Bank siziň öýüňizde

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilýän köpugurly özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň işjeňlik derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere ýetmegine ähli amatlyklary döredýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
    Raýatlarymyzyň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bank hyzmatlaryndan ygtybarly we amatly şertlerde peýdalanmagy üçin elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça zerur şertler döredilýär. Sanly hyzmatlaryň hödürlenmegi bank hyzmatlaryndan peýdalanylanda, ykjamlygyň we amatlylygyň döremegine hem-de wagtyň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär.
    Menzilara bank hyzmatynyň maksady müşderilere banka barmazdan bank amallaryny amala aşyrmak mümkinçiligini döretmekdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere şu aşakdaky menzilara bank hyzmatlary hödürlenýär:
    ― «Internet-banking» hyzmaty bilen internete birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam telefondyr planşet arkaly oturan ýeriňden, gije-gündiziň islendik wagtynda bank amallaryny amala aşyryp bolýar;
    ― «Mobil-banking» hyzmaty «Internet-banking» hyzmatynyň ýörite mobil goşundysy arkaly ykjam enjamlar üçin niýetlenen görnüşi bolup, «Internet-banking» hyzmatynyň ähli mümkinçiliklerini özünde jemleýär;
    ― «Talyp tölegi» hyzmaty bilen bankyň resmi web-saýty ýa-da ýörite goşundysy arkaly ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuwlary üçin onlaýn görnüşinde tölegleri geçirip bolýar;
    ― «Jemagat hyzmatlary tölegi» bilen bolsa jemagat hyzmatlary üçin tölegleri öýden çykman, islendik wagt töläp bolýar.
    «Internet-banking» hem-de «Mobil-banking» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda tölegleri ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
    «Internet-banking» we «Mobil-banking» hyzmatlarynyň üsti bilen şu aşakdakylary ýerine ýetirip bolýar:
    ― karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanan göterimleri tölemek;
    ― «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk telefonlaryň hasabyny doldurmak;
    ― «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatlarynyň töleglerini geçirmek;
    ― «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary üçin tölemek (IP teleýaýlymlary, öý telefony, internet);
    ― bank kartynyň hasabyny görmek we hasap boýunça göçürmeleri almak;
    ― ýygy-ýygydan gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak. Mysal üçin, her aýda gaýtalanýan tölegler üçin töleg galyplaryny döretmek we tölegi geçirmegiň wagtyny tygşytlamak.
    Raýatlarymyza amatlylyk döretmek maksady bilen, biziň bankymyz tarapyndan «Internet-banking» ulgamynda banka barmazdan hasaba durmak (login we giriş açarsözüni almak) mümkinçiligi döredildi. Onuň üçin bankymyzyň web-saýtynyň üsti bilen ýörite setirleri soralýan maglumatlar bilen doldurmaly we bank siziň ykjam telefonyňyza logini we açarsözüni iberer.
    Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Talyp tölegi» we «Jemagat hyzmatlary tölegi» atly täze hyzmatlar işe girizildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplar indi okuw töleglerini banka barmazdan, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň web-saýtynyň üsti bilen amala aşyryp bilerler. «Talyp tölegi» hyzmatyndan peýdalanmak üçin, talyplar ulgama giriş üçin logini we açarsözlerini öz okaýan ýokary okuw mekdeplerinden alyp bilerler. «Jemagat hyzmatlary töleginiň» üsti bilen bolsa raýatlarymyz gaz, suw, elektrik togy ýaly jemagat hyzmatlaryna hakyky wagt tertibinde töleglerini geçirip bilerler. Bank tarapyndan şeýle hyzmatlaryň sanynyň mundan beýläk hem artdyrylmagy we olaryň geriminiň giňeldilmegi meýilleşdirilýär.
    Bulardan başga-da, müşderiler üçin SMS hyzmatynyň üsti bilen bank kartynyň hasabyny anyklamak we bank kartyny blokirlemek mümkinçiligi hem döredilendir. Mysal üçin, müşderi bank kartyny ýitiren halatynda banka barmazdan, oturan ýerinden dessine kartyny SMS üsti bilen blokirläp bilýär.
    Amallary menzilara geçirmeklik hem müşderilere, hem banklara bähbitlidir. Müşderiler gije-gündiziň islendik wagtynda we islendik ýerde internete birikdirilen kompýuteriň ýa-da ykjam enjamyň üsti bilen bank amallaryndan, banklar bolsa birbada ençeme müşderilere hyzmat etmek mümkinçiliginden peýdalanýar. Häzirki wagtda bu hyzmatlardan peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bank ulgamy dowamly kämilleşdirilýär we raýatlara täze bank hyzmatlary hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda alnyp barylýan işler raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagyna ýardam edýär.