Özümiz öndürip, hözirini görýäs

    Bazarlara, söwda nokatlaryna baranyňda, tekjeleri dolduryp duran harytlar gözüňi dokundyrýar. Olardaky «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyny göreniňde bolsa, begenjiň-buýsanjyň gursagyňa syganok. Özi-de önümler diýseň köp görnüşli, biri-birinden kämil, ýokary hilli. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
    Ýurdumyzda ak bazarlaryň harytlar bilen üpjün edilmeginde telekeçileriň mynasyp goşandy bar. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy netijesinde olar dürli senagat önümlerini öndürip, halk köpçüligine hödürleýärler. Bu ugurdan iş alyp barýan kärhanalar diýseň köp. Ildeşlerimiziň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleri bilen adygan kärhanalaryň biri-de Artykguly Rejepowyň ýolbaşçylyk edýän «Parahat» hususy kärhanasydyr.
    Biziň köpimiz «Eçil», «Joş» haryt nyşanlary astynda meşhur bolan miwe şirelerini dadyp görendiris. Bu şireler desterhanlarymyzyň, toý saçaklarynyň bezegi. «Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän bu önümler halk arasynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle şireler şetdaly, erik, alma, pomidor ýaly miweler bilen birlikde, banandan, ýer tudanasyndan, dürli tropiki miwelerden hem taýýarlanylýar. Bu miwe şireleri meşhur «Tetra Pak» şwed kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanada öndürilýär.
    «Parahat» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleriniň görnüşleriniň örüsi giň. Miwe şirelerinden başga-da, «Dat» haryt nyşany bilen üwmeçler, «Han şöhlat» haryt nyşany bilen şöhlatlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Şonuň ýaly-da halk arasynda meşhur bolan «Han çaý», «Özi» haryt nyşanly alkogolsyz içgiler hem «Parahadyň» önümi.
    Ynsan iň gowy zatlary öz çagasyna rowa görýär. Şonuň üçin bu kärhananyň çagalar üçin öndürýän önümleriniň hyrydary köp. «Ýeserje» haryt nyşanly çaga pýuresi körpeleriň söýgüli önümi. Ol ter miwelerden taýýarlanyp, witaminlere diýseň baýdyr. «Ýeserjäniň» owadan bezelen gaby hem alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
    «Süýtli dere» haryt nyşanly kokteýllere çagalar hem ulular tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muny nazarda tutup, kärhana kokteýlleriň dürli görnüşlerini öndürýär. Şokoladly, karamelli, ýertudanaly, bananly kokteýller üýtgeşik tagamy bilen tapawutlanýar. Şol haryt nyşanly süýtler hem alyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy.
    Öndürilen önümler ýurdumyzyň bazarlaryndaky, söwda merkezlerindäki dükanlara ugradylýar. Şonuň bilen birlikde, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň hususy önüm öndürijileri goldamak bilen baglanyşykly alyp barýan döwletli işleriniň guwandyryjy netijesidir.
    Kärhananyň işgärleri hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.