Çyn pälwanlar emin bolar

    Begnazar agadyr Ogultäç eje eger aýatda diri bolanlarynda ilhalar ogul-gyzlary ýetişdirip bilen-dikleri üçin özlerini bagtyýar hasaplardylar. Olaryň ogullary Allanazardyr Sapargeldi il içinde sy-lanýan adamlar bolup ýetişdiler. Allanazar-a belli ýomakçy, ýazyjy, şahyr hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýar. Sapargeldi hem döwletimizde belli pälwan, emin bolup ýetişdi. Biziň şu gezekki söhbedimiz hem geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda bassyr dört ýyllap milli göreş boýunça Türk-menistanyň çempiony bolan Sapargeldi Begnazarow hakynda.
    Bu söhbede başlamagymyza ýolda duşan bir wakam sebäp boldy. Uzakdaky obalaryň birine bar-maly işim çykyp, awtobusa münmeli boldum. Edil öň ýanymdaky oturgyçda oturan iki sany ýaşu-ly özara gürleşmäge başlady. Olaryň biri saglyk-amanlykdan soňra beýlekisinden ýolbolsun sora-dy.
    — Aýyň 23-ine sähedim. Gelin edinjek bolýas. «Göreşde özüň beýemçilik edip, abraýly sowup ber» diýip, haýyş etmek üçin Sapargeldi mugallymy gözläp çykdym. Obasynda ýok ekeni. Näme-de bolsa, göreşiň içinde önüp-ösen oglan-da. Hemme iniş-çykyşy gowy bilýär-dä.
    — Hä, o göreşde eminlik edip gezýän mugallymy menem göreşlerde kän görýän. Özem ýaş wag-ty atly pälwan bolupdy. Begjan pälwanyň şägirdidi ol — diýip, gürrüňdeşi Sapargeldi mugallymy tanaýandygyny ýaňzytdy.
    Dogrusy, Sapargeldi agany ýakyndan tanaýan hem bolsam, wagtynda atly pälwan bolanlygyndan habarym baram bolsa, onuň meşhur Begjan pälwanyň şägirdidiginden habarym ýokdy. Sebäbi Begjan Nazarow «Begjan pälwan» ady bilen öz döwrüniň meşhur pälwanydy. Ol baradaky rowa-ýata çalymdaş gürrüňler häzirki wagtda hem dilden-dile geçip, adamlaryň arasynda ýaşap ýör.
    Ýokarky wakadan soňra men Sapargeldi Begnazarowyň zähmet ýoly bilen gyzyklanyp başladym. Geçen urşuň tamamlanan ýyly dünýä inen Sapargeldi urşuň soň ýanyndaky ýyllaryň kynçylygyny çaga-da bolsa başdan geçirýär. Obasyndaky 7 ýyllyk mekdebi tamamlaýar. Soňra Köneürgenç şä-herindäki Çagalar öýünde bolup, orta mekdebi tamamlaýar.
    Sapargeldi Begnazarowyň göreş tutmaga bolan höwesi heniz çaga wagty döreýär. Ol çagalykdan göreşli toýlardaky pälwanlaryň göreşini höwes bilen synlaýar. «Menem ulalamda şolar ýaly päl-wan bolup, köpçüligi haýran galdyrsam» diýip, arzuw edýär. Şu höwes hem ony Begjan Nazaro-wyň milli göreş boýunça gurnagyna alyp gelýär.
    Ýaşajyk Sapargeldiniň milli göreşe höwesjeňligi, öwredilýän emelleri ezberlik bilen gaýtalamaga yhlas edişi meşhur pälwanyň göwnünden turýar. Milli göreş boýunça Türkmenistanyň çempiony bolan Begjan Nazarow bu ýaşajyk şägirdiniň uly geljegine ynam bildirýär. Yhlas bilen oňa tälim berip başlaýar.
    Elbetde, halypanyň beren tälimi bihuda geçmeýär. Sapargeldi milli göreşde özüni görkezip ugra-ýar. Tizdenem geljegine uly umyt bildirilýän ýaşajyk pälwanlaryň birine öwrülip, halypasynyň ynamyny aňryýany bilen ödeýär. 1960 — 1964-nji ýyllarda mekdep okuwçylarynyň arasynda milli göreş boýunça Türkmenistanyň çempiony bolýar.
    Sapargeldi Begnazarowyň şondan soňky bütin ykbaly türkmen milli göreşi bilen bagly bolýar. Ol orta mekdebi tamamlansoň, kär saýlamaly bolanda-da ikirjiňlenip durmaýar. Bedenterbiýe mugal-lymy bolmagy maksat edinip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bedenter-biýe fakultetine gaýybana okuwa girýär. Okuwyny tamamlap, obalaryndaky mekdepde bedenter-biýe mugallymy bolup işläp başlaýar.
    Sapargeldi Begnazarow indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri türkmen sportunyň, onda-da biziň halkymyzda has meşhur görnüşi bolan milli göreş sungatynyň ody bilen girip, küli bilen çykyp gelýär. Uzak ýyllaryň yhlasly zähmeti ony abraýa, belent derejä ýetirdi.
    Sapargeldi Begnazarow häzirki döwürde hem Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 55-nji orta mekdepde bedenterbiýe mugallymy bolup zähmet ýoluny dowam etdirýär. Hormatly Prezidenti-miziň öňde goýan talaplaryndan ugur alyp, oba ýerlerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde yhlasyny gaýgyrmaýar.
    Uzak ýyllaryň yhlasly zähmeti öz mynasyp miwesini hem eçildi. Indi Sapargeldi Begnazarow tür-genleriň, bedenterbiýe mugallymlarynyň uly toparynyň halypasy. Sapargeldi aganyň şägirtlerin-den Allanazar Mämmedow, Şamsiddin Kemalow, Arazmyrat Begnazarow dagy milli göreş bo-ýunça «Türkmenistanyň sport ussady» derejesini alan bolsalar, Şageldi Mätjanow, Ýegenmyrat Begnazarow dagy «Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär» derejesinde ýurdumyzyň sport abraýyna mynasyp goşant goşup ýörler.
    Halypa mugallymyň bedenterbiýe otagyndaky diplomlardyr kuboklar hem onuň okuwçylarynyň, şägirtleriniň üstünliklerine güwä geçýär.
    Sapargeldi aga diňe bir Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda däl, tutuş welaýatda tejribeli mugal-lymlaryň biri hökmünde tanalýar. Onuň iş tejribesi yzygiderli öwrenilýär. Sary Tuwakow, Rejep Nuryýew, Nazar Aşyrow, Pälwan Gazakow, Baýram Arslanow ýaly indi özleri halypalyga ýeti-şen şägirtleri ony özleriniň ussat halypasy hasaplaýarlar.
    Sapargeldi aganyň sarpasy belent. Ol çeken yhlasly zähmeti üçin «Halk magaryfynyň otliçnigi», «Ýokary derejeli mugallym», «Milli derejeli emin» ýaly abraýly atlara-derejelere mynasyp boldy. Ençeme gezek halkara derejesindäki we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baş emin, baş eminiň orunbasary, emin bolup çykyş etdi. 2015-nji ýylda Balkan welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sun-gaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.
    Sapargeldi aganyň döwletli maşgalasy bar. Halypa pälwanyň maşgalasynda üç ogul, bäş gyz ýe-tişdi. Hemmesem halal zähmeti bilen il içinde abraý gazanan kişiler.
    «Ata kesbi ogla halal» diýleni. Sapargeldi aganyň uly ogly Arazmyrat Begnazarow — Türkmenis-tanyň sport ussady. Häzirki wagtda ol Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji Çagalar sport mekdebinde milli türkmen göreşi boýunça tälimçi bolup işleýär. Ortanjy ogly Ýegenmyrat Begna-zarow bolsa Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär. Etrabyň 1-nji Sport mekdebinde milli türkmen göreşi boýunça tälimçi bolup işleýär. Körpe ogly Goçmyrat milli türkmen göreşi boýunça yzygiderli türgenleşik geçýär. Iň esasy zat bolsa, ata kesbi ogla geçip dowam edýär.
    — Tüýs buýsanyp ýaşamaly zamana geldi. Türkmen milli göreşi halkara häsiýetli sporta öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty bo-ýunça V Aziýa oýunlaryna milli göreşiň goşulmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biri. Sagdyn durmuş keşbini adaty ýagdaýa öwürmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan bimöçber uly işleri üçin maşgalamyzda hormatly Prezidentimiziň adyna hemişe alkyş sözleri aý-dylýar — diýip, Sapargeldi aga öz ýürek buýsanjyny beýan edýär.