Mekdep bazarlary alyjylaryň hyzmatynda

    Tomus möwsümi ahyrlap barýar. Täze okuw ýyly golaýlaýar. Bu döwür talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlar, şeýle-de mekdep okuwçylary üçin iň arzyly, arzuwly pursatlara baýdyr. Olar täze okuw ýyly üçin täze egin-eşik, täze okuw esbaplaryny almagyň süýji aladasynda, isleginde ýaşaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermeginde hususy telekeçiler üçin ähli mümkinçilikler döredilen ýurdumyzda olaryň bu isleglerini kanagatlandyrmagyň hiç hili müşgilligi ýok. Muňa 10-njy awgustdan paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep bazarlarynyň hem-de göçme söwda nokatlarynyň jemi 410-synyň alyjylara giňden hyzmat edip başlamagy-da şaýatlyk edýär. Olarda söwda-satuw işleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan ýola goýulýar. 
    Mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň köpgörnüşliligi ünsüňi özüne çekýär. Elbetde, harytlaryň bolçulygy, ýokary hilliligi, şonuň bilen birlikde-de elýeterliligi bazarlaryň köp adamly bolmagyny, alyjylaryň islegleriniň barha artmagyny şertlendirýär. Paýtagtymyzyň «Teke bazary», «Gülüstan» söwda merkezlerinde, «Altyn asyr» Gündogar bazarynda satuw işleri ýola goýlan mekdep bazarlaryna, göçme söwda nokatlaryna aýlanyp göreniňde-de, muňa doly göz ýetirýärsiň. Alyjylaryň isleg bildirýän harytlarynyň arasynda ýurdumyzda öndürilen önümleriň agdyklyk etmegi has-da guwandyryjydyr. Şeýle harytlaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary, şeýle-de hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen okuw egin-eşikleri, aýakgaplary, dürli görnüşli köýneklik matalary, tahýa, çabyt, begres ýaly milli lybaslary hem-de şaý-sepleri görkezmek bolar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen dürli görnüşli okuw depderleri, hususy telekeçilerimiziň satuwa çykarýan beýleki kanselýariýa-okuw esbaplary-da bazarlaryň iň geçginli harytlarydyr.
    — Agtyjagym Oguljemal şu ýyl Aşgabat şäheriniň 57-nji orta mekdebine 1-nji synpa okuwa barýar. Şoňa täze eginbaş, galam-depder ýaly gerek zatlaryny almaga geldik. Tüweleme, bazarlarymyzda bolçulyk: idän zadyň tapylyp dur, bahalaram elýeterli. Özümiziňkileriň öndüren önümleri bolsa ýokary hili bilen saýlanyp dur. Onsoň alan zatlarymyzyň hemmesi diýen ýaly öz ýurdumyzda öndürilen harytlar. Bize şeýle döwletli döwrany peşgeş beren, halkyny bolçulykda, abadançylykda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, paýtagtymyzyň «Teke bazary» söwda merkezinde döredilen mekdep bazarynda agtyjagynyň elinden tutup aýlanyp ýören 68 ýaşly, hormatly dynç alyşdaky ildeşimiz, Aşgabat şäheriniň Parahat — 3/2 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Ogulgerek Myradowa begenjini biziň bilen paýlaşdy.
    Elbetde, mekdebe ilkinji gezek okuwa barmagyň, onuň üçin täze egin-eşik almagyň, olary gaýta-gaýta geýip görüp, aýnada özüňi synlamagyň... begenjini başdan geçirmedigimiz ýokdur. Sebäbi biziň hemmämizem çaga bolup gördük ahyry! Türkmen halky bolsa milli Liderimiziň örän jaýdar aýdyşy ýaly, çagalaryna aýratyn alada, aýratyn söýgi bilen garaýan, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş edýän halk. Ogulgerek daýzanyňky ýaly buýsançly sözleri bu günki gün her bir ildeşimiziň dilinden eşitmek bolýar. Çünki parahat, asuda hem abadan ýurtda öz çagalaryňa, agtyk-çowluklaryňa guwanyp ýaşamakdan uly bagt ýok bolsa gerek. Goý, şeýle bagt biziň her birimize nesip etsin!