Arkadagyň suw diplomatiýasy 

    dünýä halklarynyň geljegini nazarlaýar
    Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýar. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda suw we ekologiýa meseleleri esasy ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.
    Milli Liderimiz: “Suw meselelerinden peýdalanmak gönüden-göni ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseledir. Hususan-da, Merkezi Aziýada olaryň rejeli ulanylmagy biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginine täsir edýän kesgitleýji faktorlaryň biri hökmünde çykyş edýär” diýip, suw meselesini sebitleýin ösüşiň möhüm şertidigini belleýär. Bu umumy ýagdaýa düýpli täsir edýär hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň berjaý edilmegini, çynlakaý ekologiýa meseleleriniň çözgüdini şertlendirýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda sebitleýin ylalaşyk döwletleriň netijeli gatnaşyklary üçin ýeke-täk kabul ederlikli çözgüt bolup durýar. Türkmenistan şeýle çemeleşmä yzygiderli ygrarly bolmak bilen, Merkezi Aziýada suw we suw-energetika meselelerine halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň çygrynda garalmagyny we olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Şunda sebitiň ähli döwletleriniň gyzyklanmalarynyň hasaba alynmagynyň we oňa iri halkara guramalaryň gatnaşmagynyň wajyplygy göz öňünde tutulýar.
    Ýurtlaryň we halklaryň daşky gurşawa we suw serişdelerine aýawly çemeleşmek babatda durnukly ösüşi gazanmaga bolan aýgytly gadamlary 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky 17 global maksady we 169 wezipäni özünde jemleýän strategiýanyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň 14-nji maksady “Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini goramak we netijeli peýdalanmak” diýlip atlandyrylyp, onda deňiz gurşawynyň islendik hapalanmagynyň, şol sanda deňziň zibiller we iýmit maddalary bilen hapalanmagyny goşmak bilen, gury ýerde geçirilen işleriň netijesinde suw serişdeleriniň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün etmek ýaly meseleler göz öňünde tutulýar.
    2018-nji ýylda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Aral deňzini halas etmek meselesine aýratyn ünsi çekdi. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi dünýä bileleşiginiň goldawyna, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşmelere, aýratyn hem BMG-niň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagyna baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu mejlisiň çäklerinde “Ählumumy bähbitler ugrunda suwdan peýdalanmak: ýapyk deňizler babatda Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi” diýen iş maslahaty geçirilip, ol Araly halas etmegiň meselelerine bagyşlandy.
    2019-njy ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleri tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek” atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi suw serişdelerini goramak babatda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň 21 döwleti bu halkara resminamanyň kabul edilmeginde awtordaş bolup çykyş etdiler.
    Şeýle hem, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak uzak ýyllardan bäri sebitiň ýurtlaryny umumy maksada birleşdirýän derwaýys meseleleriň biri bolup durýar, çünki Hazar deňzi sebitiň döwletleri üçin halk hojalygy taýdan örän ähmiýetlidir. Hazarýaka döwletleri özüniň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakda deňziň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berýärler. Hazar deňzi uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna juda baýdyr. Geçen taryhy döwrüň dowamynda deňziň ekologiýa ulgamyny aýawly saklamak babatda birnäçe halkara resminamalara gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklamagy bu sebiti halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesine, giň maýa goýum, söwda-ykdysady we syýahatçylyk merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
    Türkmenistan ösüş baradaky pudaklaýyn milli meýilnamalary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda durmuşa geçirýär. Bu işleriň anyk mysaly hökmünde sebitiň iri taslamasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüni görkezmek bolar. Bu iri gidrotehniki desganyň gurulmagy möhüm ekologik we durmuş-ykdysady meseleleri köpugurly çözmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy Amyderýanyň hanasyna zeýkeş suwlaryny goýbermek arkaly derýa suwunyň hapalanmagynyň öňüni almaga, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde duz basyşyny peseltmäge, suwarymly topraklaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, Merkezi Garagumuň ozal zeýkeş suwlary arkaly suwa basdyrylan öri meýdanlaryny dikeltmäge, demirgazyk-günbatar Türkmenistanyň suwsuzlykdan kösenýän giňişliklerini suwlulandyrmaga ýardam edýär. 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi milli Liderimiziň bu iri taslamanyň gurluşygyny birjik-de ünsden düşürmeýändigini tassyklaýar.
    Hakykatdan-da, “Altyn asyr” Türkmen köli Aziýa yklymynda iň uly sähralaryň biri hasaplanýan Garagumda dörän täsin bir gudratdyr. Häzirki wagtda tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu ägirt uly desganyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär. Soňky ýyllarda bu ýerde geçirilen tebigy biologik işleriň netijesinde suw kadaly derejede arassalandy, onda birnäçe görnüşli balyklar peýda boldy. El bilen döredilen bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu kölüň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakdaky, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmekdäki, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdaky we azyk howpsuzlygyny durnukly üpjün etmekdäki, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdaky, täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmekdäki, şeýle hem sebitiň daşky gurşawyny goramakdaky we suw serişdelerine bolan zerurlygyny kanagatlandyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek.
    Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň suw diplomatiýasy tebigaty aýawly saklamaga, suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmaga, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar.