Öz iliniň şahyry

    Ykbalyny Watan ykbalyna baglan ynsanlaryň ömri zyýada, durmuşy manylardan doly bol-ýar. Köňüldäki arzuwlaryň ganatlanyp, öz menziline ýetmegi, maksatlaryň myrada gowuş-magy üçin gursagyňda watançylyk söýgüsiniň köwsarlamagy zerur hasaplanýar. Şeýlekin söhbediň ýumagy çözlenende, düýn — 11-nji awgustda 80 ýaş ýubileýini bellän halypa şahy-rymyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň ömri we döredijiligi, ilki bilen, oýuňa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň halypa şahyra doglan güni mynasybetli ýollan Gut-lagynda hem nygtaýşy ýaly, ähli üstünlikleriň gözbaşynda watançylyk söýgüsi, öz ykbalyňy baglan käriňe bolan ygrarlylyk bar. Ýene-de Gutlagda şeýle sözler bar: «Watana bolan söý-gi iň belent söýgi hasap edilýär. Dünýäde uly-uly açyşlar, iň oňat işler Watan üçin edilýär. Iň ajaýyp sözler hem Watan, il-ýurt barada aýdylýar». Hawa, ussat şahyrymyz Gözel Şaguly-ýewa hem Watan hakynda iň ajaýyp sözleri diýmegi başardy. Ol sözler setirlere geçip, goş-gudyr poemalara, şygyr diwanlaryna öwrülip, okyjylaryň diňe bir kitap tekjelerinde däl, köňül töründen hem mynasyp orun aldy. Ine, hakyky sözüň, ajaýyp sözüň, mukaddes Wa-tan hakyndaky sözüň ykbaly şeýle bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýa-saty, döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine goýýan hormat-sarpasy halypa şahyryň bili-ne kuwwat, bugdaý sözüne hümmet berýär. Ylham bolup, şygyr bolup gelýän günler şahy-ryň ömrüne ömür goşýar. Muňa halypa şahyrymyzyň ýubileý toýy mynasybetli çap bolan «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly täze goşgular ýygyndysynda ýerleşdirilen şygyrlar bilen birlaý tanşan okyjy magat göz ýetirip bilýär. «Biz ýurdumyzda medeniýetimizi, sungatymy-zy, edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlara aýratyn hormat goýýarys» diýýän milli Liderimiziň saýasynda ýurdumyzda döredijilik wekillerine berilýän üns-alada, halypa şahyryň durmuş we döredijilik menzilleri dogrusynda onuň ýubileý senesi, «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly täze kitabynyň okyjylara gowuşmagy mynasybetli, düýn paýtagtymyzda geçirilen dabarada hem nygtaldy. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlary halypa şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Biz öz iliniň şahyry, döwrü-miziň waspçysy Gözel Şagulyýewa hakynda döredijilik wekilleriniň birnäçesiniň gutlag-gür-rüňlerini okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul hasapladyk.
    Atageldi GARÝAGDYÝEW,
    Türkmenistanyň halk artisti.
    — Men Gözel halypanyň döredijiligi bilen gaty öňden tanyş. Onuň gazet-žurnallaryň sahypala-rynda täze şygyrlarynyň peýda bolmagy meniň üçinem uly bir waka öwrülýärdi. Soň-soň bolsa şol ajaýyp şygyrlaryň özi meniň dünýäme şeýle bir ýakynlaşdy welin, halypanyň täze goşgularyna edil alys ýerlere giden ýakyn hossaryna garaşýan çaga ýaly garaşyp ugradym. Ine, hakyky ussat şeýle bolýar. Onuň döredijiliginde ynsanlar bilen ýakynlyk bar. Gahryman
    Arkadagymyzyň Gözel halypa bilen ýurdumyzyň iň bir mukaddes ýerleriniň birinde — paýtagty-myzyň Baýdak meýdançasynda didarlaşyp, gürleşip durşuny teleýaýlymda görenimde-de, şol ýa-kynlygy ýene bir gezek süňňümden geçiripler duýdum. Bu gün ony köp sanly ýaşlar, il içinde adygan şahyrlaryň hem ençemesi özüniň halypasy hasaplaýar. Bu barada Gahryman
    Arkadagymyzyň şahyra ýollan Gutlagynda: «Sizi bu gün ýurdumyzyň şygyr bilen iş salyşýan köp sanly ýaşlary, şeýle-de özleri halypalyga ýetişip, il içinde adygan şahyrlarymyz hem özleriniň ha-lypasy hasaplaýar. Munuň özi şahyr üçin uly mertebedir» diýip, örän jaýdar belleýär. Biz — sun-gat wekilleri milli Liderimiziň peşgeş eden ajaýyp döwründe halypa şahyra uzak ömür, joşgunly ylham arzuw edýäris.
                                        * * *
    Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
    Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
    — Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenista-nyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň şygyrlary hormatly Prezidentimiziň halky-myza bagyş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten täze belentligi diýsek, ha-kykata laýyk bolardy. Çünki ussat şahyrymyz Gözel Şagulyýewa şygyr dünýäsinde mazmun taý-danam, forma babatda-da öz ýoluny, öz ýüzüni tapmagy başaran halypa. Onuň şygyrlary tematiki örüsiniň giňligi bilen, dürli öwüşginli owazlara baýlygy bilen uly aýratynlyga eýedir. Şahyryň şy-gyrlarynyň içinden segsen ýyllyk örän kämil ruhy ahwalatlar geçip gidýär. Muňa şahyryň täze ne-şir edilen «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly kitabynda ýerleşdirilen goşgularyny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Şygyrlardaky ahwalatlarda ussat halypanyň şatlygy, gaýgysy, buýsanjy, iň esasysy bolsa, şygryýete nusgalyk beýik ykbaly jemlenendir. Şahyryň liriki gahrymany durmuşyň ähli kynçylyklaryndan başarjaňlyk hem eserdeňlik bilen geçmegi başaryp bilýän, ýanbermez ruhy dünýäli, kämil şahsyýet. Gözel Şagulyýewanyň şygyrlarynyň ruhy ahwalatlary ulalyp-ulalyp, soň-ra halkyň ykbalyna, Watanyň buýsanjyna, milli Liderimiziň ýürek söýgüsine öwrüldi. Şonuň üçin ussat halypanyň şygyrlary öz ähmiýetini hem gymmatyny hiç haçan ýitirmez. Gaýtam, altyn-küm-şe meňzäp, barha reňk açar. Çünki ol dünýä, ýokary hyjuwly poeziýa şu belentlige göterilmäge ukyply. Gözel Şagulyýewa öz poeziýasy bilen ýaşytdaş. Çünki ol bütin ömrüni türkmen edebiýa-tynyň gülläp ösmegine bagyş etdi hem-de Gahryman Arkadagly ajaýyp döwrümizde islegli men-ziline-de ýetdi. Halypa şahyrymyzyň ýubileýine bagyşlap geçirilen dabara, täze kitaplaryň tanyş-dyrylyşy milli Liderimiziň ähli ýazyjy-şahyrlara goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Bu biziň kalbymyzy joşdurdy.
    Käte şugla bolup, käte şamçyrag,
    Her eseriň Arkadaga şan-çyrag,
    Dünýä berdiň ençe aýdym, kän şygar,
    Ömrüň uzak bolsun, Gözel halypa!
    Her setiriň döwrüň göwün şadynda,
    Alkyşyň kän Arkadagyň adynda,
    Baky ýaşa jümle-jahan ýadynda,
    Ýaşyň uzak bolsun, Gözel halypa!
                                        * * *
 
    UZAK ÝAŞAŇ, HALYPA!
    Döwrüň şygyr asmanynyň güneşi,
    Mähir şuglasyny ýaýyp durandyr.
    Goşgy bolup ýylgyryşy-gülüşi,
    Setirler uçuşyp-gaýyp durandyr.
    «Watan» diýip ýazyp, gujak germäge
    Heserli, hesretli asal söz bolup,
    Görkli günleň gözelligin görmäge
    Gelendir ol duýgy doly göz bolup.
    Şygyr diýip, näzik hesrete batar,
    Heserden ýol tapar täze tarypa.
    Ýeňişli menzile söz bilen ýeter,
    Sözi bilen Gahrymandyr halypa.
    Synagly ýyllardan beýandyr ömri,
    Söz bilen baýramlaň boýun ýetiren.
    Berkarar döwletiň bagtyýar döwri
    Arzuwlary ak ýollara getiren.
    Ak bedewde geler ylham melegi,
    Arkadagyň wasplaryna baş bolup.
    Poeziýaň urup duran ýüregi,
    Ýaşaýandyr aýdym bolup, tans bolup.
    Günleriň eşretin öňden syzýandyr,
    Döwrümize şygyr joşly heň berip.
    Asmanyň aýdymyn ýerde ýazýandyr,
    Kompozitor kibi pessaý hiňlenip.
    Goşgular düýşüdir oýaka görýän,
    Oraşandyr halypanyň düýşleri.
    Şahyr gursagynda ýaş ýürek urýar,
    Ylham berýär Arkadagyň işleri.
    Behişt ýurda bakdyň şahyr göz bilen,
    Şygyrlaň edebi serpaýdyr halka.
    Arkadagyň waspyn edip söz bilen,
    Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň, halypa!
    Seýitmyrat GELDIÝEW.
                                        * * *
    Nowruz GURBANMYRADOW,
    «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy, şahyr.
    — Uly şahsyýetleri döwür döredýär. Türkmeniň şeýda bilbili Gözel Şagulyýewa hem döwrüň, ajaýyp zamananyň döreden uly şahsyýeti. Şahyryň döredijiligine ser salsaň, häzirki eýýamyň keş-bini dolulygyna görmek bolýar. Şahyr döwrüň islendik meselesini alsa-da, oňa özüçe öwüşgin berýär, täze derejelere göterýär. Özem diňe bir şahyrlyk zehinine däl, eýsem baý tejribesine, çe-perçilik joşgunyna daýanýar. Söz sungatynyň kämilligine, beýan edilişiniň täzeçilligine, joşgunly owazyna üns berlip döredilen eserleriň gadyram başga, gymmatam. Şahyr öz döwrüniň ruhunyň neneňsidigini, adamlaryň nähili howadan dem alýandyklaryny, olaryň her bir işe yhlasynyň näde-rejededigini, maksatlaryny beýan etmegi aňryýany bilen başarýar. Gözel halypanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin nusgada neşir edilip, okyjylara hödürlenen «Ak gülleriň — ak ýolum», «Belentligiň asman-zemin arasy», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Göwün otyr Aý içinde», «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly diwanlarynda nusgalyk derejedäki eserleri toplanandyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şahyra ýollan Gutlagynda hem örän jaý-dar belläpdir. Milli Liderimiziň bu Gutlagy türkmen edebiýaty, ýazyjy-şahyrlar üçin aýratyn tol-gundyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiz: «Edebiýat meýdanynda öz ýoluny tapan şahyr hökmünde ykrar edilmek söz sungaty bilen iş salyşýan adam üçin iň belent mertebedir, hormatly derejedir» diýip, halypa şahyrymyzyň döredijiligine mynasyp baha berýär.
    Gahryman şahyrymyzyň eserlerinde döwrüň ähli meseleleri gozgalyp, ýokary çeperçilik bilen be-ýan edilýär. Ony döreden şahyr bolsa şu döwrüň nusgawy şahyrydyr. Biz — «Edebiýat we sun-gat» gazetiniň işgärleri, ýagny halypa şahyrymyzyň kärdeşleri bolup, «Biziň iliň şahyrydyr bu şa-hyr» atly kitaby hem çapa taýýarladyk. Şol kitap üçin maglumatlary ýygnanymyzda, halypa kär-deşimize döredijiliginiň irki döwürlerinde hem edebiýatymyzyň sütün-sütün halypalary tarapyn-dan uly baha berlendigine göz ýetirdik. Ol kitap hem şahyryň ýubileý senesine gabatlanyp, okyjy-lara gowuşdy.
    Döredijilik işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet, sungat, edebi-ýat ulgamlaryna berýän üns-aladasy üçin sagbolsun aýdyp, halypa şahyryň döwet galamynyň el-mydama ýiti bolmagyny arzuw edýärin.
    Her sözüne basym berip, jan berip,
    Her setiri yhlas bilen gandyryp,
    Kalba girýär gam-gussaňy tändirip,
    Aşyk göwünleriň dogasy, Gözel!
    Arkadagly döwrüň şirin saýragy,
    Egsilmez hyrujy, zehin ýaýrawy,
    Gutly bolsun doglan günüň, baýramyň,
    Berkarar döwletiň zybasy, Gözel!
                                        * * *
    Seýitmämmet HYDYROW,
    şahyr.
    — Şahyr söz bilen iş salyşýar. Oňa ykbalyny baglaýar. Söz bilen döwrüniň suratyny çekýär. Ruhy terjimehalyny ýazýar, beýan edýär. Biz munuň şeýledigini Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şa-gulyýewanyň mysalynda-da görýäris. Ol tutuş ömrüni söze siňdiren şahyr. Duýgusy, pikiri, söý-güsi, begenji, gaýgy-gussasy... söze siňen şahyr.
    Gözel halypanyň çykyş eden ýygnaklaryna kän gatnaşyp gördüm. Bir sapar ýazyjy-şahyrlaryň uly ýygnagynda edebiýat ummanynda her bir ýazyjy şahyr üçin orun bardygyny aýtdy. Hakykatdan-da şeýle. Halypa şahyr ony öz durmuşy, döredijiligi bilen, ýaşaýyş terzi bilen mesaňa edip görkez-di. Öz ornuny hiç kime bermedi, hiç kimiň ornuna-da gözüni aýlap ýörmedi.
    Şahyr diýilýän üçin dünýe maly gerek däl. Ýagşy söz gerek, sözüne pitiwa berleni gerek, diňlene-ni gerek. Sebäbi şahyryň sözünde döwürdeşleriniň aň-akabasy dolup-daşýar, ruhy dünýäsi ganat kakyp pelpelleýär. Gözel Şagulyýewa ömür berdigi söz barada şeýle diýýär:
    «Mylaýym söz dünýäň düýbüni, dünýäň durkuny tämizleýän durulykdyr.
    Mylaýym söz — ýaşamakdyr, ýaşatmakdyr.
    Mylaýym söz — ulyny çaga mysala ýetirýän, päkize hala getirýän güýçdür, gudratdyr.
    Mylaýym söz — mahmal eller bilen başyňy sypaýan mähirdir. Ýok, ol başyňy däl, ýüregiňi sypa-ýan muhabbetdir, medetdir, merhemetdir».
    Men bu setirleri şahyryň «Ak gülleriň — ak ýolum» atly kitabyndan aldym. Şol mylaýym söz bu gün oňa ömür berýär, ylham berýär. Şol mylaýym söz bu gün şahyryň adyna ähli ildeşlerimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zybanyndan çykýar.
    Beýik Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza, ýurdumyzyň mertebesini, at-abraýyny täze belentliklere göteren eşretli eýýamymyza, ildeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünliklerine buýsanç onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr halk, Watan, döwlet Baştutany bilen bir jan, bir tene öwrülende, döwrüniň gözi, gulagy hasaplanylýar. Döwrüniň wakalaryny, adamlaryň ruhy ahwallaryny çeper hakykata geçirýär. Bagtyýarlyk döwrümizde şu nukdaýnazardan pikir ýö-redeniňde, Gözel Şagulyýewa ilkinji bolup göz öňüňe gelýär.
    Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesiniň bagtyýar il-ulsumyz bolup, Gahryman Ar-kadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip belleniljek «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýy-lynda segsen ýaşy arka atan juwan joşgunly şahyrymyza tüýs ýürekden üstünlik arzuw edýäris.