Görk — agyzdan

    «Bitarap Diýar: ýaşlaryň terbiýesinde milli ýörelgeler» atly makalalar toplumyndan
    Çynar ýaly berdaşly ogullary, bägül kimin hoşsyrat gyzlary ösdürip ýetişdiren pederlerimiz olaryň janynyň sag, kaddy-kamatlarynyň zyba bolmagynda dogry iýmitlenmegiň zerurdygyna düşünipdirler. «Görk — agyzdan, görmek — eginden» diýen pähim-parasada eýermek bilen perzentleriniň dogry iýmitlenmegiň edebine eýermegini gazanypdyrlar.
    Säher bilen baglary suwaryp ýören agtygynyň berekellasyny ýetirip, içerik giren Ogulhajat ene goşa gelnini goşa didesi bilen mähirledi. Aşhananyň bir gyrasynda uly saçagyň üstünde et pudarlap oturan agzy ýaşmaklyja gelinler enäniň ýakymly nazaryny ýylgyryş bilen garşyladylar.
    — Tüweleme, balalar, oňarýaňyz eti bölekläp goýup. Şeýdip bir naharlyk edip, çorbalygyny aýratyn, şaralygyny aýratyn, üweljegini hem özbaşyna goýsaňyz, nahar ataranyňyzda kösenmersiňiz — diýdi. Yzyndan hem kiçi gelnine ýüzlenip: «Aýjahan jan, ýüzugruna galan-gaçan ýorka-ýurugsasyny, peýidir mäzini hem gözden sypdyrmagyn, balam. Dowar soýulýarka oglanlara hem tabşyrypdym welin, adamçylykdyr, bir gözden iki göz ýagşydyr» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Gelinler makullamak bilen ýerli-ýerden baş atyşyp, gadymdan gelýän milli ýörelgeleri dowamata sapdylar.
    Nusgawy edebiýatymyzda Keý-Kowus, Jygalybeg goja, Gorkut ata, Döwletmämmet Azady, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary... ýaly müňlerçe türkmen alymlarydyr ulamalarynyň nesillere miras galdyran öwüt-ündewlerinden, dürdäne sözlerinden, namalaryndan başga-da, halkyň arasynda dowam edip gelýän, durmuş tejribesi esasynda taslanan milli ýörelgelerimiz edil umman ýaly joşgunly hasaplanýar. Halkymyzyň juda giň gözýetiminden, çuňňur akyl-üşüginden, ýiti paýhasyndan gözbaş alýan milli ýörelgeler ýaşlaryň kämil adam bolup ýetişmeginiň gözbaşydyr. Ýazylmadyk kanun esasynda halk arasynda ýaşaýan şeýle ýörelgeleriň biri hem iýmitlenmegiň edebidir.
    Ynsan bedenini gelşige getirýän, akyl-huşuny ösdürip, ruhuny belende galdyrýan, gor hasaplanýan iýmitlenmek meselesinde pederlerimiz, ilkinji nobatda, daban azaby bilen gazanan lukmasynyň halal bolmagyna aýratyn üns beripdirler. Päk zähmete ýugrulan malyň maşgala agzalarynyň janyna noş bolýandygyna, keselçilikden, betbagtlykdan goraýandygyna aňryýany bilen düşünmek arkaly olar perzentlerinde dogruçyllygy, bir sözlüligi, messepliligi, ygrarlylygy terbiýeläpdirler. Türkmen ilinde iýmitlenmek meselesinde päkizelige, arassaçylyga aýratyn ähmiýet berlipdir. Ýaradanyň buýruk eden towuk, towşan, goýun, geçi, sygyr, düýe... ýaly iýmitlik janly-jandarlarynyň damagy çalnyp, damakganyny ýörite gazylan çukura akdyrmaklyk talap edilipdir. Onuň üstünde dessine ot ýakylyp, zyýansyzlandyrylypdyr. Birdenkä, mal-garalaryň biri iým tutup, aýagy döwlüp, gaýadan uçup heläkçilige uçraýsalar hem gözgyny edip goýman, dessine halallanypdyr. Islendik görnüşdäki mal-gara, guş ugry haýsydyr bir kesele uçraýsa hem tä gutulýança dürli ýerli melhemler bilen bejerilipdir. Kesellän malyň etini iýmek we bilmeýän habarsyz adamlara iýdirmek külli günä hasaplanypdyr. Mal soýlanda gassap tarapyndan iýmitlige degişli bolmadyk ajy içegesi, peýidir mäzleri, ýorkasydyr suwly haltajyklary kesilip aýrylypdyr. Towukdyr ördek, käkilikdir sülgün... ýaly guş etinden nahar taýýarlananda, ilki ýelekleri gowy ütülip, kellesi, aýaklary, guýruklygy kesilip aýrylypdyr. Iç-goşlaryndan diňe bagry, ýüregi, daşlygy ýaramly hasaplanypdyr. Guş ugrunyň beýleki iç goşlary iýilmändir. Balyk etinden dürli naharlar taýýarlamagy başaran halkymyz onuň diňe işbilini iýmitlik hökmünde ulanypdyrlar. Pygamberimiz musulman ymmatyna beýleki janly-jandarlardan tapawutlylykda diňe jany bolmasa-da, zaýalanmadyk balygy iýmeklige ejaza beripdir.
    Tagam taýýarlananda päkizelik aňrybaş derejä ýetirilipdir. Zenanlaryň billerini guşap, öýmeleriniň ujuny bilguşagyna gysdyryp, agyzlaryna ýaşmagyny alyp, bileklerini çyzgap, dyrnaklaryny aýryp, ykjamlanyp soňra nahar taýýarlamagy oňlanypdyr. Nahara atylýan ýeralma, käşir, kelem, sogan, kädi ýaly bakja önümleriniň iň sagdynlary saýlanypdyr. Suw basan, çüýrän, myssaran, haýsydyr bir gemrijidir mör-möjekler tarapyndan zaýalanan önümler ulanylmandyr. Sogan dogralanda düýbündäki sary ýeriniň — süzgüjiniň köwlenip aýrylmagyna aýratyn dykgat edipdirler. Gazan-tabaklar, pyçakdyr çapgyçlar juda arassa saklanypdyr. Boş gazanyň agzy mydam gapakly goýlupdyr. Halal tagam taýýarlanýan we iýilýän aşhana esbaplarynda boýag boýamak, kir suw ýylatmak, mal-gara aş bişirmek... düýpli gadagan edilipdir. Iýmitlik et önümleriniň ysyna, reňkine, arryk we semizligine seredilipdir. Mal öldürilýän we çig et kesilýän pyçagy gök önümleri arassalamaga, gawun-garpyz kesmäge ulanmandyrlar. Ylaýta-da, balyk arassalanýan we kesilýän enjamlar aýratyn saklanypdyr. Ilimizde juda hor malyň eti iýilmändir. Gaty ýagly eti ak ýag hem-de jigirdek üçin ulanypdyrlar.
    Nahar edinilende maşgala bolup bir saçagyň başyna üýşüp oturmak döwletlilik saýylypdyr. Nahardan öň uludan-kiçä hemmeleriň ellerini ýuwup, soň saçak başyna geçmegi parz saýylypdyr. Ýaşulynyň «bismillasy» bilen nahara başlanypdyr. Owkat iýilýärkä gürlemek, gülmek, asgyryp-üsgürmek, gägirmek halanmandyr. Hurşluk mal öldürilende hem maşgala agzalarynyň saglyk ýagdaýy göz öňünde tutulypdyr. Aýda bir gezek kellebaşaýak, hepdede bir gezek balyk, günde bir gezek gyzgyn nahar iýmek kada öwrülipdir. Owkat meselesinde pederlerimiz ýaş çagalaryň, göwreli gelinleriň iýmitine aýratyn üns beripdirler. Igliräk, ysgynsyzrak çagalara, hamyla gelinlere sagdyn malyň täzeje bagryndan taýýarlanan şorja börtme iýdirilipdir. Ýaňyja nahara duran 4-5 aýlyk çagajyga agzynyň suwy akmazlygy üçin, goýnuň bişen guýrugy sordurylypdyr. Diş çykjak bolup, kentlewügi gijäp başlan balanyň eline ýagşy gaýnap bişen etiň saçuzyny berlipdir. Ýaglyja etden ähli maşgala agzalary üçin taýýarlanan şorsuw, şara, çekdirme, gaýnatma, çişlik ýaly milli tagamlar nesilleriň sagdyn ösüp ýetişmegine, gujur-gaýratly bolmagyna ýardam edipdir. Palaw, belke, garma ýaly el bilen iýilýän nygmatlardan soň eliňi silkmek unalmandyr. Ortadan tabaklar alynmanka tagamyň hakyna töwir galdyrylyp, öten-geçenler ýatlanypdyr. Saçagyň başynda oturan her bir adam öňüne we töweregine düşen çörek owuntyklaryny, iýmit böleklerini çöpläp, saçagyň gyrasynda mäjumlap goýmaga borçly saýylypdyr. Gemrilen süňkler, galan-gaçan önümler it-pişige niýetlenipdir. Bokurdagynda galar gorkusy bilen olara hiç mahal balygyň süňkleri we gylçyklary berilmändir. Nahardan soň ýene-de ellerini ýuwmagy halkymyz sogap hasaplapdyr. Arymsy zenan maşgalalar saçak-supra ýygnalandan soň, gap-gaçlary dessine ýuwup-ardyp goýupdyrlar.
    Gök çaýyň başynda ýaşuly nesiller ýaşkiçilere nahar edinmegiň ýollary baradaky giňişleýin öwüt-ündewlerini dowam etdiripdirler. Gyzyla berimsiz peder paýhaslarynyň arasyndan nahary ajygan wagtyň iýmegiň lezzeti, belli bir wagtda iýmitlenmäge endik etmegiň ähmiýeti, turşy önümleriň çalt garradýandygy, ýagly nygmatlaryň aşa semredýänligi, duzly owkatlar juda köp iýlende bedeniňi guradyp, tapdan gaçyrýandygy, nahardan soň dessine çig suw içmegiň iýmit siňdiriş agzalaryna zyýanlydygy baradaky peýdaly söhbetler eriş-argaç bolup geçipdir. «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýilýän dürdäne jümlelere eýerýän eždatlarymyz bu sözleri asyrlardan-asyrlara aşyryp, biziň günlerimize ýetiripdirler.