Uly iliň soltany

Bugdaý ekip, hasyl almak, harman eýesi bolmak, döwek döwüp, çäjini arassalamak, un eläp, çörek ýapmak ýaly hysyrdyly işleriň aýratyn höziri bar.
    Çöregiň neneňsi mukaddesligi biziň hemmämiz üçin hem aýan hakykat. Bugdaý ekip, hasyl almak, harman eýesi bolmak, döwek döwüp, çäjini arassalamak, un eläp, çörek ýapmak ýaly hysyrdyly işleriň aýratyn höziri bar. Uly iliň soltany hasaplanylýan bugdaýyň dürli görnüşli tohumlardan ybarat bolşy ýaly, olaryň ýokumy hem aýry-aýry bolýar. Bu barada Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Tebipler bu hakda şeýle diýdi: «Iň gowy çörek tamdyrda bişen çörekdir. Onuň tebigaty gurak-gyzgyndyr. Tä sowaýança iýmezlik gerek, sebäbi gyzgyn çörek suwsatgyç bolýar. Çörek iýmegiň iň gowy wagty onuň bişirilen günüdir. Gury we petir çörek gowşan aşgazany berkidýär, olardan soňra «garby» diýlip atlandyrylýan çörek has peýdaly. Ununda kepegi az boldugyça, çöregiň aşgazanda siňmegi haýallar, ýöne ýokumlylygy taýdan örän ýokary bolýar. Iň ýokumlysy we ýeňil siňýäni ýumşak çörekdir. Çörek owuntyklary ýellenmäni aýyrýar we haýal siňýär. Ýagly köke agyr hyltyň döremegine sebäp bolýar. Süýtli çörek örän ýokumly we haýal siňýär. Arpa çöreginiň agyryny köşeşdiriji, gan akmasyny saklaýjy we iç ýellenmesini aýryjy häsiýeti bar. Nohut unundan bişirilen çöregiň siňmegi haýaldyr. Oňa köpräk duz atmak maslahat berilýär».
    Çöregiň ýokumy barada Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Abu Reýhan Birunynyň «Lukmançylykda farmakognoziýa» atly kitaplarynda, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde hem giňden bellenilip, bugdaýyň halk lukmançylygynda böwregi we peşew haltasyny arassalamakda, içege baş kesellerinde, önelgesizlikde, ýönekeý we ganly içgeçmede giňden peýdalanylandygy barada ýazylandyr.
    Elbetde, çöregiň ýokumly bolmagy üçin ony bişirmegiň we ýerlikli iýmegiň hem öz düzgün-kadasy bardyr. Zanny hem süňňi halal türkmen zenany bugdaý ununy «Bismilla Rahman-Rahym, haýyr-bereket, nur-rahmet, iýlen-içilen Hudaý ýoluna, aýdylan-diýlen kabul bolsun!» diýip, hamyr tabagyna guýup, elekden geçirýär. Soňra bolsa pürküldäp duran undan hamyr ýugrup, «Bismilla pir Pugta! Men ýelmäýin, sen togta» diýip, çörekleri tamdyra ýapanyndan tä saçaga alyp berýänçä ençeme däp-dessurlary ýerine ýetirýär. Ilkinji çöregi bölmän «Berekedi köp bolsun!» diýen yrym bilen soňky bişen çöreklerden bölüp, ýörite çaga üçin niýetlenilip bişirilen gyzgynjak kökejikleri suwa salyp-çykaryp, çagajyklara berer we ýakyn goňşusyna hem bir tegelek çöregi «Goňşy haky» diýip ugradandan soňra, çöreklerini saçaga dolar.
    Ene-mamalarymyz: «Çöregiň mekrusyny aýyrmaly» diýerdiler. Çünki uny elemek halallyk, arassaçylyk üçin wajypdygyny, çöregiň mekru hasaplanýan ýerleri bolan ýanygyny we kesegini arassalamak saglyk üçin wajyp. Sebäbi eýi ýetip, suwalan tamdyryň kesegi çöregiň arkasyna ýelmeşende, ol gowy edip gazalmasa, eýlenen kesek adamyň aşgazanynda eremän, aşgazana ýa-da böwrege zeper ýetirip bilýär. Bu barada Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda «Iýýän çöreginiň ununda gum ýa çäge bar bolan adamyň böwreginde daş dörär» diýip belläp geçipdir.
    Mamam pahyryň 1948-nji ýylyň ýer titremesinde jaýyň aşagynda iki günläp galan aýal doganynyň halsyz bedenini gurplandyrmak üçin bugdaý unundan bişiren bulamagyny birnäçe günläp doganynyň agzyna çalyp, seredenden soňra, onuň bäri bakandygy, malyň guýruk ýagyna bişirilen bulamagyň tapsyz bedeni neneňsi gurplandyrýandygy barada aýdany häli-häzir hem ýadymda. Şeýle-de mamam ýaş wagtlary bulamagyň içine badamjany atyp, lezzet bilen iýendiklerini we bu tagamyň örän ýokumlydygyny aýdardy. Diýmek, guşgursak dänäniň önümi bolan bugdaý ununyň bulamagy hem derde derman ekeni. Günüň tegelek şekilini we gyzgyn çoguny, mähirli nuruny özünde jemleýän çörekler saçagyň berekedi bolup, öýümize ýakymly ysyny ýaýradanda, her bir adamyň işdäsi açylýar. Şonuň üçin hem ynsan çöregi hormatlap, ony mukaddeslik hökmünde görýär.
    Mukaddes çöregiň hormaty bu günki gün Garaşsyz döwletimizde her bir türkmen maşgalasy, her bir türkmen raýaty üçin egsilmez belent derejededir. Uly iliň rysgaly bolan ak bugdaýy hormatly Prezidentimiz:
    «Bugdaý — bagt, ýaşaýyş, galla — Watanyň genji-hazynasy, galla — halkyň baýlygy» diýip, ajaýyp sözler bilen wasp edýär. Bize bolsa, bu mukaddes baýlygyň gadyr-gymmatyny nesillerimiziň aňyna many-mazmun, terbiýe we görelde bilen ýetirip, Watanyň geljegi bolan kämil nesilleri ýetişdirmek galýar.