine eýedir. Döwlet Baştutanymyz çig maly gaýtadan işlemek boýunça täze zawodlary gurmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli işleriň geçirilmelidigini, ozal bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde döwrebap kärhanalarda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň täze iş orunlaryny döretmäge hem-de eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
    Milli Liderimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak barada hem wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda ýedi aýyň dowamynda geçirilen işleriň jemleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen işler barada hasabat berdi.
    Ýanwar — iýul aýlarynda ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça önümçilik meýilnamasy 113,1 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş depgini «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 104,5 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 117,1 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça geçen ýyl bilen deňeşdirilende, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 56,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 113,2 göterime deň boldy.
    Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak hem-de ýolagçylary gatnatmak boýunça meýilnama degişlilikde 104,6 göterim we 102 göterim, ýük dolanyşygy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 109,6 göterime ýetirildi.
    Wise-premýer hasabatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, iýun — iýul aýlarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş desgalarynyň birnäçesinde inžener-tehniki ulgamlarynda bejeriş işleriniň geçirilendigini, olaryň çäkleriniň abadanlaşdyrylandygyny, şeýle hem awtomobil ýollarynyň durkunyň täzelenendigini habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Geomaglumatlar merkezini döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işe paýtagtymyz Aşgabat şäherinden başlamak gerek. Inžener ulgamlary, binalar we ýer bölekleri hem sanlylaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça işler alnyp barylmalydyr.
    Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle hem ýer böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma pudagynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň ýedi aýynda söwda dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,1 göterim artdy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň möçberi 2,2 göterim ýokarlandy.
    «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önümçiligiň umumy möçberi 21 göterim artdy. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen ýedi aýyň dowamynda birža söwdalarynyň 155-si geçirilip, 15 müň 124 şertnama hasaba alyndy.
    Söwda-senagat edarasy boýunça gazanylan peýdanyň möçberi 6,9 göterim artdy. Hasabat döwründe sergileriň 4-si we wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 16-sy geçirildi.
    Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — iýul aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 9,6 göterim,oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 36,3 göterim artdy.
    Wise-premýer şu ýylyň 10-njy awgustyndan paýtagtymyzda we welaýatlarda jemi 410 nokatda mekdep harytlarynyň göçme söwdasynyň guralandygyny habar berdi. Mekdep ýarmarkasyny 5-nji sentýabra çenli dowam etdirmek meýilleşdirilýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty halkyň sarp edýän harytlary, ilkinji nobatda, azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini her gün berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Zerur bolan ýagdaýynda goşmaça çäreleri görmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryny gurmagyň hem-de guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyryp, bu çäreleriň, ilkinji nobatda, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmäge, telekeçileriň we raýatlaryň häzirki iş ýerlerini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň geçen ýedi aýynda gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika toplumynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
    Ýanwar — iýul aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda önüm öndürmegiň hem-de edilen hyzmatlaryň ösüşi 121,9 göterime deň boldy hem-de meýilnama 114,7 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna 107,9 göterim amal edilip, 106,9 göterime barabar ösüş üpjün edildi.
    Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 106,3 göterim ýerine ýetirilip, 107,9 göterim ösüş gazanyldy. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümler, ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça 121,7 göterim ösüş gazanylyp, meýilnama 114,4 göterim berjaý edildi.
    Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 111,9 göterime deň bolup, meýilnama 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan meýilnama 128,2 göterim ýerine ýetirilip, 159,5 göterim ösüş üpjün edildi.
    Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114 göterim berjaý edilip, ösüş 104,3 göterime barabar boldy.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýagdaýyny seljermek hem-de şolarda işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gaýtadan seretmegiň, şunda diňe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň ileri tutulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek 2021-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gurluşyk senagatyny ösdürmäge uly üns berilmelidigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyz gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly, ähli önümçilik kuwwatlyklarynyň sazlaşykly ösdürilmelidigini nygtap, ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygyny güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
    Kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işler dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ýagdaýlary seljermegi hem-de degişli netije çykarmagy wise-premýerden talap etdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de maldarçylyk hojalyklarynyň işiniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
    Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi 113,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 114,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,6 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça bolsa 104,1 göterime deň boldy.
    Şu günler welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary hem-de zerur bolan tohumlary taýýarlamak işleri dowam edýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 690 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler we şonça meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almak meýilleşdirildi.
    Wise-premýer ýurdumyzda mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önümliligini ýokarlandyrmak, ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
    Şeýle hem howanyň düzüminde zyýanly tozanjyklaryň mukdarynyň artmagy bilen baglylykda, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berildi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini we oňa ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Döwlet Baştutanymyz içerki bazarlaryň özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün edilmelidigini belläp, ýeralmanyň, gök we bakja, şeýle hem beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanyny artdyrmak barada degişli görkezmeleri berdi.
    Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, obasenagat toplumyna elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
    Ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, milli Liderimiz howanyň düzüminde bar bolan zyýanly tozanjyklaryň, şeýlelikde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
    Şunuň bilen baglylykda, degişli zyýansyzlandyryş, arassaçylyk we beýleki zerur çäreleriň mahabatyna we bu ugurda wagyz-nesihat işleriniň toplumlaýyn esasda geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
    Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şu ýylyň ýedi aýynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn hem-de okuw-usulyýet binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Milli ýörelgelere hem-de oňyn halkara tejribä laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalary kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, Innowasiýa maglumat merkezi döredildi hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.
    12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim we terbiýeçilik işlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasiýa tehnologiýalar giňden ulanyldy, bilim edaralarynyň internet web-saýtlaryny, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
    Sanly bilimiň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn usulynda geçirildi. Şeýle hem «Ýylyň terbiýeçisi», «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň talyby» atly bäsleşikler, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň etrap-şäher, Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi. Okuw dersleri boýunça sapaklar teleýaýlym arkaly görkezilip başlandy.
    Hasabat döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldular.
    2020-nji ýylyň başyndan bäri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim syýasatynyň çäklerinde Ylymlar akademiýasy tarapyndan ileri tutulýan ugurlar boýunça ylmy işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, 668 golýazma seredildi.
    Hasabat döwründe Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirildi, onuň jemleri boýunça ýaş alymlaryň we talyplaryň 46-sy ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de baýraklar bilen sylaglanyldy.
    Ylymlar güni mynasybetli wideomaslahat görnüşinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi, onuň işine dünýäniň 22 ýurdundan 92 alym hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim edaralaryndan 816 alym gatnaşdy.
    Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdirilendigini aýtdy. Dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde keselleri bejermegiň täze innowasion usullary ornaşdyryldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen teleköprüler arkaly 75 maslahat geçirildi.
    Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
    Şu ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, medeni-jemgyýetçilik, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar guraldy.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze okuw ýylyna taýýarlygyň barşyny hemişe berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
    On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, birnäçe möhüm çäreler göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çagalaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegi üçin, sanly ulgamyň mümkinçiliginden doly peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi.
    Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň mekdep ýyllaryndan başlap, dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň giňeldilip okadylmagyny guramak üçin netijeli çäreleriň görülmelidigini belledi. Orta mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurly synplary açmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.
    Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin örän zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
    Bellenilişi ýaly, ykdysady taýdan uly ähmiýeti bolan ylmy barlaglar, aýratyn-da, talyp ýaşlary çekmek işleri göwnejaý ýola goýulmalydyr. Şeýle hem ýaşlary sagdyn durmuş çärelerine, sporta we bedenterbiýä giňden çekmek döwrüň talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Sagdyn iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda güýçlendirilmelidir. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu işleriň alnyp barlyşyny düýpli seljermek, ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, wise-premýerden ýagdaýy düýpli seljermegi hem-de işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.
    Döwlet Baştutanymyz şeýle hem zyýansyzlandyryş serişdelerini çekmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tebigy ýagdaýlaryň zyýanly täsiriniň öňüni almak hem-de howply ýokançlara garşy göreşmek maksady bilen, ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini dowam etdirmegi tabşyrdy.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda dürli medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirilip, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
    Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri we özgertmeleri giňişleýin beýan etmek işini dowam etdiler. Wideoaragatnaşyk arkaly medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň degişli halkara guramalaryň bilermenleri hem-de daşary ýurtly kärdeşleri bilen iş duşuşyklary guraldy. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin mynasyp, başarjaň işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz žurnalistika ulgamynyň işiniň hilini ýokarlandyrmagyň, telewideniýäniň mümkinçiliklerini artdyryp, ýaýlymlaryň programmalarynyň hilini gowulandyrmagyň, şeýle hem teleradioýaýlymlarda goýberilýän habarlaryň täzeçe, täsirli görnüşlerini tapmagyň, teleýaýlymlarda ykdysady we durmuş meselelerini has dogruçyl beýan edýän we tomaşaçylarda gyzyklanma döredýän gepleşikleri bermegiň zerurdygyny aýtdy.
    Milli Liderimiz ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça düşündiriş işlerini giňden geçirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
    Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk konsertlerini şu günki günüň ýagdaýyna görä geçirmek babatda degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.
    Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde milli telewideniýäniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, telewideniýäniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolan häzirki zaman tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň möhüm orny eýeleýändigini aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz telewideniýäniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, zerur bolan enjamlary satyn almak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly iberdi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak boýunça DIM-niň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
    Şu döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, şol sanda halkara guramalarynyň ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli işler amala aşyryldy. Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen birnäçe wajyp halkara duşuşyklaryna gatnaşdy.
    Hasabat döwründe milli Liderimiziň dürli döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy. Söhbetdeşlikleriň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 393-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň dowamynda resminamalaryň 69-syna gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
    Ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hasabat döwründe Hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň ikitaraplaýyn mejlisleriniň birnäçesi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, dünýäde emele gelen ýagdaýy we bolup geçýän wakalary hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dürli halkara çäreleri geçirmek we olara Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy we olary hödürlemegi tabşyrdy.
    Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 2020-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda milli Parlamentde resminamalaryň 36-synyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 20-siniň hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 16-synyň kabul edilendigini habar berdi.
    Häzir 22-nji awgustda geçirilmegi meýilleşdirilýän Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýär. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem Halk Maslahatyna taýýarlyk görülýär.
    Türkmenistanyň Mejlisinde wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi guraldy, deputatlar milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw maslahatlarynyň 52-sine gatnaşdylar. Şolaryň 12-si wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli Parlamentiň ýolbaşçysyna hem-de wise-premýerlere ýüzlenip, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekdi. Bu mejlisi 19-njy awgustda geçirmek göz öňünde tutulýar.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli, emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň kabul eden maksatnamalaryna laýyklykda ösmegini dowam edýändigini nygtady.
    Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şonuň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.
    Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bazar ykdysadyýeti kemala gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysady özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek işleri dowam edýär.
    Döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem dowam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar giňden ara alnyp maslahatlaşylýar, dürli çäreler geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Şu ýyl üçin öňde durýan wezipeler Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem-de ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlenildi. Bu wezipeler köp işleriň amala aşyrylmagyny talap edýär.
    Şoňa görä-de, biz bu wezipeleriň üstünde yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak baradaky maksatnamalarymyza goşmaça itergi bermeli. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaly.
    Milli Liderimiz ýylyň ahyryna çenli birnäçe möhüm çäreleriň, ýagny 31-nji awgustda we 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, sentýabr aýynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini hem-de ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk baýramynyň, dekabr aýynda bolsa Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk ýubileýiniň bellenilip geçiljekdigini habar berdi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
    Häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ýygnaklary wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly geçirmelidigini belläp, milli Liderimiz ministrleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bolsa, ýygnaklara bellenen arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, az sanly adamlary, ýagny diňe esasy ýolbaşçylary çagyrmagy tabşyrdy.
    Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.