Bitaraplygyň ýalkymy

    Çärýek asyr mundan öň senenamanyň 12-nji dekabr senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň ýüzlerçesiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnama kabul edildi. Şol Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul edilmegi mertebesi belent Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpugurly daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip resmi taýdan yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ynha, seneleriň uzyn hatary. Indi bu hatara «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly hem goşuldy. Muňa türkmen Bitaraplygynyň senenamasy diýsek hem, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.
    Häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, dostanalygyň, raýdaşlygyň mekany hasaplanylýan hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleriniň arasyndaky abraýy, meşhurlygy has-da artýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz ençeme ýurtlar bilen ysnyşykly, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Munda oňyn maksatlardan ugur alýan daşary syýasatymyzyň netijeliligi äşgär hakykat hökmünde orta çykýar. Çünki türkmeniň Bitaraplygy-da öz gözbaşyny halkymyzyň edim-gylymyndan, hüý-häsiýetinden, medeni mirasyndan, däp-dessuryndan alyp gaýdýar. Şonuň üçin-de, ýurdumyzyň daşary syýasy ugry hem-de onuň esasy ýörelgeleri milli bähbitlerimize, Milletler Bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, BMG-niň Tertipnamasyna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge sazlaşykly çemeleşmä kybap gelýär. Olaryň hataryna parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewüligini hormatlamak, harby dawalara, bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly ýörelgeler degişli bolup durýar.
    Häzirki wagtda esasynda hemişelik Bitaraplyk derejämiz durýan köpugurly daşary syýasatymyz hem-de milli diplomatiýa ynanyşmak, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak ýaly oňyn däplere esaslanýan gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär. Şeýle hem ylalaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermek, tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, sebitde we onuň çäklerinden alyslarda bar bolan meseleleri çözmek üçin syýasy giňişligi hödürlemek arkaly ählumumy işlere doly gatnaşmagynda Türkmenistanyň işjeň ugry ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýerýär, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine örän jogapkärli çemeleşmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary ileri tutýar. Hemişelik Bitaraplygymyzy alanymyzdan bäri arka atylan çärýek asyr wagtyň dowamynda, gör, näderejede uly üstünliklere, şöhratly menzillere ýetilipdir. Durmuşa geçirilen asyrlara barabar işler bu gün has-da aýdyň görünýär.
    Ynha, şu zatlar dogrusynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna ýokary taýýarlykly, joşgun-hyjuwly barylýan günlerde söhbet etmek has-da ýakymly.
    Hawa, türkmen Bitaraplygy diňe bir öz ýurdumyzyň däl, eýsem bütin dünýäniň syýasy durmuşyna oňyn täsirini ýetiren wakadyr. hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmaty şonuň üçin-de beýikdir. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bütin adamzat ähmiýetli beýik başlangyçlaryň dünýäň ýüzünde ýol alýandygyny hem şunuň bilen baglanyşdyrasymyz gelýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi bolsa munuň iň ýakyn mysallarynyň biri hökmünde hakydamyza dolýar. Türkmen, ynha, şeýdip dünýä çykýar.
    Bir söz bilen aýtsak, Bitaraplyk ýoldur. Ol ýol parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, raýdaşlyk hem-de ynanyşmak ýaly häsiýetler bilen dünýä halklarynyň ýüregine tarap uzaýar. Bu ýolda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bize diňe üstünlikler, abadançylyk hem-de ösüş garaşýar. Munuň şeýle boljakdygyny geçmişimiz — aýdýar, şu günümiz — düşündirýär, geljegimiz bolsa kalplarda synmaz ynam döredýär. Ak ertirlere batly gadamlar bilen barýan hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşli menzillere ýetirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, döwletli tutumlary hemişe täze rowaçlyklara badalga bolsun!