Hemişe sagdyn bolaýyn diýseňiz!

    Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, bejermekde, umuman ynsan saglygyny goramakda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak babatda bitirilýän işler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar.
    Adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Häzirki döwürde adamda artykmaç agramlygyň, semizligiň peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan näsaglygyň bir görnüşidir. Bu keseliň ýüze çykmagyna bedende energiýa deňagramlylygyň yzygiderli bozulmagy sebäp bolýar. Iýmit bilen alynýan energiýa, sarp edilýän energiýadan agdyklyk edýär. Netijede, adam bedeninde artykmaç ýaglar toplanýar. Bilşiňiz ýaly, adamdaky artykmaç agram köp keselleriň başlangyç tapgyry bolup durýar. Esasan hem, ýürek-damar, iýmit-siňdiriş we endokrin ulgamynyň keselleriniň döremekliginiň esasy sebäpleriniň biri. Onuň döremegi esasan iýmitde uglewodlaryň we ýagyň köp möçberde bolup, iýmitiň kaloriýalylygynyň çendenaşa ýokary bolmagyna getirýän sebäpler bilen esaslandyrylýar.
    Elbetde, bedende ýaşaýyş üçin derwaýys hyzmatlary ýerine ýetirýän ýag zerur kuwwat çeşmesi hökmünde gerek. Emma, bedende artykmaç ýagyň toplanmagy semizlige getirip, saglyga zeper ýetirýär. Bedende maddalaryň alyş-çalşygy bozulýar. Süýjüli diabet, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy, ýürek-damar ulgamynyň keselleri, öthaltada daş döreme, damarlaryň warikoz giňelmesi ýaly keselleriň köpüsi semizlik bilen baglanyşyklydyr.
    Bedende artykmaç agramlygyň öňüni almakda kadaly gün tertibini we sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny dogry düzmek zerurdyr. Kadaly iýmitlenmek — bu günüň dowamynda bedeniň kadaly işjeňligi üçin gerek bolan maddalaryň öwezini dolmaga ukyply bolan iýmit önümleriniň toplumyna aýdylýar. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Ýokumly iýmitlenmeklik zerurdyr, sebäbi ýokumly iýmitlenmeseň, onda adamda iýmit ýetmezçiligi ýüze çykýar. Dogry we sagdyn iýmitlenmezlik her bir adamda ysgynsyzlyk we ýadawlyk döredýär, ganazlyga getirýär. Işdä bilen dürli iýmitleri kabul etmek saglyk üçin peýdalydyr. Sagdyn bolmaklyk üçin biz dürli nygmatlardan her gün iýip durmalydyrys. Biziň iýýän iýmitimiz bize lezzet bermeli. Emma agramy kadaly ýagdaýda saklamaly, gök we däne-galla önümlerini köp iýmeli, ýagly naharlardan, süýjüden we şekerden, alkogolly içgilerden gaça durmaly, köp hereket etmeli we beden maşklaryny köpeltmeli. Adamlar öz gündelik iýmitlerinde miweleri, ir-iýmişleri, gök we däne önümlerini ýeterlik mukdarda ulanmalydyr.
    Sagdyn bolmaklyk üçin adamlaryň gündelik iýýän naharlaryna esasy azyk önüminden başga iýmitleriň her dürli görnüşlerinden az-azdan goşmaklary möhümdir, olar bedeniň saz işlemegi üçin gerek bolan minerallara we witaminlere baýdyr. Aşa semizlikden ejir çekýän adamlar öz saglygyny berkitmek üçin ýagly, süýji tagamly, hamyrly we beloklara baý bolan iýmitler bilen iýmitlenmekden belli bir derejede saklanmaly. Däneli we miwe önümleriniň şiresini çäklendirmeli. Agşamlyk naharyňyzy uklamazdan 3 sagat öň edinmeli. Sebäbi, ýag, esasanam, gijesine toplanýar. Nahar iýmezden öň 1 bulgur suw içmek maslahat berilýär, şonda siz özüňizi has dok duýarsyňyz. Öz gündelik iýmitiňizde miwelerdir ir-iýmişler, gök we bakja önümleriniň bolmagy möhümdir, olar iýmitiň gowy siňmegine ýardam edýär we bedeni saz işlemek üçin gerek bolan minerallar we witaminler bilen baýlaşdyrýar. Günde az-azdan iýiň, iýmiti howlukman, oňat çeýnäp iýiň. Hiç wagt ertirlikden ýüz öwürmäň. Ertirlikde iýilýän süle, ýogurt, miwelerdir ir-iýmişler bedendäki madda çalşygyna bahasyna ýetip bolmajak täsirini ýetirýär. Gök çaýy wagtynda içmeli. Onuň düzümindäki maddalar iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Her nahar taýýarlanýan mahalynda oňa duz goşulýar. Biziň köpümiz duzy gereginden artyk peýdalanýarys. Hakykatda welin, siz duzy peýdalanmagy üçden bir bölege çenli azaltmaly.
    Nahar iýlenden soň, arassa howada, ylaýta-da, agşamlyk gezelenç etmeli. Iýmitiňiz saglyk üçin howpsuz bolmalydyr we onuň öňüni alyp bilmegi her bir adam başarmalydyr.
    Bu näsaglygyň döremeginde pes fiziki işjeňlik hem birinji orny eýeleýär. Adam sagdynlygy saklamak hem-de semremezlik üçin wagtly-wagtynda beden maşklaryny ýerine ýetirmeli. Hereketleriň ýöremek, çäklenen ylgaw, suwda ýüzmek, trenažýorlarda maşklar, mellekde işlemek we şuňa meňzeş görnüşleri semizlikden ejir çekýänlere has gowy kömek berýär. Biziň iýýän iýmitimiz bedenimizi ýaşamagymyz üçin hökmany bolan energiýa bilen üpjün edýär we ony fiziki işjeňlik ýoly bilen ulanýarys. Eger ulanýan energiýaňyzdan köp energiýa berýän iýmit kabul edýän bolsaňyz, onda siziň agramyňyz artyp ugraýar. Umuman aýdylanda, sagdyn iýmitlenmek, kadaly düzülen gün tertibi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, bedeni yzygiderli taplamak ähli ýaşdaky adamlar üçin peýdalydyr.
    Ýatda saklaň! Artyk agramlyga garşy göreşde berhizlik iýmitleri, derman serişdelerini, beden maşklaryny her bir adamyň ýaşyna, bedeniň aýratynlyklaryna laýyklykda, diňe lukmanyň görkezmesi bilen ýerine ýetirmek maslahat berilýär.