Gönezlik

Talyp gyzlarymy alyp, oba ― garrylary görmäge gitdik. Agtyklaryny gören gaýynenem gujagyny giňden açyp: «Geliň-ä şeýdip, gyzlarym, gözlerimi ýolda goýduňyz-a» diýip, begenjini mähirli sözler bilen ýüze çykardy. Ýarawsyzja gaýynatam bolsa guwanjyna we buýsanjyna derdini ýatdan çykaran ýaly bolaýdy. Onuň: «Hany, keýwany, nämäň bolsa saçaga getir. Gyzlarym, eneňiz gysganjrakdyr, eline seredip oturmaň-da, üzüm iýjekmiň şetdaly, alma agzyňyza ýakýarmy, armyt?! Bagdan ýolup iýiň, ýöne guýudan suw çekiň-de, ýuwup-ýuwup iýiň!» diýen degişme sözleri ýylgyryşyp, öňem işe ilgezik bolup oturan gyzlarymy derrew herekete getirdi. Şol barmana täzeje mesge bilen bir şakäse süýdi eline alyp, içerik giren gaýynenem kiçi gyzyma ýüzlenip şeýle diýdi:

— Ogulnur jan, bar gyzym, eliňe bir käsejik al-da, Tawus gelnejeňlerden gönezlik alyp gaýt. Huşum gursun, düýn geljegiňizi eşidip, gatyja süzmämden-ä gurt ýasandym. Bu günem gatyklaryň hemmesini ýanlyga guýup ýaýaýypdyryn. Ana, indi süýt basyraýyn diýsem, gatykdan, çekizeden hiç zat ýok.

Eline käsäni alsa-da, gyzym birhili eginlerini gysyp, ýaýdanjyrap duruberdi. Gözlerini tegeläp, ýüzüme seredýänini duýup, onuň gönezlik sözüniň manysyna düşünmedigini aňdym. «Dükanlardan taýýar süýt-gatyk alyp ýörensoň, gönezligi näbilsin bu çaga?! Ýeri, welaýat merkezinde ýaşanyňda näme, oba häli-şindi gelnip dur-a. Eltileriň bilen müň gepiň başyna ýetip oturanyňdan, çagalaryňa bu sözleriň manysyny öwret-dä. Birden oba ýerine düşdi-dä gelin bolup. Gönezlik näme, sanaç?! Ataşgir haýsy, kesewi bilmeli bolar-a, nan iýjek bolsa?!» diýip, özüme öz ýanymdan igendim. Syrymy bildirmejek bolup, gyzym bilen bile goňşulara ugradym. «Hem-ä salamlaşdygym bolar, hemem birden it-guşdan gorkaýmasyn, gyz maşgaladyr» diýip içimi gepletdim. Oba ýerlerinde jaýlar biri-birine degip duransoň, ara-da juda ýakyn. Gönezlik barada düşündirere maý hem boljak däl. Şol sebäpli-de iki hojalygyň mellek ýerlerine suw berýän ýapjagazyň üstündäki köprüjigiň ýanynda saklandyk. Ilki bilen şondan başlamagy makul bildim. «Gyzym, uly derýalaryň, akabalaryň üstünden gurulýan geçelgelere köpri diýilýär. Gadymyýetde oňa geçit diýlipdir. Ine, şular ýaly kiçijik ýabyň üstünden geçmek üçin bolsa, oba adamlary ýasyja bir tagta ataýýarlar. Muňa-da paýapyl diýilýär. Gyzym, süýt basyrmak üçin enelerimiz bir çemçe gatyk ýa-da bolmadyk ýagdaýynda süzmedir aýran ulanypdyrlar. Oňa gönezlik diýilýär. Mylaýymja süýdüň möçberine görä gönezlik salnypdyr. Eger-de süýdüň azajyk bolsa, azrak, köpräjik süýde-de özüne göräräk gönezlik goşmasaň, gatygyň hiline täsir edýändir. Az süýdi köp gönezlik derrew turşadýar. Köp süýde az goşsaň gönezligi wagty bilen uýamaz. Ine, onsoň süýdi gazandan basyrjak gabyňa susaklap guýmaly-da, üstüne gönezlik goşup, mazaly bulamaly. Soňra «üşemez» ýaly, ýylyjak ýerde basyryp goýmaly. Talabalaýyk basyrylan süýt iki sagat töweregi wagt geçensoň, derrew uýap, gatyga öwrüler. Şondan soň, gatygy sowadyja salsaň ýa-da salkyn ýerde goýsaň örän şypaly bolar. Edil süýt basyrmak üçin gönezligiň gerek bolşy ýaly, düýe süýdünden çal tutmak üçin gor gerek. Geçi we goýun süýdünden peýnir etmek üçin maýalyk gerekdir, balam!».

Tüweleme, ýaşlara bir zat öwredip bilseň, edil daşa ýazylan ýaly diýleni çyn. Men gadymy hem müdimi sözlerimiz barada nygtaýarkam, talyp gyzym elindäki mobil telefonynyň düwmejigine basyp, eýýäm gönezlik, gor, maýalyk... sözleriniň iňlis dilinde atlandyrylyşy bilen gyzyklanýardy.